Oba hojalygy ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň we abadançylygynyň ygtybarly binýadydyr | TDH
2020-nji ýyl - Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany

Oba hojalygy ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň we abadançylygynyň ygtybarly binýadydyr

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin ähli amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny nygtady.

Milli parlamentiň iki palataly ulgamyna geçilmegine badalga beren «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi mejlisiň işiniň esasy netijesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, obasenagat toplumynda hem uly sepgitlere ýetilendigini aýtdy. Oba hojalyk pudagy halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, Garaşsyz Watanymyzda oba hojalygyny innowasion çözgütler we pikirler üçin açyk, ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek babatynda hem uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Bu gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen birinji mejlisiniň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumda eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitledi.

Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr.

Şol mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly ähmiýetli waka boldy. Bu Karar häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberlerini tassyklady, şol ýer bölekleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga berilýär.

Ilkinji nobatda bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň azyndan 70 göterimi şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleri üçin ulanylmalydyr. Galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekilip bilner. Ikinji gaznadan berilýän ýer bölekleri gök we bakja, ýeralma, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylmalydyr.

Şunda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan berlen ýer böleklerinde döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, önüm öndürijileriň öz ygtyýarynda galdyrmaga ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmaga hukugy bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we önüm öndürijileri höweslendirmek üçin 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny hem-de olary ösdürip ýetişdirmek bilen bagly kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň bahasy ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maldarçylyk hojalyklarynyň hasabyndaky gara mallar hem-de dowarlar, düýeler, guşlar ferma jaýlary bilen bilelikde kanunçylyga laýyklykda, tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar hem-de olara bellenen tertipde ýer bölekleri bölünip berilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny 10 ýyla çenli möhlete alyp bilerler.

Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, ekskawatorlary we buldozerleri, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýylda 1 göterim bilen karz berilýär. Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýylda 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen karz berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar.

Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we özgertmeleri geçirmek hem-de bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz bu işleriň netijesinde, ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyzyň Watana 1 million 400 müň tonnadan hem gowrak guşgursak bugdaýy tabşyrandyklaryny aýtdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň häzirki döwürde diňe bir bugdaý hasylyny ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gaýtadan işläp, ilaty ýokary hilli un we çörek önümleri bilen hem üpjün edýändigini bellemek gerek. Döwletimiz ýetişdirilen azyklyk dänäniň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösüşinde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzümlerini döretmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Tejen, Ruhubelent etraplarynda we Ýolöten şäherçesinde 50 müň tonnalyk, Duşak şäherçesinde 30 müň tonnalyk elewatorlar hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda 100 müň tonnalyk elewatorly, ýylda 80 müň tonna un, bir gije-gündizde 40 tonna çörek, 48 tonna unaş önümlerini we ýylda 18 million polipropilen haltalary öndürýän kärhana guruldy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda we Mary welaýatynyň Mary etrabynda 50 müň tonnalyk elewatorly, ýylda 50 müň tonna un öndürýän kärhanalar, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, 100 müň tonnalyk elewatorly ýylda 80 müň tonna un öndürýän kärhana bina edildi.

Mundan başga-da, S.Türkmenbaşy etrabynda ýylda 30 müň tonna tüwi önümçiligi boýunça toplum guruldy. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň binýadyny has-da berkitdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda her biri ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň gurulmagy pagtaçylyk pudagynyň ösmegine uly itergi berdi.

Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli işe girizilýär hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary yzygiderli satyn alynýar, munuň özi işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine uly ýardam edýär.

Hususan-da, 2017 — 2020-nji ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary satyn alyndy.

Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artmagy, işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Bular bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sebitleri 2020-nji ýyla çenli özgertmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň durmuşa geçirilen ýyllarynda diňe bir önümçilik ulgamy däl-de, durmuş düzümleri hem okgunly ösüşe eýe boldy. Oba ýaşaýjylarynyň maddy-abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Durmuş derejesi we hili babatynda obada döredilýän şertler şäherdäki şertlere barha golaýlaşýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge bu syýasatyň özenini düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goramak strategiýasynyň esasy maksatlarynyň hatarynda tebigy serişdeleri netijeli we rejeli ulanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, türkmen halkynyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) ýetmek babatyndaky halkara tagallalary jebisleşdirmek durýar.

Döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan BMG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, beýleki abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde häzirki wagtda tutuş adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça özara gatnaşyklary sazlaşdyrmaga ýardam etjek netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylda BMG-niň «Rio+20» Durnukly ösüş boýunça maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýyldaky 70-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen durnukly ösüş boýunça BMG-niň sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden başlangyçlary Durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilendir. 17 maksadyň birinde oba hojalygynyň durnukly ösüşine, beýlekisinde bolsa suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam bermek göz öňünde tutulýar.

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek hakyndaky teklipler bar.

Türkmenistanyň bu ugurdaky düýpli orny we yzygiderli ädimleri dünýä bileleşiginde uly goldawa eýe bolýar. «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň birinjisi 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde, ikinjisi bolsa Baş Assambleýanyň 2019-njy ýylyň maýynda geçirilen 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu resminamalar BMG-niň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky özara gatnaşyklar üçin hukuk binýadyny döretmek babatynda möhüm ädim boldy.

Türkmenistan bu halkara düzüme 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli başlyklyk edip, gaznanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň birnäçesini gurady hem-de geçirdi.

Ilki bilen 2018-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini belläp geçmek gerek. Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uzak möhletleýin geljege we anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ençeme ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze itergi berdi.

Oba hojalyk pudagynyň suw bilen doly üpjün edilmegi hem möhüm wezipe bolup durýar. Döwletimiz ýurdumyzda suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, akabalaryň, suwaryş hem-de lagym ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we läbik sorujy enjamlary satyn almak üçin iri maýa goýumlaryny bölüp berýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Eger-de ozallar şu suwlar Amyderýa hem-de öri meýdanlarynyň suwa basdyrylmagyna getirýän Garagum sährasyna akdyrylýan bolsa, indi Türkmenistan sebitde ilkinji bolup şeýle usuldan saklanyp, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ekologiýa ýagdaýyna amatly täsir edýän bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň Baş akabasynyň hem-de Daşoguz şahasynyň geçiriş ukybyny artdyrmak, gidrotehniki desgalary we köprüleri, akabalaryň ugrunda süýşýän çägeleri berkitmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi, olaryň tebigy süzülmeginiň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary, şol sanda tarp ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak, tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan bu ugurda degişli işler geçirilýär.

Bu köl eýýäm uçup geçýän guşlaryň mesgen tutan ýerine öwrüldi. Şu ýerde häzirki wagtda ekologiýa ulgamynyň bioköpdürlüligi guşlaryň 250-ä golaý, balyklaryň 25 görnüşinden hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň köp görnüşlerinden ybaratdyr.

2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen şanly wakalarynyň hatarynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze nusgaly durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar.

Täsin gidrotehniki desganyň kenarynda häzirki zaman obalarynyň peýda bolmagy çöllük ýerleriň özleşdirilmegine, bu ýerde maldarçylygyň, ekerançylygyň hem-de balykçylygyň ösdürilmegine mümkinçilik berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmek boýunça Konsepsiýa» bu maksada gönükdirilendir, onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl-de, ekologiýa nukdaý nazaryndan hem aýratyn möhümdir.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň ykdysady bähbidi wagt geçdigiçe artar. Emma esasy zat onuň tutuşlygyna ägirt uly durmuş ähmiýetiniň bolmagydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bularyň ählisiniň maksady Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy diňe bir bu iňňän wajyp ulgamda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy däl, eýsem, özümiziň öňdebaryjy tejribelerimizi gönüden-göni işläp taýýarlamaga hem gönükdirilendir, bu bolsa tutuş adamzada netijeli hyzmat edip biler.

«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanyň suw gorlaryny rejeli peýdalanmak we Garagum derýasynyň 2015 — 2020-nji ýyllarda suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary milli Liderimiziň bu meselä yzygiderli üns berýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň Köpetdagyň eteklerinden Hazaryň kenaryna çenli çäklerinde amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasy hem möçberi boýunça ägirt uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl geçirilýän bag ekmek möwsümine gatnaşmak bilen bu asylly çärä ägirt uly ekologiýa, durmuş-watansöýüjilik we raýatlyk ähmiýetini berýär.

Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň sentýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklady, ol BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň kabul edilmegini göz öňünde tutup işlenip düzüldi.

Halk Maslahatynyň şu ýyl geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly, täze görnüşlerini döretmelidir we önümçilige yzygiderli ornaşdyrmalydyr» diýip, aýratyn belledi.

Şolaryň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda ýerleşdirilmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň biotehnologiýa usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem ykdysadyýetimizi innowasiýa esasynda ösdürmäge täze itergi berýän möhüm işlerdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, alymlar hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Tohumçylyk we sort-synag gullugynyň hünärmenleri oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylma esaslanýan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen degişli işleri geçirýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi hem-de bu ugurda degişli maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Oba hojalygy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny yzygiderli kämilleşdirýändiklerini, okatmak işine innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek, munuň özi milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, aýratyn möhümdir.

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de Türkmen oba hojalyk instituty Ýewropanyň, Aziýanyň we ABŞ-nyň iri uniwersitetleri, şeýle hem esasy kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy dünýä tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, bu pudaga sanly elektron ulgam arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça işler alnyp barylýar hem-de bu babatda oba hojalyk bilimini we ylmyny ösdürmek, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça iň gowy tejribeler öwrenilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösýändigini, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny we hususy pudagyň kuwwatynyň artýandygyny bellemeli.

Bularyň ählisi çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz — türkmen döwletiniň berkararlyk döwrüniň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasynyň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir.

E.ORAZGELDIÝEW, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter