Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.10.2020 | Ygtybarly immuno-öňüni alyş çäreleri ilatyň saglygyny goramagyň kepilidir

Raýatlara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.Immuno-öňüni alyş çäreleri waksinalar arkaly täsir edilýän ýokanç keseller babatynda epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň möhüm serişdesidir.


05.10.2020 | Türkmenistan — ÝUNISEF: saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýörite maslahat geçirildi.


05.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşdäki nobatdaky duşuşyk

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.10.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de oba hojalyk gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


04.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.


03.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri hytaý dilinde çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi.


03.10.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda, onuň düzümi bölekleýin täzelenildi.


03.10.2020 | DIM-de Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.


03.10.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy.


02.10.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter