Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.01.2021 | Türkmenistanyň Gazagystandaky täze ilçisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Rejepow Batyr Durdymuratowiç Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik derejäsi bilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi wezipesine bellenildi.


01.01.2021 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


01.01.2021 | TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY

Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar.


01.01.2021 | Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.


31.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.


30.12.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.


30.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda


30.12.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan edildi.


30.12.2020 | TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.


30.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter