Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip | TDH
Syýasat habarlary

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip

 

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli düzümleýin taslamalara Ýewropa bankynyň gatnaşmagynyň geljegine garalmagy duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen brifing geçirildi.

Ilçi geçen ýyl bellenilen şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň ähmiýetini nygtady.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda goýlan bitaraplygyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryna ýokary baha berdi. Şolar umumy dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär, sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa Drozd 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň altysynda çap edilendigini aýratyn belledi.

Bu resminamada BMG-ä agza döwletleriň ählisine işjeň bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmaga ýardam bermek, parahatçylygy we özara düşünişmegi saklamak boýunça bitarap döwletleriň halkara tagallalaryndan netijeli peýdalanmak maslahat berilýär. Şeýle hem şu maksatlar bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny işjeň peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn nygtalýar. Bu bolsa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biridir.

Merkeziň ýolbaşçysy halkara gatnaşyklarda islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullary giňden ulanmagyň örän wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryny hem-de bu ugurda görülýän yzygiderli anyk çäreleri goldap çykyş etdi.

“Aşgabat resminamasynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini mübärekleýändigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir, çünki topar halkara syýasy hyzmatdaşlygy gowulandyrmak maksady bilen, bitaraplygyň mümkinçiligini peýdalanmak boýunça deňhukukly gatnaşyklary goldamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edip biler” diýip, hanym Natalýa Drozd aýtdy. Şeýle hem ol bu resminamanyň Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň mundan beýläk-de bilelikde işlemegi üçin ugur görkeziji bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Brifingiň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň başyny başlap, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy tagallalara ýardam bermek maksady bilen, bitaraplyk derejesini peýdalanmak borjuna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter