Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.12.2020 | Resmi habarlar

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky degişli şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.


21.12.2020 | Türkmenistanda öndürildi: okuw, iş, işewürlik üçin IT önümleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar ulgamyny hem-de elektron senagatyny ösdürmäge itergi berdi.


21.12.2020 | “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


21.12.2020 | Türkmenistanyň birinji synp okuwçylaryna Täze ýyl mynasybetli kompýuterler gowşuryldy

Şu gün paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.


21.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


20.12.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Ilamanow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesinden boşadyldy.


20.12.2020 | Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi jemlendi

Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.


19.12.2020 | Resmi habar

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda”göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.


19.12.2020 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.


18.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Şawkat Miromonowiç! Hormatly döwlet Baştutanlary!



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter