Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümlerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, sowuk howanyň aralaşmagy bilen ýyladyş ulgamynyň degişli ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Diýarymyzyň baş şäherinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly we toplumlaýyn hem-de uzakmöhletleýin esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Paýtagtymyz özüniň ýokary derejesine laýyklykda nusgalyk derejede bolmalydyr, munuň özi, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamynyň işini, şeýle hem paýtagtymyzyň energiýa we tebigy gaz üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştanymyz şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmegi tabşyryp, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzümleriniň işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we täzeçil usullaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ekologiýa abadançylygy barada aýtmak bilen, gök zolaklary döretmek we ekilen bag nahallaryna degişli ideg işlerini guramak maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gurulýan desgalaryň ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyny we oňa özboluşly döwrebap binagärlik öwüşginini çaýmalydygyny belledi. Paýtagtymyzyň gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarynyň taslamalary taýýarlananda ýaşaýyş-durmuş, ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümler we gök zolaklar göz öňünde tutulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabaty diňlenildi. Häkim sebitde alnyp barylýan işeriň ýagdaýy, galan pagta hasylyny ýygnamak, güýzlük ak ekinlere ideg etmek boýunça ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetrilýän işler, ýerleri we tehnikany nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, ilaty ýylylyk, gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagynyň, obasenagat toplumynda ylmy taýdan esaslanlandyrylan serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň netijeli herekete girizilmeginiň, şol sanda suwdan rejeli peýdalanmagyň usullarynyň, bu pudakda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ulanylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek maksady bilen, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Şeýle hem ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ekinleriň, ýeralmanyň we beýleki azyk önümleriniň gysga möhletde ýygnalyp alynmagyna üns berilmelidir. Milli Liderimiz geljek ýylyň hasyly üçin gök ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek, ilatyň gök önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak babatda häkime birnäç anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde onuň mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga, milli ykdysadyýetmiziň binýatlaýyn pudagyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilen wajyp hem-de jogapkärli wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi.

Pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de hasyllylygyny artdyrmak, bazar ganaşyklarynyň gurallarynyň netijeli ornaşdyrmak hem-de telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek wezipeleri möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerinden ugur alyp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeň durmuşa geçirmek, daşary ýurtlaryň ösen tejribesini önümçilige ornaşdyrmak, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Ýerden rejeli we netijeli peýdalanmak türkmen halkyna mahsus ýörelgedir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Daýhanlara ýer bölekleriniň uzakmöhletleýin esasda berilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine bolan gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagyny we täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer.

Ýere ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşmek ýer eýeleriniň hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmagy, bol hasyl almak maksady bilen, ekerançylyga täzeçil usullaryň onaşdyrylmagy üçin zerur şertleri üpjün eder.

Munuň özi oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we umuman, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem häkime ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary ýaz ekişine öz wagtynda taýýarlamak, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen bag nahallarynyň ekişini doly möçberde geçirmek babatda degişli görkezmeler berildi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş maksatly binalaryň ýylylyk bilen üpjünçiligi hem-de sebitiň durmuş ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly hereketi, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Desgalaryň gurluşyklaryny, şol sanda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew göni aragatnaşykda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri, tehnikany geljek ýylyň hasyly üçin ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem gyş möwsüminiň gelmegi bilen ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamlaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak, ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähimiýeti barada aýdyp, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak üçin welaýatyň bar bolan mümkinçilikleriniň doly amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz meýdan işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, galan pagta hasylyny gyssagly ýygnap almagyň, güýzlük ak ekinlere ideg edilende, agrotehniki çäreleriň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi geljek ýylda bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Güýzlük ýeralmanyň, gök, bakja ekinleriniň we gant şugundyrynyň hasylyny gysga möhletde ýygnap almak ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştuanymyz ilaty ter azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin sebitde bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmalydygyny belledi hem-de ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmek boýunça häkime zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda-da oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeňleşdirmek, hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, pudakda döwlete degişli bolmadyk ulgamyň paýyny artdyrmak, öňdebaryjy kärendeçilere goldaw bermek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini uzakmöhletleýin esasda bermek çözgütleri hut şu ugra gönükdirilendir.

Oba zähmetkeşlerine goldaw bermegiň netijeli usuly ýer serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, häzirki zamanyň ösen ylmynyň özleşdirlmeginiň, milli we dünýä tejribesiniň giňden ulanylmagynyň, aýratyn-da, suw tygşytlaýjy suwaryş tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň kepili bolup durýar. Milli Liderimiz munuň ýerleriň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýädigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döretmek boýunça alym-agronomlaryň tekliplerini berjaý etmek arkaly ýaz ekişine degişli derejede taýýarlyk görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleriniň çäklerinde bag nahallaryny oturtmak işleriniň kesgitlenen möhletde tamamlanylmalydygyna ünsi çekdi.

Welaýatda durmuş we beýleki makastly desgalaryň gurlugygy, sowuk howanyň aralaşmagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýylylyk, ilatyň elektrik energiýa we tebigy gaz bilen üpjünçiligi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda häkime anyk tabşyryklar berildi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we lukmançylyk edaralarynyň ýylylygyny bökdençsiz üpjün etmek, elektrik energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly işini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da habar berildi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymynyň netijeliligini artdyrmak we güýzlük ak ekinlere ideg etmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, öňde boljak ýaz ekişine taýýarlyk işleri hemmetaraplaýn esasda alny barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýaşaýyş jaýlarynda, okuw mekdeplerinde we beýleki durmuş ulgamyna degişli düzümlerde ýyladyş ulgamynyň ygtybarly işiniň üpjün edilişini, elektrik energiýa we gaz bilen ygtybarly üpjünçiligiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydyny belledi.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda alnyp barylýan işler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr hem-de anyk netije bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda demirgazyk welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmegiň, hususy önüm öndürijileri pudaga giňden çekmegiň we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini önümçilige ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu geçirilýän çäreler topraga eýeçilik nazary bilen çemeleşilmegini, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini şertlendirer hem-de ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine tarap ýoldaky nobatdaky möhüm ädimdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek meseleleri barada aýdyp, ekerançylyk ýerlerinde suw tygşytlaýjy usullaryň giňden ulanylmagynyň we bu ugurda dünýä tejribesiniň içgin öwrenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Azyk bolçylygyny pugtalandyrmak we bugdaýdan bol hasyl almak maksady bilen, güýzlük ak ekinlere edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara doly kybap gelmelidir. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan hasyly gysga möhletde ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklar berildi.

Güýzlük ýeralma, gök we bakja ekinleri, azyk önümleri bellenilen möhletinde ýygnalmalydyr. Geljek ýylyň bol hasyly üçin gök ekerançylyk meýdanlarynyň möçberi artdyrylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýaz ekişine häzirki wagtdan oba hojalyk tehnikalaryny we degişli enjamlary taýýarlap başlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda başy başlanan bag ekmek çärelerini kesgitlenen möhletde tamamlamak barada degişli görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, durmuşa geçrilýän we meýilleşdirilen çäreleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdümegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede berjaý edilmegine ýardam etjekdigini belledi. Şeýle hem häkime Täze ýyla taýýarlyk görmek boýunça birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim sebitde alnyp barylýan köptaraply işler hem-de welaýatyň ilatynyň mynasyp hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda gyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki durmuş maksatly binalara, hususan-da, çagalar baglaryna, mekdeplere, saglygy goraýyş edaralaryna ýylylygyň durnukly berilmegi, welaýatyň şäherleriniň hem-de etraplarynyň tebigy gaz, elektrik energiýa bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda zerur işleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, häkim welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylýandygy barada giňişleýin hasabat berdi.

Şeýle hem häkim möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, pagta ýygymynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, geljek ýylda dänäniň bol hasylyny üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg edilýändigini aýtdy.

Şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ähli işler meýilnamaa laýyklykda alnyp barylýar. Agrotehniki çäreler geçirilýär, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny nobatdaky ýaz ekişine taýýarlamak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda, okuw mekdeplerinde ýyladyş ulgamynyň işiniň ýgtybarlylygyna yzygiderli gözegçilik etmek, welaýatyň ilatynyň gaz we elektrik energiýasy, suw üpjünçiligi meselelerini üns merkezinde saklamak babatda häkmie birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletinde tamamlanmagy, ähli işleriň ýokary hil hem-de ekologiýa bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde, pudaga hususy önüm öndürijileri çekmek we oňa dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň oba ýerlerinde bazar ykdysadyýetiniň ösüşine, öňdebaryjy tejribeleriň, ekologiýa tehnologiýalarynyň giňden oranşydyrylmagyna, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna oňyn täsir etjekdigini belledi.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde ýetişdirilen pagta hem-de şaly hasylyny doly ýygnap almak, güýzlük bugdaýya netijeli ideg etmek meseleleri wajyp bolup durýar. Munuň özi bol hasyl almakda we azyk bolçudygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem güýzlük gök ekinleri, azyk önümlerini bellenilen möhletinde ýygnap almak, ýerleri gök we bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak meseleleri döwrüň wajyp wezipesidir. Bu işler ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine isleglerini doly üpjün eder.

Şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny we degişli enjamlary ýaz ekişine taýýarlamak, ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işlerini gözegçilikde saklamak zerur bolup durýar. Häkime Täze ýyla taýýarlyk görmek boýunça hem käbir görkezmeler berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ähli jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, gyş möwsüminde ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň we beýleki durmuş düzümleriniň ýyladyş ulgamynyň durnukly işini üpjün etmek, welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiligini yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak, Oba milli maksatnamasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösldürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Şeýle hem häkim sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we güýzlük ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny doly we ýitgisiz ýygnap almak hem-de gaýtadan işleýän kärhanalaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyrynyň ösdürilip ýetişdirilen bol hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, ýaz ekişine taýýarlyk işlerine girişildi. Oba hojalyk tehnikalaryny we ekişde ulanyljak beýleki enjamlary taýýarlyk hataryna çykarmak boýunça zerur işler dowam edýär. Şeýle hem köpçülikleýin bag ekmek möwsümini bellenen möhletde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly ähli binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işini üpjün etmek, ilata suwuň, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň bökdençsiz berilmegini ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işlerň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, binalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň, şolarda ýokary hil derejesiniň we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli agrotehniki çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, täze ýylda bugdaýdan bol hasyl almak üçin degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamagyň we ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemegiň möhümdigini belledi.

Gant şugundyryny ýygnamak işleri gysga möhletde tamamlanmalydyr. Şeýle hem ýeralmanyň gök, bakja we beýleki ekinleriň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ilatyň bu önümlere bolan islelerini üpjün eder we azyk bolçulygyny pugtalandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda, ýurdumyzyň ekport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, bu möhüm pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmelidigini nygtady.

Bu çäreler obasenagat oplumyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa meselesini nazarda tutup, ýer we suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, esasy zat bolsa--obada bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmegine hem-de pudakda milli ykdysadyýektimizi ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýän hususy ulgamyň paýynyň artmagyna ýardam eder. Häkime Täze ýyla taýýarlyk görmek boýunça hem birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz häkime ýüzlenip, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli we degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, sowuk howanyň aralaşmagy bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak, raýatlarymyzyň kesele durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmelidigini belledi.

Adam bedeniniň gyş möwsümine öz wagtynda uýgunlaşmagy üçin toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri berjaý edilmelidir, mahlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer pudakdaky işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ýaz ekişine hemmetaraplaýyn esasda taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň esasynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken “Oba hojalyk maksatly ýörie ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, welaýatlarda döredilen ýörite ýer gaznalary hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde uzakmöhletleýin peýdalanylmaga berildi.

Şeýle hem wise-premýer oba hojalyk önümçiligine hususyýetçiligi giňden çekmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 264 müň 678 gektar meýdanda ýokarda agzalan ekinleri ösdürp ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleriň taýýarlanandygyny habar berdi.

Ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek arkaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda göz öňünde tutulan çäreler pudaga hususy ulgamy işjeň çekmek üçin hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, şol birwagtyň özünde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine iberdi.

Milli Liderimiz resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurda welaýatlaryň häkimlikleriniň we beýleki degişli düzümleriň bilelikdäki işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi hem-e önüm öndürijilere ýer bölekleriniň 99 ýyllyk möhlet bilen berilmegi ähmiýetli çözgütdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de oba adamlarynyň netijeli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de ähli mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün ediljekdigini belledi.

Bu çäreler ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagy, obasenagat toplumynda hususy ulgamyň mümkinçiligini netijeli ulanmagy we şol birwagtyň özünde hakyky ýer eýeleriniň ýüze çykmagyny maksat edip goýýar. Bu bolsa ahyrky netijede ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, ýylyň ähli paslynda ilatyň ter önümler bilen üpjün edilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz bölünip berlen ýer böleklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, olaryň talabalaýyk peýdalanylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigini belläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere häkimlikler we degişli düzümler tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini nygtady. Munuň özi ýola goýlan agrotehniki kadalara laýyklykda, obasenagat toplumynda ýerden we suwdan netijeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyna täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň, häzirki zaman ösen tejribeleriniň milli daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, aýratyn-da, şanly sene mynasybetli 1-12-nji dekabr aralygynda guraljak pudaklaýyn sergileri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilendigi barada hasabat berdi.

Sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça gazanylanlar, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary görkeziler.

Şeýle hem wise-premýer dekabr aýynyň 10-na ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň baýramçylyk sergisini guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Sergide ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, dürli ekerançylyk we maldarçylyk önümleri görkeziler.

Şanly sene mynasybetli guralýan gözden geçiriliş Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi, ýerli çig mallary özleşdirmegiň esasynda gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyň düşünje almaga hem mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň täze ugurlaryna çykmak bilen, onuň pudaklaryny depginli we köpugurly ösdürmek, tejribe alyşmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary onaşdyrmak üçin ugurdaş sergileri geçirmegiň uly ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen birlikde, guralýan baýramçylyk sergilerinde soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleriň netijelerini görkezmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere we häkimliklere anyk tabşyryklary berdi.

Giň gerimli gözden geçirişlerde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda geçirilýän işler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen birlikde welaýatlarda amala aşyrylýan özgertmeler, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça biziň gazanlarymyz toplumlaýyn görkezilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Sergiler guralanda şeýle hem Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli, hususan-da, ulag-kommunikasiýa düzümini kemala getirmek boýunça taslamalara üns berilmelidir.

Sergileriň çäklerinde özara peýdaly tejribe alyşmak, öňde goýlan wezipeleri çözmekde anyk ugurlary kesgitlemek üçin netijeli meýdançany döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de wise-premýere we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter