GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režisýorlarynyň halkara onlaýn-duşuşygy | TDH
Medeniýet

GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režisýorlarynyň halkara onlaýn-duşuşygy

 

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň (HYHG) ýardam bermeginde guralan wideoforuma Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi, HYHG-nyň müdiriýetiniň bilelikdäki başlygy, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşinde Russiýa Federasiýasynyň wekili M.Şwydkoý, HYHG-nyň ýerine ýetiriji direktory A. Iksanow gatnaşdylar.

Wideomaslahata Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeniýet işgärleri, meşhur režissýorlary hem-de esasy teatrlarynyň çeper ýolbaşçylary işjeň gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen duşuşyga, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, türkmen tarapyndan Medeniýet ministrliginiň, teatrlaryň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler häzirki zaman teatry, tomaşaçylar bilen özara baglanyşyk, nusgawy we döwürdeş ýazyjylaryň eserlerini sahnalaşdyrmakda režissýorlaryň eýeleýän orny, teatr sahnasynda dünýäniň halklarynyň rowaýatlary ýaly ugurlardan hem-de teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki meselelerinden ybarat boldy.

Bellenilişi ýaly, teatr hemişe gyzykly bolar. Biziň häzirki durmuşymyzyň hemişelik aladasyna we güýçli depginine garamazdan, dynç almak we sungatyň ajaýyp dünýäsinden lezzet almak üçin adamlar teatra barmaga wagt taparlar. Şeýle hem çykyşlarda GDA-nyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyk etmegiň, tutuş Ýewraziýa yklymynda durnuklylyk we howpsuzlyk ugrunda çykyş edýän Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýrylmaz tarapy hökmünde ynsanperwer düzümleriň möhümdigi nygtaldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy maksadalaýyk giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, medeniýet ulgamynda-da gatnaşyklary ösdürýär.

2012-nji ýylda Aşgabatda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy ýokary derejede geçirildi. Şol ýylda hem Mary şäheri, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheri Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Munuň özi medeniýetleriň we özboluşly däpleriň özara baýlaşmagyna täze itergi berdi.

Ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy ýola goýlan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, medeni taýdan gelip çykyşynyň köpdürlüligini, milli mirasy wagyz etmek üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Häzirki duşuşyga gatnaşyjylar şeýle forumlary geçirmek işini dowam etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu bolsa ynsanperwer ulgamda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter