Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.10.2020 | Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.


17.10.2020 | Senagat we gurlluşyk önümçiligi ministrtiniň Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşygy boldy

Şu gün Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.


17.10.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.


16.10.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


16.10.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Karary tassyklanyldy.


16.10.2020 | Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.


15.10.2020 | Türkmen-hytaý söwda-ykdysady hzymatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komitetiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçesiniň VI mejlisi boldy. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysadygy gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow, hytaý wekilýetine HHR-yň telekeçilik minisitriniň orunbasary we halkara söwda gepleşiklerinde HHR-yň wekiliniň orunbasary Ýuý Szýanhua ýolbaşçylyk etdiler.


15.10.2020 | Webinaryň temasy – medeni mirasy öňwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady.


15.10.2020 | Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri özara gatnaşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün «Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


15.10.2020 | Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Toparynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter