Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň däp bolan giň gerimli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem Günüň dogýan ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Ýurdumyz Ýaponiýany ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar.

Milli Liderimiz Ýamamoto Hiroýukini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu gün şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa hem-de Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýurdumyzda bolan saparlarynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi. Şol saparlaryň netijeleri boýunça dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.

Dünýäde meşhur ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegi, möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy uzak möhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, iri senagat toplumlarynyň — Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Balkan welaýatynda, Garabogazda karbamid dökünlerini çykarýan kärhananyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Häzir ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze, döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyz milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugruna eýermek bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklary çalt depginler bilen ösdürmäge çalyşýar. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistik ulgamlary, şeýle-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýaponiýaly diplomat ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy, gürrüňsiz, ylym-bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gün Diýarymyzda ýapon diliniň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, orta mekdepleriň hem birnäçesinde öwredilýändigi bellärliklidir.

Medeni we döredijilik alyşmalaryna hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň halklaryna birek-biregiň täsin milli mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Şol däpleriň hatarynda asyrlaryň dowamynda emele gelen çaý içmek dessury hem bar. Öňden gelýän bu däp Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň baý medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň ýurtlarymyzda bu melhemlik içgini taýýarlamagyň usullary hakyky sungat bilen deňeşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly mümkinçilikler bar.

Ýamamoto Hiroýuki türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyzda Ýaponiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormat-sarpadygyny nygtap, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we ýaponiýaly diplomat Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklara berk ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter