
Şeýle hem okaň
22.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.01.2021 | Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
20.01.2021 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz,
Seul şäherinde geçirilen 2020-nji ýylyň Demirgazyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna Siziň wideoýüzlenmäňiz bilen doly ylalaşýaryn. Şol ýüzlenmede Siz Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadyňyz. Siziň goldaw bermegiňiz netijesinde forum, COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, üstünlikli geçirildi.
Siziň bilen gatnaşygy dowam etmäge hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga şatdyryn.
COVID-19 pandemiýasynyň çylşyrymly ýagdaýlaryny ýeňip geçjekdigimize hem-de Ýewraziýanyň parahatçylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikde işleşjekdigimize umyt edýärin.
Seulda Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Mun Çže IN,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün