Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.06.2020 | Türkmen-Tatarstan hyzmatdaşlygy boýunça iş toparynyň onlaýn-mejlisi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Annamuhammedow Türkmen-Tatarystan yksysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň başlyklarynyň biri - Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen onlaýn-gepleşikler geçirdi.


04.06.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


04.06.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi.


04.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda


04.06.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň baş redaktory Annamyrat Çaryýewiç Geldyýew bu teleýaýlymyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


04.06.2020 | Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.


04.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmelerde gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de onuň geljegi baradaky meseleler girizildi.


03.06.2020 | Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.


03.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

ªu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.


03.06.2020 | Türkmenistanyň ilçihanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri geçirdiler

2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähinde welosiped bäsleşigi geçirildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter