Amul — Hazar 2018
20.09.2018 | “Amul - Hazar” – Türkmenistanyň täze sport nyşany
Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.
18.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijilerine we gatnaşyjylara baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine – baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de ýaryşa gatnaşan türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi.
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
14-nji sentýabrda «Amul — Hazar 2018» rallisine gatnaşyjylar iň soňky «Sport Meýdançasy» diýlip atlandyrylan düşelgä geldiler. Bu düşelge Türkmenistanda sportuň işjeň ösdürilýändigini, raýatlaryň beden saglygynyň berkidilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini alamatlandyrýar.
13.09.2018 | Ralli-reýde gatnaşyjylar “Altyn asyr” Türkmen kölüne geldiler
13-nji sentýabrda “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar üçünji duralga — Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn asyr” Türkmen kölüne geldiler. Ýaryşa gatnaşyjy toparlar “Altyn asyr” Türkmen köli” düşelgesine tarap ugrap, alaňlar we takyrlar köp bolan ýaryş ýoly boýunça 236 kilometr geçdiler.
12.09.2018 | “Amul — Hazar 2018”: “Garagum ýalkymy” myhmanlary garşylaýar
12-nji sentýabrda ir bilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisine gatnaşyjylar öz ulaglarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş çäginiň golaýynda ýerleşýän «Mary» düşelgesinden çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň badalga aljak ýerine tarap ugradylar.
11.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy
Şu gün Lebap welaýatynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy.
10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.
10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlarynyň açylyş dabarasynda eden ÇYKYŞY
Ine, biz şu gün “Amul — Hazar 2018” ady bilen geçirilýän halkara derejesindäki sport baýramçylygyny geçirýäris. Türkmen topragynda guralýan ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen türgenlere we beýleki myhmanlara “Hoş geldiňiz!” diýip ýüzlenýäris.
10.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň hormatyna
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary bilen geçýän ýylyň şanly wakalarynyň biri «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berilmeginiň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş ýadygärlik teňňeleri goýberdi.