
Şeýle hem okaň
18.01.2021 | Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
13.01.2021 | Taryhy-medeni miras – milletiň ruhy baýlygynyň binýady
12.01.2021 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
11.01.2021 | «Syýasat we jemgyýet» žurnaly
11.01.2021 | 2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd» kompaniýasy Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiki uniwersitetinde 2018-2019-njy okuw ýylynda okamak üçin dalaşgärleri kabul edip başlaýar.
*Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy
*Himiki maşyngurluşyk
*Nebitgaz çykarmagyň tehnologiýasy
*Elektrika we elektronika
*Geologiýa we geofizika
*Maglumat kompýuter tehnologiýalary/Işewür maglumat bermegiň ulgamy
Resminamalar kabul edilende şu aşakdaky görkezijiler göz öňünde tutular:
1.Ýaşy: 17-23 ýaş
2.Maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk
3.Iňlis dilini bilişine bildirilýän talaplar
- IELTS boýunça iň pes bal 5.0 ýa-da
- Iň pes bal TOEFL PBT 500
4.Orta mekdebi matematika, himiýa, fizika hem-de inžener ylmyna degişli bolan beýleki 2 ders boýunça gowy we has gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy.
5. Merkdepden daşary çärelere işjeň gatnaşmagy
6.Güýçli liderlik häsiýetleri
Zerur bolan resminamalaryň sanawy:
-Bellenen nusgadaky sowalnama.
-Pasportyň göçürmesi (ýerli we daşary ýurt)
-doly orta bilim hakyndaky attestatyň göçürmesi
-11-nji synp okuwçylary üçin soňky iki çärýegiň bahalarynyň tassyklanan tabeli
-Sertifikat hem-de TOEFL/IELTS ballaryň tassyklamasy
-3,5*5 möçberdäki 9 sany surat (mawy fon)
-Dalaşgäriň täzelenen rezýumesi
-Beýleki bar bolan sertifikatlar ýa-da ugrukdyryjy resminamalar
Zerur bolan resminamalaryň ählisi iňlis diline terjime edilmelidir we çap edilen hem-de elektron görnüşinde (kompakt-diskde) berilmelidir.
Resminamalar “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd” kompaniýasynyň edarasynda şu salgy boýunça 2018-nji ýylyň 2-nji aprelda çenli kabul ediler: Aşgabat şäheri, 744027, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy köçesi, 81 (blok B).
Т: +(993) 12 398 000
www.petronas.com
Talaplara doly laýyk gelýän dalaşgärler geljekki synaglar we söhbetdeşlik üçin çagyrylar.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün