Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Syýasat habarlary

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

 

Siziň Alyhezretiňiz!

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Oňa mahsus bolan ýokary şahsy häsiýetleri özüniň ýokary wezipesini ýerine ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň hormat-sarpasyna hem-de ynamyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Italiýanyň adyndan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn hem Size meniň adymdan hem-de italýan halkynyň adyndan hakyky dostluk baradaky ynandyrmalary hem-de Size we Siziň halkyňyza rowaçlyk baradaky arzuwlary ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostluk arzuwlary bilen,

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter