Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy.

Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 908 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 984 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 2 million 405 müň manatlykdan gowrak mäş hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter