Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.12.2020 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

<b>Siziň Alyhezretiňiz! </b> Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, men ynamyma mynasyp bolan jenap Han Wali Han Başarmaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.


15.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


14.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.


13.12.2020 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


13.12.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.


12.12.2020 | Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy

Şu gun paýtagtymyzda“Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


12.12.2020 | “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” Halkara maslahatynyň jemleýji resminamasy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde guralan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar,


12.12.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara maslahatda eden çykyşy

Öňi bilen, sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisinde mübäreklemäge rugsat ediň. Size bu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça öz çemeleşmelerim, tekliplerim we garaýyşlarym boýunça pikir alyşmaga taýýardygymy mälim edýärin.


12.12.2020 | Aşgabatda sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy

Şu gün Döwlet medeniýet Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.


12.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün agzybir we beýik başlangyçlary bolan yhlasy bilen bir maksada gulluk edýän türkmen halky döredijilik ýokary göterilişi hem-de biimöçber buýsanç duýgulary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly seneleriniň biri bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny giňden dabaralandyrýar.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter