Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Şonda türkmen tarapyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk baştutanlyk etdiler. Duşuşyga şeýle hem iki dostlukly ýurduň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklap, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini, hususan-da, onuň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak, senagat we maliýe-bank ulgamlarynda gatnaşyk etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem geologiýa ulgamynda bilelikde işlemek baradaky meselelere deglip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alşylmagy bilen birlikde, täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns çekildi. Bilim ulgamynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna, hyzmatdaşlyk etmegiň gurallarynyň kämilleşdirilişine seljerme berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň ynanyşmagynyň we özara hormat goýmagynyň belent derejesiniň mundan beýläk-de netijeli döwletara gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmegine umumy, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönüden-göni hyzmat edýändigini nygtap, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň ýakyndan görüşmek arkaly geçirilmegine umyt bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

***

Şu gün onlaýn görnüşde geçirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa” nobatdaky hyzmatdaşlyk forumynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ekologiýa meselesi boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawyň goralmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň özi kabul edilen milli meýilnamalarda we maksatnamalarda, şeýle hem Türkmenistanyň öňe sürýän sebitleýin we halkara başlangyçlarynda ýüze çykýar. Hususan-da, howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa hem-de milli tokaý maksatnamasy bellenilip geçildi, şolar Pariž ylalaşygynyň ýörelgelerine kybap gelýär.

Ekologiýa degişli taslamalary amala aşyrmak, şol sanda tokaý hojalygy hem-de Türkmenistanda howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça koreý tarapy bilen gatnaşyklar barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň örän möhüm ekologiýa meseleleriniň biriniň Aral deňziniň gurap barýandygyndan ybaratdygy aýratyn bellenildi. Bu mesele yzygiderli ýagdaýda ählumumy häsiýete eýe bolýar hem-de adam saglygyna örän ýaramaz täsirini ýetirýär, şoňa görä-de Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar.

***

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde halkara düzümleriň gatnaşmagynda çäreleriň birnäçesi boldy.

Olaryň biri COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisidir. Duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly maliýe edaralarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky) hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky mesele çykaryldy.

Bu resminama ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamak, koronawirus sebäpli dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini peseltmek boýunça anyk çäreleri görmek, şeýle hem BMG-niň çäklerinde öňe sürlen degişli halkara başlangyçlary milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar ady agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler hem-de statistika maglumatlarynyň seljerilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan meýilnamanyň seljerilişine degişli giňişleýin maglumatlara garaldy. Şonda pandemiýanyň öňüni almak babatda BMG-niň ýurtlardaky edaralary tarapyndan durmuş-ykdysady taýdan täsir etmek boýunça hasabatlylygy üçin ählumumy derejesinde BMG tarapyndan kabul edilen görkezijiler getirildi.

Çäräniň ahyrynda bu ugurda möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, mundan beýläk ýerine ýetirilmeli anyk işler kesgitlenildi.

Şeýle hem şu gün onlaýn görnüşde ýurdumyzyň Maliýe-ykdysady toplumynyň wekilleri üçin BMGÖM-niň hem-de halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki maglumat beriş mejlisi geçirildi.

Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesi baradaky tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri Türkmenistanda maýa goýum bazarynyň hem-de gazna biržasynyň ösüşi babatda milli garaýyşlar hakynda habar berdiler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, telekeçilik ulgamyny ösdürmekden, banklaryň düşewüntliligini kämilleşdirmekden ybaratdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň hünärmenleri wideomaslahat görnüşinde Ýewraziýa Patent guramasynyň (EAPO) Moskwadaky merkezi edarasynda geçirilen senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamyny döretmek meselesi boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisde, esasan, bu ugurda bilelikde hereket etmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan strategiýa milli kanunçylyk namalaryna hem-de ýurdumyz tarapyndan gol çekilen halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýulýar.

Munuň özi oýlap tapyşlara we nusgalara degişli patentleri, şeýle hem haryt nyşanlaryna we hyzmatlara şaýatnamalary bermegiň esasynda senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goragyny üpjün edýär.

Türkmenistan Ýewraziýa Patent ulgamyny döretmek we onuň hereket etmegi ugrundaky maksatlar bilen kabul edilen Ýewraziýa Patent Konwensiýasynyň agzasy bolup durýar.

Häzirki wagtda senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy alnyp barylýar. Onuň ornaşdyrylmagy patentleri almagyň amallaryny ýönekeýleşdirer hem-de haýyşnama bilen ýüz tutýanlar üçin dolandyryş we maliýe taýdan aladalary azaldar.

Mejlise gatnaşyjylar bu ugurda milli syýasaty düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän dünýäniň patent ulgamynda anyk gurallaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu meseleler bilen meşgullanýan düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

***

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygyň we oba ýerleriň durnukly ösüşine goldaw — (SARD III)” atly taslamasynyň çäklerinde “Ýyladyşhanalarda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek hem-de ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary” diýen mesele boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Bu ugur milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir.

Agronom-hünärmenler hem-de ýyladyşhana hojalyklarynyň wekillerini, şeýle hem taslamanyň bilermenlerini birleşdiren çäre Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Maslahatyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň tejribesi, olary ösdürmegiň, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hünärmenler ýygnananlary ýyladyşhanalary dolandyrmak, tohumlary, bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, dökünleri bermegiň, suwarmagyň, kesellere we zyýankeşlere garşy göreşmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak babatda döwrebap usullar we täzelikler bilen tanyşdyrdylar.

Gök önümleriň we gülleriň önümçiligi bilen bir hatarda, ýyladyşhanada sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin mümkinçiliklere seredildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna gök önümleriň eksportyna bildirilýän fitosanitar talaplara aýratyn üns berildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanda ýyladyşhana önümleriniň önümçiliginiň azyk bolçulygyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek babatda başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde işjeň ösdürilýändigini bellediler.

***

Tehnologiýalar we sanly ulgamlar babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri şu gün iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda geçirilen wideoduşuşygyň esasy meselesi boldy.

Rus tarapyndan duşuşyga şeýle hem “Skolkowo” gaznasynyň we Russiýa Federasiýasynyň birnäçe kompaniýalarynyň, türkmen tarapyndan bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk bilelikde işlemegiň ugurlaryny giňeltmegi, göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinmek bilen häsiýetlenýär. Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmagyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça deňhukukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek hem-de ynanyşmak, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny nazara alyp, täze belentliklere çykarmaga hemişe taýýardygy netijeli gatnaşyklaryň möhüm ýagdaýy bolup durýar.

Rus tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň häzirki döwürde ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ýakynlaşdyrmaga ymtylmalary tassyklanyldy.

Russiýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Sanly meýilleşdiriş, intellektual eýeçiligi goramak we dolandyrmak, tebigy we tehniki ylymlar ulgamynda ylmy seljeriş we işläp taýýarlaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, senagat, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter