Baş sahypa
\
\
Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Çap edildi 22.04.2021
20275

BMG-den gelip gowşan hoş habarlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Biziň ýurdumyz halkara syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişligine sazlaşykly goşulmak bilen, bu ugurda alyp barýan işlerini aýdyň işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda Milletler Bileleşigi bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimi toplanan baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere esaslanyp, şol sanda BMG-niň esasy agentlikleriniň hem-de iri ýöriteleşdirilen guramalarynyň ugry boýunça yzygiderli giňeldilýär. Munuň özi, ozaly bilen, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky başlangyçlary we onuň sebit hem-de dünýä möçberindäki möhüm meseleleri çözmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr.

Bu ugur, umuman alanyňda, döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli daşary syýasaty ýaly, BMG-niň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň başlygynyň orunbasarydygyny, bu hormatly wezipä altynjy gezek saýlanandygyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji hem-de 71-nji mejlisleriniň işine hem wise-başlyk hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň düzümine eýýäm birnäçe gezek saýlanyldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS, Ilat we ösüş boýunça komissiýa, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti we beýlekiler bar.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllaryň içinde biziň ýurdumyzyň eýýäm BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň ÝYK-nyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň başlygynyň orunbasarlygyna we BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanandygyny bellemek gerek.

Bu ýerde Türkmenistanyň ýokary durmuş-ykdysady görkezijilerini gazanmakda uly tejribesiniň bardygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan ösüşiň milli nusgasy öz netijeliligini subut etdi, ol toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça aýdyň netijelerde öz beýanyny tapýar.

BMG-niň ÝYK-nyň işiniň esasy ugurlaryna ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de goşulyşmak, söwda, ulag, energetika, ekologiýa we daşky gurşaw, DÖM-ni durmuşa geçirmek hem-de beýlekiler degişlidir. Biziň ýurdumyz bu ugurlarda özara gatnaşyklar meselelerinde esasy orny eýelemek bilen, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmäge anyk goşandyny goşýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup hem-de bu ugurda esasy halkara konwensiýalara goşulmak bilen, BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşi boýunça yzygiderli çäreleri görýär hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, zenanlara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymy däpleriniň biridir. Aýal-gyzlar jemgyýetimizde mynasyp orun eýeläp, dürli ugurlarda, şol sanda ýolbaşçy wezipelerde üstünlikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda zenanlaryň öz hünär, aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz aýal-gyzlaryň hukuklarynyň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini kepillendirýär, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ady agzalan düzümlere nobatdaky gezek saýlanylmagy Bitarap döwletimize toplan tejribesini paýlaşmaga hem-de bilelikdäki teklipleri we çözgütleri işläp taýýarlamaga hem-de kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Şol çözgütler halkara hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlarynda pugtalandyrmaga, ösüşiň sebit we dünýä derejesindäki işlerini işjeňleşdirmäge, dünýä halklarynyň durmuş derejesini hem-de hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasy bilen Watanymyzyň özara gatnaşyklarynyň okgunly, strategik häsiýeti türkmen tarapynyň teklibi boýunça kabul edilen Kararnamalarda hem öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda, 16-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigine agza döwletleriň 72-siniň awtordaşlygynda “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlasak ýerlikli bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalar, meýilnamalar hem-de milli we umumy bähbitlere kybap gelýän ugurdaş taslamalar şol köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralarynyň düzümine saýlanmak bilen, geljekde hem netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi maksat edinip, parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirýär.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow