Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.10.2020 | «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyş abarasyna gatnaşyjylara

Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilen «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!


30.10.2020 | «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy

Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.


30.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.


30.10.2020 | Türkmenistanda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.


30.10.2020 | Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edildi

«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy.


30.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emomali Rahmona onuň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


29.10.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


29.10.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


29.10.2020 | DIM-niň ýolbaşçysy BMG bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça onlaýn-duşuşyk geçirdi

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-niň gurluş düzümleriniň we halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.


29.10.2020 | Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter