Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürýär

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde wajyp resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.

Halkara guramalar we daşary ýurt kompaniýalary bilen, şol sanda onlaýn görnüşde gol çekilen Ähtnamalaryň, Ylalaşyklaryň we iş meýilnamalarynyň 18-siniň hem obasenagat toplumynda özara peýdaly uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilendigini bellemeli.

Giň möçberli forumyň ikinji güni milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan obasenagat toplumynyň ýeten derejesine we geljekki ösüşine bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan pudagyň mümkinçilikleriniň we girdejililiginiň ýokarlandyrylmagyna, önümçilik möçberiniň hem-de dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň eksport ugrunyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler Diýarymyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda köpugurly özgertmeleriň, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we köpugurly esasda ösdürmegiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Ýurdumyzda ekerançylygyň, maldarçylygyň, guşçulygyň, tohumçylyk işiniň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş işleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, şahsy taraplara we ýurdumyzyň raýatlaryna bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek şerti bilen 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer böleklerini bermek hakynda gol çeken Karary pudaga hususy telekeçileri giňden çekmekde möhüm ädime öwrüldi.

Amala aşyrylýan çäreler obasenagat toplumyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa nukdaýnazaryndan ýer hem-de suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, iň esasy bolsa oba ýerlerinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine we pudakda hususyýetçiligiň paýynyň artmagyna kömek eder. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde ähmiýetlidir.

Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri täzeçil esasda çözülýär. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň Diýarymyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Bularyň ählisi işleriň hilini gowulandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we netijede, ýokary hasyl almak üçin oňyn şertleri döredýär.

Pudagy özgertmegiň hem-de täzeçil esasda döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň, iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça öňe süren Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler Diýarymyzda unuň, çörek we çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök hem-de bakja önümleriniň mukdarynyň ýyl-ýyldan köpelmegini üpjün edýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini, baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Bu gün howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şolaryň çäklerinde Diýarymyzda tebigaty goramak, biodürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gök zolaklary döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan zeý suwlary bir ýere ýygnamaga niýetlenen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ozal şor suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna akdyrylýan bolsa, indi Türkmenistan sebitde ilkinjileriň hatarynda bu usuldan el çekip, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň oňat nusgasyny görkezýär.

Häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň çözülmeginde aýratyn orun eýeleýän türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýleki abraýly guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerindäki netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrýar we giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de beýleki halkara maslahatlarda Türkmenistan daşky gurşawy goramak, suw we energetika serişdelerini gorap saklamak, azyk howpsuzlygyny berkitmek, Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa meseleleriniň çözgüdine, Hazaryň ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagyna toplumlaýyn çemeleşmek meseleleri boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürdi.

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklipler bar.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň möhüm agentlikleri hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemek gerek.

Bu gezekki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen tarapyndan bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de energetika ministrleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gol çekdiler.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyndan başga-da, birnäçe taslamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek”, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” ýaly ugurlar bar.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti öz gezeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen “Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen resminamalara gol çekdi. Soňky ýyllarda bu düzümler bilen özara ylalaşmak esasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Şeýle hem türkmen tarapy beýleki hyzmatdaşlar, hususan-da, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), “Valmont Industries, Inс”, “Valey” we “JСB Sales Limited” daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ylalaşyklara hem-de Ähtnamalara gol çekdi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen HHR-iň Atçylyk assosiasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Jokeý klubynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga, Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň toplumy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň möçberli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny görkezdi. Şolar bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamalar amala aşyryldy, geljekde bolsa Diýarymyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy saklamak we goramak boýunça wajyp taslamalar durmuşa geçiriler. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Halkara serginiň ikinji gününde geçirilen çäreler bu ugurda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyna güwä geçdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Türkmenistanyň gözel tebigatyny, ekologiýa ulgamyny gorap saklamak durnukly ösüşiň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat, halkara guramalaryň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny we suw hojalygy enjamlaryny öndürijileriň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşyklar, maslahatlar bu ugurda alnyp barylýan işleriň ilerleýändigini görkezdi.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter