
Şeýle hem okaň
20.12.2020 | Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi jemlendi
04.12.2020 | Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
02.12.2020 | Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
03.11.2020 | Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni diplomatiýa
02.11.2020 | ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi
30.10.2020 | «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden düzülen wekilçilikli topar asylly däbe görä türkmen halkynyň beýik ogullary –nusgawy şahyrlar Magtymguly we Döwletmämmet Azadynyň baky aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady.
Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan zyýarytyň birinji güni zyýaratçylar beýik şahyryň watany Magtymguly etrabynyň merkezine geldiler. Beýik şahyryň hormatyna dikeldilen medeni-ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň arasynda Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar beýik Pyragynyň ýadygärligine we döredijilikleri milli mirasymyzyň bahasyz gymmatlygy bolan Keminäniň, Mätäjiniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Magrupynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen toplumyň etegine gül desselerini goýdular. Magtymguly Pyragynyň muzeýinde wekiliýetiň agzalary şahyryň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän seýrek duş gelýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Ertir watandaşlarymyz Eýranyň Gülüstan welaýatyndaky nusgawy şahyrlaryň baky aram tapan ýerinde geçiriljek çärelere gatnaşar. Şol ýerde milli dessurlara laýyklykda aýat-töwir okalar. Türkmen halkynyň beýik ogullaryny hatyralap, zyýaratçylar şol gün Türkmenistana dolanarlar. Syýaratçylaryň hatarynda medeniýet işgärleri, alymlar we mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri, ýaşulular bar.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün