Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.12.2020 | Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köp sanly artistleri gatnaşdylar.


01.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


01.12.2020 | Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri guradylar.


01.12.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:


01.12.2020 | Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi açyldy

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy.


30.11.2020 | «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň hoşniýetli energetika diplomatiýasyna bagyşlanan «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


30.11.2020 | Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergä gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda parahatçylygyň hem-de asudalygyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlanan bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin!


30.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi.


30.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


30.11.2020 | Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ylymyň ornuny ýokarlandyrmak, dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, täzeçil usullaryny hem-de ylmyň gazananlaryny peýdalanmagy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň hünärmenleri ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dürli önümleriň we serişdeleriň öňümçiligini ýola goýmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýarlar.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter