Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.11.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


25.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Şonda türkmen tarapyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk baştutanlyk etdiler. Duşuşyga şeýle hem iki dostlukly ýurduň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


25.11.2020 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Seul şäherinde geçirilen 2020-nji ýylyň Demirgazyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna Siziň wideoýüzlenmäňiz bilen doly ylalaşýaryn. Şol ýüzlenmede Siz Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadyňyz. Siziň goldaw bermegiňiz netijesinde, forum COVID-19 pandemiýasyna garamazdan üstünlikli geçirildi.


24.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


24.11.2020 | Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.


24.11.2020 | Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylara

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara


24.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.


24.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däp-dessurlaryna eýerip hem-de Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020-2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, azyk, dokma we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsyz bermek tabşyryldy.


23.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.


23.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter