Home
\
Economy
\
Birža täzelikleri
Economy
Birža täzelikleri
Published 03.04.2021
1308

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümler Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň wekillerine ýerlenildi.

BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 665 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 75 million 82 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Last news
09.04
Outcomes of development of Turkmenistan in January – March are reviewed at the session of the Cabinet of Ministers
09.04
President of Turkmenistan expresses condolences to the Queen of Great Britain
09.04
The structure of the central office of the Ministry of Culture is approved
09.04
President of Turkmenistan approves the membership of the Turkmen-Russian Intergovernmental Commission
09.04
Membership of the Turkmen-Japanese Economic Committee is approved
09.04
The Resolution on rice production in Turkmenistan in 2021 is signed