Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


30.11.2020 | Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ylymyň ornuny ýokarlandyrmak, dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, täzeçil usullaryny hem-de ylmyň gazananlaryny peýdalanmagy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň hünärmenleri ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dürli önümleriň we serişdeleriň öňümçiligini ýola goýmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýarlar.


30.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde medeniýet ministrliginiň wekilleri Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň wekilleri syýahatçylyk pudagyny täzeden dikeltmäge bagyşlanylan Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


29.11.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.


29.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.


28.11.2020 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.


28.11.2020 | Türkmenistanyň we Owganystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.11.2020 | Türkmenistan-Germaniýa: saglygy goraýyş ulgamynyň täzeçil usullary ösdürilýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan ýurdumyza gelen saglygy goraýyş hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň lukmanlaryna Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory diýen atlary bermek dabarasy boldy.


27.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň lukmançylyk toparlarynyň wekilini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi.


27.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter