
Şeýle hem okaň
26.01.2021 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
22.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.
Milli Liderimiz ir säher bilen “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, Hökümet binasyna tarap welosipedli ugrady. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde ýerleşen desgalar özboluşly sazlaşygy emele getirip, ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň döwrebap derejä eýe bolmagyny şertlendirdi.
Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň baştutany ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip, bütin dünýäde bolşy ýaly, öz ýurdunda hem Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen netijeli çärelere ýokary baha berilýändigini nygtady.
Sung Sang-Rok Günorta Koreýanyň işewürler düzüminiň ýyl-ýyldan dünýäniň ähli künjeklerinden iri maýadarlaryň we kompaniýalaryň köp sanlysyny özüne çekýän geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, bu ugurda netijeli goldaw berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biriniň dünýäniň iň gowy tejribesini çekmekden, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de anyk maksatlara gönükdirilendigini aýdyp, bu gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleri senagat taýdan gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak hem-de türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda tagallalaryň täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň, şol sanda gazhimiýa pudagynda täze önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Bu ugurda, “Hyundai Engineering Co.,Ltd” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar, bu kompaniýa Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri möçberli gurluşygyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşymyz bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda ulag hem-de logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň, uzak möhletleýin maýa goýumlaryny goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyna täze özara bähbitli teklipleri hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Sung Sang-Rok bildirilýän ynam üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün