Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.


30.06.2020 | BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goldaw bermäge taýýar

BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi.


30.06.2020 | Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Orak möwsüminiň netijeleri ekerançylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşandy hem-de şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine mynasyp sowgady boldy.


29.06.2020 | Halkymyzyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter