Sport

Sport

17.01.2021 | Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.


04.11.2020 | Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy.


23.10.2020 | 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berlişine görä, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy, bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


18.10.2020 | Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.


29.09.2020 | «Altyn asyr» topary — futbol boýunça Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň alty gezek eýesi

Şu gün paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogyny almak ugrunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň we “Ahal” toparynyň arasynda bäsleşik geçirildi.


12.02.2020 | Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi.


11.02.2020 | Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala mynasyp boldy.


10.02.2020 | Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary

2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty («Tokio 2020» Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş) geçirilýär. Bu ýaryşlara 37 döwletden türgenler gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bu ýaryşlarda 8 türgen çykyş edýär.


06.12.2019 | Futzal: Aziýa çempionaty — 2020-niň bije atyşlygy geçirildi

Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda geljek ýylyň 26-njy fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi.


17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýman oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter