Medeniýet
16.02.2018 | Mary we Lebap welaýatlaryndaky halkara çäreleri baý medeni maksatnama bezär
23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada Hökümetiň mejlisinde B. Abdyýewa habar berdi.
09.02.2018 | Eýranyň Medeniýet günleri sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti dabaranyň jemleýji çäresi boldy.
09.02.2018 | Türkmenistan UNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
07.02.2018 | Aşgabatlylar Mikelanželo Merizi de Karawajonyň eserleri bilen tanşarlar
Paýtagtyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy bilen boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky Italiýanyň Ilçihanasy gurady.
07.02.2018 | Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açyldy
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular.
02.02.2018 | Fewralda türkmenistanlylar Karawajonyň we eýran medeniýetiniň eserleri bilen tanşar
Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynda meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň saýlanan eserleriniň sergisi bar. Bu sergi 7-25 –nji fewral aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
02.02.2018 | Medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
31.01.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Medeniýet ulgamy
2017-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň her ýyly baý mazmunly we täsirli şygarda öz beýanyny tapýan jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuga bagyşlamak däbi esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemläp, yzygiderli dowam edýär.
24.01.2018 | Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar.
12.01.2018 | 24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler
Hökümetiň mejlisinde döredijilik çäresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer A. Garajaýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.