Türkmenistanyň we Owganystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Owganystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmak hem-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara syýasatynyň möhüm ugyrlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşular bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini aýtdy.

Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmeginiň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça sebit taslamalaryny amala aşyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşygyň, Akina-Andhoý demir ýolunyň çekilmegi ýaly iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, geljek ýylyň başynda halkara energetika magistraly bolan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy başlanar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge kömek eder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrmaga şertler dörär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň çäginde, Mary-Serhetabat ugrunda zerur enjamlar oturdyldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda gurulýan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Soňra bolsa onuň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykalgasy bolar.

Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropanyň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de şol birwagtyň özünde sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.

OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara syýasy giňişliginde Owganystana pugta we yzygigedrli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hususan-da, 2020-nji ýylyň 23-24-nji noýabrynda Ženewada geçirilen Owganystan boýunça halkara maslahatynyň barşynda türkmen tarapynyň eýeleýän işjeň ýörelgesi nygtaldy.

Bu forumda Türkmenistan Merkezi Aziýany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen baglanyşdyrýan iri energetiki we ulag-kommunikasiýa taslamalaryna degişli öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylýan ösüşleri belläp, geljekde düzümleýin taslamalaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan owgan ugruna demir ýolunyň çekilmegi ýaly taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň anyk maliýe we maddy taýdan goşýan goşandy nygtaldy.

Türkmen hem-de owgan halkaryny gadymdan gelýän doganlyk,birek-birege hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklar, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde bina eden metjidiniň ýakyn wagtda açylyş dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Goý, täze metjitde ediljek doga-dilegler, beriljek sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ýurdumyzdan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana lukmançylyk we dermanlyk serişdeleriniň, azyk önümleriniň, dokma we hojalyk harytlarynyň iberiljekdigini belledi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan netijeli ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigi, goňşy ýurduň durnukly ösüşine netijeli doganlyk goldawynyň berilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Owganystanyň Lideriniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistan bilen hoşniýettli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde durnuklylygyň, sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Iki döwletiň Baştutanlary ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine ylalaşykly we bir bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Dünýäniň ägirt uly giňişligini gurşap alan hem-de halkara ykdysady gatnaşyklaryna, köpsanly döwletleriň we halklaryň durmuş derejesine ýaramaz täsiri bolan СOVID-19 ýokanjy häzirki döwrüň wajyp meselesine öwrüldi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýä bileleşiginň bu howply wehime garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýandygyny hem-de bu ugurda ylalaşykly hereketleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taraplaryň özara hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter