Türkmenistanda Adalatçynyň işiniň 2018-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty | TDH

Türkmenistanda Adalatçynyň işiniň 2018-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty



Giriş

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçen hasabat ýylynda hem her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönüden göni täsir edýän, Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine geçmek baradaky özgertmeleriň depginini ýokarlanmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş, ykdysady özgertmeleriň gerimini giňelmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň hukuk esaslaryny üpjün etmek babatda agramly işler amala aşyryldy.

Geçen 2018-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi adam hukuklary babatda esasgoýujy halkara resminama bolan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygyny dabara bilen belläp geçdi. Bu baýramçylyk adam hukuklarynyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistanda hem giňden bellenilip geçildi. Ynsan tebigatyna mahsus bolan mizemez hukuklardan ugur alýan bu resminamanyň esasgoýujy ýörelgeleri bu gün Türkmenistanyň milli kanunçylygynda hem öz beýanyny doly tapýar.Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we kanunlarymyz dünýä bileleşiginde esas bolup durýan resminamalarda berkidilen adamyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň (mundan beýläk Adalatçy) bu ýyllyk maglumatynda agzalan kepillikleriň iş ýüzünde berjaý edilişi, ýagny ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda we geçen 2018-nji ýylda Adalatçynyň diwany tarapyndan edilen işler barada beýan edilýär.

Adalatçynyň bu maglumaty onuň 2018-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijesini, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hakyky ýagdaýynyň seljermesini, adam hukuklarynyň aýry-aýry ugurlary boýunça gazanylan netijeleri we ýüze çykýan meseleleri göz öňünde tutmak bilen taýýarlanyldy.

Maglumat dokuz bapdan ybarat bolup durýar.

Maglumat taýýarlanylanda Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesinde, şol sanda raýatlaryň ýüz tutmalarynyň, degişli döwlet edaralaryndan alnan maglumatlaryň netijesinde ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýy has-da gowulandyrmak maksady bilen degişli teklipler berildi.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu maglumat Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň seretmegine berilýär. Şeýle hem, Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2018-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işler baradaky bu maglumaty döwlet häkimiýet edaralary, raýat jemgyýetçiligi, halkara guramalary, halk köpçüligi tarapyndan okalar we öwreniler, şeýle-de ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň mundan beýläk hem öňe sürülmegine ýardam eder diýip ynanýarys.

I bap. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy

Türkmen döwletiniň esasy ýörelgesi hökmünde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, her bir adamyň abadan, bol-elin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy ugrumyzyň ykrar edilmegi biziň gazanan iň uly netijelerimiziň biri boldy. Bu bolsa, döwrümiziň esasy taglymatyna we baş ýörelgesine öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen giň manyly şygarymyzda öz beýanyny tapdy.

Islendik ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň esasy şerti olaryň kanuny kepillikleridir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ýurdumyzyň syýasy sütünlerini, döwlet häkimiýet edaralaryny, saýlaw ulgamyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylygyň gözbaşydyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini, şeýle hem amala aşyrylýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň sentýabrynda rejelenen görnüşde kabul edildi. Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, adamyň erkin ösmegi üçin şertleri döretmegiň we üpjün etmegiň hukuk esaslarynyň pugtalanýandygyny subut etdi. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşinde anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň aglaba bölegi adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu möhüm resminamanyň ikinji bölümi Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky kadalary öz içine alyp, oňa on bir sany täze madda girizildi. Agzalan görkeziji döwletiň adam hakdaky aladalary aýratyn üns merkezinde saklaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr, çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolmak bilen, häzirki zaman jemgyýetinde raýatlyk parahatçylygyny we milletara ylalaşygyny üpjün edip, halk häkimiýetliliginiň we hukuk, dünýewi döwletiň ykrar edilen sütünlerini anyk görkezýär.

Bilşimiz ýaly, geçen 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Elbetde, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşde kabul edilmegi bilen kanunçylygy Konstitusiýanyň kadalaryna laýyk getirmek işleri ýaýbaňlandy. Bu işler Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary tarapyndan durmuşa geçirilip başlandy. Ýagny, Konstitusiýanyň kadalaryny adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny kepillendirýän beýleki kanunçylyk namalarymyza ornaşdyrmak işleri ýaýbaňlandy.

Adamyň we raýatyň kanunçylyk tarapyndan kepillendirilýän hukuklarynyň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmegi ýurdumyzda ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biridir. Ýurtda bu möhüm wezipäniň berjaý edilişini seljeremizde ilki bilen her ýylky tassyklanylýan, şol sanda 2018-nji ýyl üçin tassyklanylan Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdelere ser salmagymyz gerek.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekden ybarat bolup, 2018-nji ýylda-da durmuş syýasatynyň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek gerek. Anyk işleriň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmat ediş ulgamyna degişli işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda adam mümkinçiligini artdyrmak üçin şertleriň döredilmegi dowam etdirildi. Şeýlelikde 2018-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göteriminden gowragy durmuş ulgamynynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu ugra gönükdirilen serişdeleriň 99,9 göterim derejede ýerine ýetirilmegi bolsa, ilatyň durmuş goraglylygynyň, ýagny bilim almaga, saglygyny goramaga, döwlet durmuş üpjünçiligine bolan mümkinçilikleriniň derejesiniň ýokarlanýandygyna, olaryň ýaşaýşyň dürli ugurlary boýunça hak- hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.

Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň hak- hukuklaryny amala aşyrmaklaryny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda bolup geçen jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň biri hem, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilmegidir we onuň ilkinji maslahatynyň geçirilmegidir.

Bu maslahatda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Halk Maslahatyň işine degişlili ähli guramaçylyk meseleleriň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion Kanuna laýyklykda düzgünleşdirilýändigi, onuň işiniň demokratik, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň we raýatyň kanun öňünde deňligi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hor-matlamak, çözgütleri erkin ara-alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak kadalaryna esaslanýandygy barada nygtap geçdi.

Maslahatda ýurdumyz we halk bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp halkyň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm çözgütler kabul edildi. Ýagny ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän öz-gertmeleri kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çek-mek hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bi-len, “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda,” döwletimiziň ähli ugurlarda durnukly we ulgamlaýyn ösüşini gazanmak, binýatlyk çeşmeleri rejeli peýdalanmak hem-de dur-muş ýeňilliklerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün etmegi tertipleşdirmek hakynda” kararlary kabul edildi we durmuşa ornaşdyrylýar.

Mundan başga-da ýurdumyzda onlarça uzakmöhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýänligini bellemegimiz zerurdyr. Ol Maksatnamalar, esasan, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy»,“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy”, “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy” we beýleki maksatnamalardyr.

Hasabat döwründe ol maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzda adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek we goramak maksady bilen saldamly işleriň durmuşa geçirilenligini bellemegimiz zerurdyr. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçilikleriniň ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek döwletimiz tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we bimöçber işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň ähli taraplaýyn hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny kepillikleriniň üpjün edilýändigine we ol hukuklaryň we azatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilýänligine garamazdan, bu ugurda işlerimizi has-da kämilleşdirmegi talap edýän ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Bular barada maglumatyň degişli baplarynda giňişleýin durlup geçilýär.

II bap. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme

Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirip, onuň esasy wezipeleriniň biri hem, raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek bolup durýar.

Adalatçynyň şikaýatlara seretmegi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, esasan hem onuň 21-nji maddasy bilen kadalaşdyrylyp, onda, Adalatçynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgütlerine ýa-da hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlara seredýändigi, şeýle-de Adalatça ýüz tutulanda haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi baradaky alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýändigi barada göz öňünde tutulan.

Adalatçynyň diwany döredilen gününden başlap, Adalatçy tarapyndan tassyklanan raýatlary kabul etmegiň tertibine laýyklykda raýatlaryň dilden kabul edişligi alnyp barylýar. Bu kabul edişlik hasabat ýylynda hem şol tertibe laýyklykda, ýagny Adalatçy we diwanyň Adam hukuklarynyň goragy we raýatlaryň ýüztutmalary boýunça işlemek bölüminiň ýolbaşçysy we maslahatçylary tarapyndan alnyp baryldy. Raýatlaryň dilden kabul edişligi ýurdumyzyň sebitlerinde hem gurnaldy. Mundan başga-da, raýatlarymyz, Adalatçynyň diwany tarapyndan telefon arkaly döredilen mümkinçilikden yzygiderli peýdalanyp, özleriniň meseleleri boýunça maglumatlary aldylar we sorag-jogap alyşdylar. Şonuň ýaly hem raýatlarymyzyň ýazmaça ýüztutmalaryna hem seredildi.

Seljerilýän ýylyň dowamynda, ýagny 2018-nji ýylda, Adalatçynyň diwany tarapyndan ýüztutmalaryň jemi 985-si hasaba alnyp, olaryň 479 sanysy ýazmaça we 506 sanysy bolsa dilden beýan edilen ýüztutmalardyr.

Aşakda, ýylyň dowamynda gelip gowşan ýazmaça we dilden ýüztutmalaryň sanlaryna geçirilen seljerme ýerleşdirildi:


Maglumatlardan görnüşi ýaly, ýylyň dowamynda ýazmaça şikaýatlaryň 479-syndan, birinji çärýekde ýüztutmalaryň 121-si gelip gowşan bolsa, ikinji çärýekde olaryň sany 138-e çenli artdy, soňky üçünji çärýekde 80-e çenli peselen hem bolsa, dördünji çärýekde ýene-de artyp, 140-a deň boldy. Dilden beýan edilen şikaýatlaryň 506-sy hasaba alnyp, olardan birinji çärýekde - 90 ýüztutma, ikinji çärýekde - 128; üçünji çärýekde - 150 we dördünji çärýekde - 138 sany ýüztutma boldy. Jemi ýurdumyz boýunça 2018-nji ýylyň dowamynda ýazmaça we dilden ýüztutmalaryň 985-si hasaba alyndy.

Görkezijilerden ugur alynsa, raýatlaryň yzygiderli Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmagy, olaryň öz hukuklaryny goramagyň serişdeleri, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işleri barada habarlylygynyň artýanlygy bilen düşündirmek bolar.

Aşakda ýazmaça gelen ýüztutmalara sebitler boýunça geçirilen seljerme getirilýär:


Bu görkezijilere seljerme berlende, Adalatçynyň diwanyna jemi gelip gowşan ýazmaça şikaýatlaryň köpüsi, ýagny 147-si ýa-da 30,7% Aşgabat şäherinden, 108-si ýa-da 22,5% Balkan welaýatyndan, galan 85-si ýa-da 17,8% Daşoguz welaýatyndan, 72-si ýa-da 15,0% Lebap welaýatyndan bolup, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden - Mary welaýatyndan 50 ýa-da 10,4%, iň az möçberde, ýagny 17 ýa-da 3,6% ýüztutmalar Ahal welaýatyndan hasaba alyndy.

Geçirilen seljermede Adalatçynyň diwanyna gelen 479 sany ýazmaça ýüztutmalaryň 70-si ýa-da 14,6% gaýtadan gelenler bolup, olar sebitler boýunça görkezilende – Aşgabat şäheri boýunça – 19-sy; Balkan welaýaty boýunça – 28; Daşoguz welaýaty boýunça – 5; Lebap welaýaty boýunça – 5; Mary welaýaty boýunça – 12 we Ahal welaýaty boýunça – 1 ýüztutma.

Maglumatdan görnüşine görä, gaýtadan ýazylan ýüztutmalaryň iň köp sanlysy Balkan welaýatyndan bolup, kähalatlarda 1 raýat tarapyndan 5-6 sany ýüztutma bolan halatlary boldy.

Meselem, welaýatyň ýaşaýjysy D.S. – bir edara ýolbaşçysynyň bikanun hereketleri barada 6 gezek, şol welaýatyň ýaşaýjysy D.B. – şol bir meselesi bolan, ýaşaýyş jaý boýunça çykarylan kazyýet kararyndan nägiledigi barada 5 gezek, ýa-da Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy S.B. – hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun hereketleri barada 5 gezek gaýtadan ýüz tutdy. Ol raýatlaryň arzalaryna hereket edýän kanunçylyga salgylanyp, öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň serişdeleri, ýagny ilki şikaýat bilen ýüz tutmaly salgysy we tertibi düşündirilip, maslahat beriş jogaplaryň berlendigine garamazdan, ony nazara alman, gaýtadan Adalatçynyň diwanyna ýüz tutulan halaty hem boldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly ýüztutmalar boýunça netijä gelnende «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda ýüz tutulan halatynda, ýüz tutanlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär.

Şoňa görä-de, umumy ýazmaça ýüz tutan, şol sanda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sanyna seljerme geçirilende olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy jynsa we millete degişlilikleri baradaky görkezijiler hem görkezilendir: (muňa arzalary seredilmän galdyrylan raýatlaryň sany girizilmedi).


Kanunda berkidilen kada laýyklykda, Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dili bolan - türkmen dilinde alnyp barylýar. Adalatça ýüz tutan raýatlar özleriniň ene dillerinde ýa-da bilýän başga dillerinde ýüz tutup bilýärler. Şeýle bolan ýagdaýynda ýüz tutana jogap döwlet dilinde berlip, şol bir wagtda ol jogap onuň bilýän ýa-da ýüz tutan dilinde hem berilýär.

Raýatlaryň ýazmaça ýüz tutmalarynda gozgalýan meseleleriň mazmuny boýunça hem seljerme geçirildi.


(Seredilmän galdyrylan (101) ýüztutmalaryň meseleleri muňa goşulmady (21,1%).

Görkezijilerden görnüşi ýaly, raýatlaryň ýazmaça ýüz tutmalarynyň esasy bölegi ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meseleler boldy, ýagny 99 sany ýa-da 20,7%, soňra kazyýet kararlaryna nägiledikleri baradaky ýüztutmalar - 55 sany ýa-da 11,5%; migrasiýa meseleleri - 52 sany ýa-da 10,9%; zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler - 50 sany ýa-da 10,4%, kärende we mellek ýer - 15 sany ýa-da 3,1%, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bilen baglanyşykly ýüztutmalar - 12 ýa-da 2,5%, günä geçmek barada ýüztutma – 6 ýa-da 1,3%, jenaýat işi boýunça - 7 ýa-da 1,5% düzýär. Galan meseleler - pensiýa meselesi – 4 ýa-da 0,8%, bilim we saglyk hukuklary barada, hersi 2 meseleden ýa-da 0,4% we saýlaw hukugyna degişli 1 mesele ýa-da 0,2% bolup, beýleki meseleler 73 sany ýa-da 15,2% deň boldy.

Seljermeden az sanly bolsa-da, beýleki dürli meseleler boýunça, ýagny kanunçylygy düşündirmek, bank ulgamynyň meseleleri, wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri barada, edara-kärhanalara, wezipeli adamlara ýüztutmalary boýunça berilýän jogapdan nägilelik ýaly we başga-da dürli meseleler boýunça ýüztutmalardyr.

Ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň esasy böleginiň Aşgabat şäherinden we Balkan welaýatyndandygy geçirilen seljermeden görünýär. Ýagny, jemi şol mesele bilen ýüztutmalaryň 99 sanysyndan

48-i ýa-da 48,5% Aşgabat şäherinden, 23 sanysy ýa-da 23,2% Balkan welaýatyndan bolup durýar.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan şikaýatlar boýunça “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda netijä gelindi. Ýagny, şikaýatyň berilmeginiň tertibi, möhleti, mazmuny kanunyň talaplaryna laýyk gelse, ol şikaýatlar önümçilige kabul edildi we degişli tertipde seredildi, emma görkezilen talaplara laýyk gelmese, olary önümçilige kabul etmekden ýüz dönderildi, şeýle-de, käbir şikaýatlar boýunça ýüz tutanlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirilip, maslahat beriş jogaplar berildi.

Önümçilige kabul edilen şikaýatlar, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, görkezilýän delilleri barlamakda ýardam edilmegi üçin, ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutulyp, degişliligi boýunça iberildi.

Şeýle-de, kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Adalatçy käbir şikaýatlar boýunça degişli edaralara öz tekliplerini iberdi.

Adalatçynyň diwanyna gelen ýazmaça ýüztutmalara seredilmegiň netijelerine sebitler boýunça aýratynlykda seljerme geçirildi.


Görkezijilere laýyklykda, Türkmenistan boýunça gelen 479 sany ýazmaça arzalaryň önümçilige kabul edilenleriniň 189-sy ýa-da 39,5% boýunça olarda görkezilen delilleri barlamakda ýardam edilmegi üçin 182-si we 7 sanysy teklipler bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutulyp, degişliligi boýunça iberildi. Olardan 173-sine seredilip, 16-sy ýa-da 9,2% kanagatlandyryldy, 16-sy bolsa ýylyň ahyryna galan arzalar bolup durýar.

Bu görkezijiler sebitler boýunça aýratynlykda hem seljerilip, Aşgabat şäheri boýunça gelen 147 sany arzalaryň 57-si ýa-da 38,8%, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji we 30-njy maddalaryna esaslanyp, arzada görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermek üçin, şeýle-de teklipler ugradylyp, olaryň 51-sine seredilip, olardan degişli jogaplar alnyp 5 sany arza ýa-da 9,8% kanagatlandyryldy we 6 sany arza seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Balkan welaýaty boýunça 108 sany gelen arzalaryň 44-si ýa-da 40,7% degişli edaralara iberilip, olaryň 38-sine seredilip, 4 sany arza ýa-da 10,5% kanagatlandyryldy we 6 sany arza seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Daşoguz welaýaty boýunça 85 sany gelen arzalaryň 32-si ýa-da 37,6% degişli edaralara iberilip, olaryň 29-syna seredilip, 2 sany arza ýa-da 6,9% kanagatlandyryldy we 3 sany arza seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Lebap welaýaty boýunça 72 sany gelen arzalaryň 34-si ýa-da 47,2% degişli edaralara iberilip, olaryň ählisi seredilip, 4 sany arza ýa-da 11,8% kanagatlandyryldy; Mary welaýaty boýunça 50 sany gelen arzalaryň 12-si ýa-da 24,0% degişli edaralara iberilip, olaryň ählisine seredildi, olardan kanagatlandyrylany we ýylyň ahyryna galdyrylany ýok; Ahal welaýaty boýunça 17 sany gelen arzalaryň 10-sy ýa-da 58,8% degişli edaralara iberilip, olaryň 9-syna seredilip, 1 arza ýa-da 11,1% kanagatlandyryldy we 1 arza seredilmän ýylyň ahyryna galdy.

Şeýle-de, Kanunda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda Adalatçynyň diwanyna gelen arzalaryň 189-sy ýa-da 39,5% boýunça ýüz tutanlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri düşündirilip, maslahat beriş jogaplar berildi. Hat üsti bilen berilýän şeýle maslahatlar, arza beriji üçin uly goldaw bolup, olaryň öz meseleleri boýunça kanunalaýyk hereket etmäge ýardam edýär.

Adalatçynyň diwanyna gelen arzalaryň 101-i ýa-da 21,0% seredilmän galdyryldy. Olardan, şikaýaty ýazan tarapyndan gol çekilmändigi sebäpli - 19 arza, täze ýagdaýlaryň ýüze çykman, şol bir mesele boýunça gaýtadan ýazylan arzalaryň – 70-si, Adalatçynyň ygtyýarlyklaryna girmeýän meseleler boýunça – 9 sany arza, şeýle-de, kanun boýunça Adalatça ýüz tutmagyň möhleti geçirilip ýazylan - 3 arza seredilmän galdyryldy.

Maglumatda kabul edilen şikaýatlaryň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, görkezilýän delilleri barlamakda ýardam edilmegi üçin, şeýle-de kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp degişli edaralara Adalatçynyň teklipleriniň iberilendigi barada görkezilen. Şol ýüztutmalaryň haýsy edaralara ugradylanlygyna we onuň netijelerine hem seljerme geçirildi.


Maglumatdan görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna gelen arzalaryň 479-dan 182-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, arzada getirilýän delilleriň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin, 7-si boýunça bolsa Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp degişli edaralara olara seredilmegiň möhletleri görkezilip iberildi. Muňa garamazdan 189 sany arzanyň 78-si boýunça bellenen möhletde jogaplary berilmän, Adalatçynyň diwany tarapyndan ýüz tutan raýatlara kanunda görkezilen möhletde jogap bermeklige bökdençlik döretdi. Şeýle-de, möhleti bozulyp, jogap gelmeýän 23 sany arza boýunça ýatlatma hatlary ugradyldy.Olardan, Aşgabat şäher häkimligine - 13, Balkan welaýat häkimligine - 4, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna - 2, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Oba we suw hojalyk ministrligine, Lebap we Ahal welaýat häkimliklerine hersine 1 ýatlatma hatlary iberildi.

Şeýle-de Aşgabat şäher häkimligine 27 sany seretmeklik üçin iberlen arzalaryň 22-si boýunça möhleti bozulan jogap alnan, şol arzalar boýunça 13 sany ýatlatma hatlar iberilen, ýylyň ahyryna çenli olardan 4 sany arza jogap berilmedi. Balkan welaýat häkimligine seretmek üçin iberlen 16 sany arzadan 14-si boýunça jogap hatlary möhleti bozulyp alyndy, ol arzalar boýunça hem 4 sany ýatlatma hatlary iberildi, Daşoguz welaýat häkimligine iberlen 9 arzanyň 4-si boýunça, Lebap welaýat häkimligine iberilen 8 arzanyň 4-si boýunça, Mary welaýat häkimligine iberilen 7 arzanyň 6-sy boýunça we Ahal welaýat häkimligine iberilen 7 arzanyň 5-si boýunça jogap hatlary gijikdirilip alyndy, şeýle-de Lebap we Ahal welaýat häkimlikleriniň hersine 1 ýatlatma hatlary ugradyldy.

Görkezilen seljermeden görnüşi ýaly raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň möhletleriniň köpsanly bozulmalaryna ýol berilýär. Adalatçynyň diwany tarapyndan ugradylýan hatlarda, ýüztutmalara seretmegiň mümkin bolan we kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletiň görkezilýänligine, hat we dil üsti bilen ýatladylýanlygyna garamazdan, ýüztutmalar boýunça wagtynda iş geçirilip, degişli jogaplaryň berilmeýänligi, bir tarapdan ol guramalarda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň kadalarynyň berjaý edilmeýänligini görkezse, beýleki bir tarapdan raýatlaryň meselesiniň öz wagtynda çözülmegini we Adalatçy tarapyndan olaryň hukuklarynyň netijeli goralmagyny bökdeýär.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, Adalatçynyň diwanyna dil üsti bilen ýüztutmalaryň hem bolmagy yzygiderli bolup, jemi ýylyň dowamynda 506 sany ýüztutma hasaba alyndy.

Ýüztutmalar aýratynlykda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça seljerildi.


Görkezijilere görä ýüztutmalaryň 230-sy ýa-da 45,6%, ýagny esasy bölegi Aşgabat şäherinden bolup, ol ýüztutmalaryň köp sanlylygyny Adalatçynyň diwanynyň Aşgabat şäherinde ýerleşip, onuň raýatlara el ýeterliligi bilen düşündirip bolar.

Şeýle-de, görkezilen ýüztutmalar döwürleýin we raýatlaryň sany boýunçada seljerildi.


Şeýle-de geçirilen seljermä görä dilden ýüz tutup gelen 537 adam dürli milletleriň wekilleri bolup, olardan türkmen - 456; rus - 42; özbek - 14; azerbaýjan - 9; ukrain - 2; gazak - 2; moldowan - 2; galan 10 raýat - owgan, pars, türk, eýran, lezgi, lakes, koreý, ýewreý, başkir, ermeni milletine degişlidir.

Ýüz tutanlary milletine ýa-da beýleki bir alamatlaryna görä seljerilmegi, olaryň hemmesine öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänligi bilen düşündirilýär.

Dilden ýüztutmalar hem meseleleri boýunça seljerildi.


Seljermeden görnüşine görä, raýatlaryň dil üsti bilen ýüztutmalarynyň hem köp sanlysy ýaşaýyş jaý meselesi boýunça 211-si ýa-da umumy ýüz tutmalaryň 41,7%, zähmet meselesi - 70 ýa-da 13,8%, migrasiýa meselesi - 40 ýa-da 7,8% we kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler - 32 ýa-da 6,3% düzýär.

Şeýle-de, raýatlaryň dilden kabul edişligi, Adalatçynyň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň sebitlerinde hem gurnaldy. Şol kabul edişlikler Adalatçynyň diwanyna sebitlerden gelip gowşan ýazmaça we dilden ýüztutmalara geçirilen seljermäniň esasynda, olaryň iň köp gelýän çäklerinde gurnaldy.

Kabul edişligiň dowamynda jemi 69 sany ýüztutma bolup, 71 adam ýüz tutdy. Olaryň içinde dürli meseleler bilen, dürli milletleriň wekilleri bolup, türkmen – 59, rus – 5, özbek – 5, koreý – 1, 1 adam bolsa gazak milletine degişlidir. Olaryň meseleleri esasan ýaşaýyş jaý meselesi 34 sany, 6 sanysy ýer , 13 sanysy zähmet meselesi, 3 sanysy kazyýet kararlaryndan nägilelik , 13 sanysy bolsa beýleki dürli meselelerdir.

Kabul edişlik Ahal welaýatynda Ak bugdaý etrabynda, etrap häkiminiň «Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi toparyny döretmek hakyndaky» karary esasynda döredilen ýörite toparynyň agzalary bilen bilelikde Adalatçy we onuň diwanynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Kabul edişlige jemi dil üsti bilen 15 sany ýüztutma boýunça 17 adam gelip, olardan 2 sany ýüztutma toparlaýyn boldy.

Bu welaýatda ýüz tutmalaryň köp sanlysy kärende, mellek ýer we ýaşaýyş jaý, zähmet meseleleri bolup durýar.

Şeýle dilden kabul edişlikler ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem geçirilip, Mary welaýaty boýunça Mary şäher häkimliginde “Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi toparyň” agzalary bilen bilelikde geçirilip, kabul edişlikde 18 sany raýatyň ýüztutmalary diňlenildi. Ýüztutmalar, esasan, ýaşaýyş jaý meselesi boýunça bolup, şol mesele bilen 11 adam, zähmet meselesi bilen 2 adam, kazyýetiň kararlaryna nägiledikleri barada 2 adam, şeýle-de beýleki meseleler bilen 3 adam ýüz tutdylar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde-de, Adalatçynyň we onuň diwanynyň işgäriniň gatnaşmagynda şäher häkimliginde döredilen Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi toparyň agzalary bilen dilden kabul edişlik geçirilip, onda 16 raýat kabul edildi. Olaryň esasy ýaşaýyş jaý meselesi boýunça 7 sany ýüztutma, iş bilen üpjün edilmeklerini sorap ýüz tutanlar 6 sany we beýleki meseleler bilen 3 sany ýüztutma boldy.

Adalatçynyň we onuň diwanynyň işgäriniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginde hem Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça döredilen ýörite işçi toparyň agzalary bilen bilelikde geçirilen kabul edişlikde 12 raýat kabul edilip, olardan 7 adam ýaşaýyş jaý meselesi boýunça, 4 adam zähmet meselesi bilen we 1 adam kazyýet kararlaryndan nägiledigi baradaky mesele bilen ýüz tutdy.

Daşoguz welaýatynda hem şeýle kabul edişlik Köneürgenç şäheriniň häkimliginde, Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi toparyň agzalary bilen bilelikde geçirildi. Ol kabul edişlikde jemi 8 sany raýat ýüz tutup, olaryň 3-si durmuş üpjünçiligi, 2-si ýaşaýyş jaý meselesi, 1 adam zähmet meseleleri we 2 adam beýleki meseleler boýunça ýüz tutdular.

Ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlaryň kabul edişligi bu mesele boýunça ýörite döredilen toparyň agzalary we esasy ýüze çykarylýan meseleler boýunça degişli gulluklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Şonuň netijesinde, ýerlerde kabul edilen raýatlaryň meselelerini ýerinde, dessin, kähalatlarda bolsa kanagatlanarly çözülmegine mümkinçilik döredi. Şeýlelikde, ýerlerde kabul edilen raýatlaryň meseleleri boýunça diňe maslahat bermek bilen çäklenilmän, olaryň käbirleriniň ýerinde dessin çözülmegine ýardam edildi.

III bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

Raýatlyk we syýasy hukuklar we azatlyklar beýleki ähli hukuklaryň hereket etmeginiň hökmany şerti bolup durýar. Syýasy azatlyklary amala aşyrmak mümkinçiligi şahsyýetiň erkinliginiň esasylarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklady. 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda bolsa Türkmenistan paktyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen ikinji Fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy boldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna goşulan wagtyndan bäri, gatnaşyjy döwlet hökmünde adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda hukuk we syýasy ygrarlylygyny görkezdi. Şu maksat bilen Paktyň esasy düzgünleri Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalaryna ornaşdyryldy we bu işler ýurdumyzda yzygiderli dowam edilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň geçen 2018-nji ýylda alyp baran işleri hem doly şaýatlyk edýär. Ýagny beýleki hukuklar bilen bir hatarda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň kämilleşdirilmegi, has takygy Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň, Saýlaw kodeksiniň, “Migrasiýa hakynda”, “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň kämilleşdirilmegini belläp bileris.

Şu ýerde Türkmenistanyň adamyň raýatlyk we syýasy hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada BMG-niň degişli komitetlerine öz milli hasabatlaryny berýänligini we komitetiň agzalary tarapyndan berlen maslahatlary öwrenmek we onuň üstünde işlemek boýunça ulgamlaýyn iş alnyp barylýanlygyny bellemegimiz gerek. Muňa mysal edip geçen hasabat ýylynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiň maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşyp, adamyň we raýatyň beýleki hukuklary bilen bir hatarda olaryň raýatlyk we syýasy hukuklary barada hem açyk gepleşikleriň alnyp barlanlygyny, onda berlen teklipleriň üstünde iş alnyp barylýanlygyny belläp bileris.

Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň berjaý edilmegi babatdaky işler Adalatçynyň ýyllyk meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň esasylarynyň biridir we bu ugurda belli bir işler alnyp baryldy.Ýagny adamyň esasy syýasy hukuklarynyň biri hem olaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarydyr. Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukugy we olaryň döwlet häkimiýeti edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugy ýurdumyzyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilýär we kadalaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Türkmen halky taryhy senede ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, ýerli wekilçilikli edaralaryň - Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň - Geňeş agzalaryny saýlamaga bolan konstitusion hukugyny amala aşyrdylar. Saýlawlar ilkinji gezek üç partiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda giň bäsleşik esasynda geçirildi. Adalatçynyň wezipe ygtyýarlyklaryna laýyklykda bu saýlawlarda raýatlarymyzyň saýlaw hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen Adalatçy diwanyň degişli işgärleri bilen saýlawa taýýarlyk görülýän we saýlawyň geçirilýän günlerinde Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň birnäçe saýlaw uçastoklarynda boldy. Has takygy 2018-нји йылыň 23-нји мартында Ашгабат шäхериниň Аннаныяз Артык адындакы йöрüтелешдирилен 68-нји орта мекдебиниň бинасында йерлешйäн шäхериň Кöпетдаг этрабыныň 48-нји сайлав uçastogyna, Халкара небит ве газ институтыныň бинасында йерлешен 77-нји сайлав участогына, Ahal wелаятыnyň Ак бугдай этрабыnыň Äнев шäхеринде ýerleşýän medeniýet öýüniň binasynda ýerleşýän 59-njy, 27-nji orta mekdebiň binasynda ýerleşýän 16-njy, 15-nji çagalar bagynyň binasynda ýerleşýän 12-nji, 20-nji çagalar bagynyň binasynda ýerleşýän 50-nji saýlaw uçastoklaryna, şeýle-de şol etrabyň Gämi obasynda ýerleşýän 16-njy çagalar bagynyň binasynda ýerleşen 9-njy, 28-nji orta mekdebiniň binasynda ýerleşen 10-njy saýlaw uçastoklaryna barylyp, saýlawlara taýýarlyk görlende degişli kanunlaryň talaplaryna laýyklykda dalaşgärleriň we saýlawçylaryň hukuklarynyň berjaý edilişi bilen tanşyldy. Saýlaw uçastoklarynda bolnanda esasan uçastoklarda saýlawçylaryň öz saýlaw hukuklaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmaga döredilen şertler, olaryň saýlawçylaryň sanynda tükel bolmagy, dalaşgärleriň terjimehallary bilen doly tanşyp netijä gelmäge döredilen mümkinçilikler, şeýle-de saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara öňünden ses bermäge, özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçilikleriniň üpjün edilişi, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň bozulanlygy barada şikaýatlaryň gelip gowşanlygy ýa-da ýoklugy, saýlaw toparlarynyň işleriniň kanuna laýyk resmileşdirilişi baradaky meselelere üns berildi. Saýlaw uçastoklarynyň käbirlerinde gönümel kanun bozulmalar bolmasa-da, saýlawçylaryň dalaşgärlerden mynasybyny saýlamak hukuklaryny amala aşyrmagyna päsgelçilik döredip biljek nätakyklyklar ýüze çykaryldy. Meselem, Ahal welaýatynyň 9-njy we 10-njy saýlaw uçastoklarynda dalaşgärleriň býulletenlerde görkezilen maglumatlary bilen olaryň terjimehalyndaky maglumatda saýlanylýan edarasynyň gabat gelmeýänligi, ýagny býulletenlerde nätakyklygyň goýberilenligi, dalaşgärleriň terjimehal maglumatlarynda olaryň haýsy saýlawly edara saýlanylýanlygy barada görkezilmänligi ýaly kemçiliklere ýol berlenligi anyklanyldy we dilden bellik edilmegiň netijesinde kemçilikler ýerinde düzedildi.

Saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýaşy ýetmişden geçen ýaşuly we ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň sanawy aýratyn görkezilip, saýlawlar gününden ýadygärlik galar ýaly, olara sowgatlar gowşurmak göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle-de saýlawlaryň geçirilýän güni 25-nji martda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň birnäçe saýlaw uçastoklaryna barlyp, saýlawlaryň geçişine syn berildi. Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji orta mekdebiniň binasynda ýerleşen 4-nji, 140-njy orta mekdebiniň binasynda ýerleşen 1-nji, şäheriň Täze zaman obasynda ýerleşýän 142-nji orta mekdebiniň binasynda ýerleşen 80-nji, şol obanyň saglyk öňünde ýerleşen 79-njy uçastoklarynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň saglyk merkezinde ýerleşen 46-njy, şol obanyň medeniýet öýünde ýerleşen 45-nji, Гöкдеpе этрабыныň

1-nји орта мекдебиnде ýerleşen 28-нји, etrabyň köpugurly hassahanasynyň binasynda ýerleşen 31-nji saýlaw uçastoklaryna baryldy. Saýlaw uçastoklarynda gatnaşygyň göterimi bilen tanşylanda, saýlawçylaryň öz saýlaw hukuklaryndan işjeň peýdalanýandyklaryna göz ýetirildi. Mundan başga-da saýlawlara taýýarlyk we saýlawlaryň geçýän günlerinde barlyp görlen uçastoklarda arza-şikaýatlaryň bellige alynmandygy anyklandy. Şeýle-de saýlaw uçastoklarynda bolnan döwründe halkara synçylar bilen gabat gelmegiň hem-de olaryň ýörite kitapçalarda goýan ýazgylarynyň netijesinde, halkara synçylaryň şol uçastoklaryň ählisinde diýen ýaly bolup saýlawlaryň geçişine syn edendikleri görünýär. Şu ýerde saýlawlar döwründe halkara synçylaryň 142-siniň, milli synçylaryň bolsa 4 müňden gowragynyň gözegçiligi amala aşyrandygyny bellemek zerurdyr.

Şу saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynyň 37-sinde wideo kameralar gurnalyp, on-line tertipde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň web-saýtynda ilata göni ýaýlymda görkezildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň berýän maglumatyna görä saýlawlar güni 3 291 525 (üç million iki ýüz togsan bir müň bäş ýüz ýigrimi bäş) saýlawçydan, 3 019 957 (üç million on dokuz müň dokuz ýüz elli ýedi) saýlawçy seslerini berip, munuň özi ýurdymyzyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,75% göteriminiň gatnaşanlygyny görkezýär.

Agzalyp geçilenler saýlawlaryň giň bäsdeşlik, aç-açan, kanunlaryň talaplaryny berjaý etmek bilen geçirilenligine şaýatlyk edýär.

Hasabat döwründe Адалатчыныň диванына сайлав хукукларыныň бозулмагы билен багланышыклы 1 саны ýazmaça шикаят гелип говушды. Ягны, raýat Б.М. öзüниň дöвлет хäкимийет эдараларына ве йерли öз-öзüňи доландырыш эдараларына сайланмага болан хукугyныň дикелдилмегини сорап йüз тутды. Онуň арзасыnda getirýän delilleri “Адалатчы хакында” Тüркменистаныň kануныныň 27-нји маддасына laýyklykda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň ýardam etmeginde barlanyldy we şikaýatda getirilýän delilleriň tassyk bolmanlygy, ýagny ýüz tutan tarapyndan saýlawly edaralara dalaşgär bolup gatnaşmaklygyň Тüркменистаныň Сайлав кодексиниň 44, 47-нји маддаlarынda göz öňünde tutulan талапларыnyň бозуландыгы sebäpli şikaýat kanagatlandyrylman galdyryldy.

Adalatçynyň ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň biri hem, düzediş edaralara baryp iş kesilenleriň hukuklarynyň berjaý edilşini barlamak. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Adalatçy deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara päsgelçiliksiz we öňünden duýdurmazdan barmaga we özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary, wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary bilen bilelikde olaryň işine barlag geçirmäge ygtyýarlydyr.

Şeýle-de, Kanunyň talaplaryna laýyklykda, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilmäge degişlidir.

Kanunda we ýyllyk iş meýilnamada göz öňünde tutulan şu wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Adalatçy tarapyndan hasabat döwründe ilki iş kesilenleriň aýratyn topary bolan aýallar we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklarynyň üpjün edilişine üns berildi.Ýagny iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saklanylýan ýeri bolan Mary welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli MR-E/13, şeýle-de iş kesilen zenanlaryň saklanylýan ýeri bolan Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli DZ-E/8 edaralaryna barlyp görüldi.

MR-E/13 edarasynda 2015-nji ýylda 2 114 240 manatlyk gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, iş kesilenleriň ýaşaýyş şertleri halkara ölçeglerine laýyk getirilen. Edarada jemi 81 sany iş kesilen bolup, olaryň 68 sanysy Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 127 maddasynyň talaplaryna laýyklykda, bu terbiýeleýiş edarasynda ýigrimi bir ýaşyna çenli galdyrylan kämillik ýaşyny dolduran iş kesilenlerdir. Iş kesilenleriň arasynda maýyplygy bolany ýok. Barlag wagtynda Adalatçy tarapyndan toparlarda we aýratynlykda jeza çäresini çekýänler bilen duşuşyklar, gürrüňdeşlik geçirildi. Olaryň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak mümkinçilikleriniň döredilişine, ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilişine barlag geçirilip, olara bu mümkinçilikleriň doly döredilenligi anyklanyldy. Mundan başga-da, iş kesilenlere edaranyň çäginde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik hem döredilipdir. Dükanda satylýan azyk harytlarynyň möhletleri seljerilende, möhleti geçen harytlar ýüze çykarylmady. Edarada iş kesilenler üçin 4851 kitapdyr žurnaldan ybarat baý gory bolan kitaphananyň hyzmat edýänligini we ondan günde okyjylaryň onlarçasynyň peýdalanýanlygy bellenildi.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem iş kesilenlere orta bilim almaga döredilen mümkinçilikdir. Has takygy iş kesilenler bu edaranyň çäginde ýerleşen, şäheriň № 14-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Bilim ministri bilen ylalaşyp tassyklan meýilnamasy esasynda bilim alýarlar. Iş kesilenler üçin adaty orta bilim berýän mekdebiň şahadatnamasyny almaklary, olaryň terbiýelenip, durmuşa uýgunlaşmagy üçin döredilen oňyn mümkinçilikdir. Mekdepde 18,5 wezipe birligine laýyklykda mugallymlar degişli dersler boýunça okadýar. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem edaranyň wezipe birligine laýyklykda 1 sany psihologyň iş kesilenler bilen degişli iş alyp barýanlygydyr. Edarada bolnup iş kesilen ýetginjekler bilen olaryň şol gün duşuşyga gelen hossarlary bilen bilelikde duşuşylyp gürrüňdeşlik geçirilende, iş kesilenlerden we olaryň hossarlaryndan arza-şikaýat gelip gowuşmady. Şeýle-de hasabat döwri Adalatçynyň diwanyna jenaýat jogapkärçiligine çekilen we iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmediklerden we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan, kanuny wekillerinden ýüz tutmalar gelip gowuşmady. Düzediş edarasynda bolnanda iş kesilen ýetginjekler tarapyndan edilen etmişiň görnüşleri, gaýtadanlygy, olaryň ýaşaýan sebitleri we beýleki ýagdaýlary doly seljerildi we netijesi boýunça degişli teklip taýýarlanyldy.

Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli iş kesilen zenanlaryň saklanylýan DZ-E/8 edarasy täzeden gurlup 2013-nji ýylda ulanylmaga berlen. Düzediş edarasynyň binasyny gurmak üçin döwlet býujetinden 285 585 000 amerikan dollary goýberilen. Edaranyň binasy halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda gurlup, iş kesilenleriň ýatak jaýlarynda, işleýän sehlerinde hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Edarada jemi 2364 iş kesilenler bolup, olar umumy,berk, türme düzgüninde saklanýarlar. Barlag wagtynda iş kesilenleriň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, olaryň saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek şertleri, ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilişi barlanyp, olara bu mümkinçilikleriň doly döredilenligi bellenildi. Edarada iş kesilenler üçin 3642 kitapdyr žurnallardan ybarat baý gory bolan kitaphana we elektron kitaphana bolup, ondan günde okyjylaryň onlarçasy peýdalanýar. Mundan başga-da iş kesilenlere edaranyň çäginde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik hem döredilipdir. Dükanda satylýan azyk harytlarynyň möhletleri seljerilende, möhleti geçen harytlar ýüze çykarylmady. Iş kesilenlere zähmet çekmek mümkinçiligi doly döredilip, olar 350 orunlyk üç çalşykda işleýän tikin sehinde, 250 orunlyk aýakgap sehinde, şeýle-de el işler tikin sehinde zähmet çekýärler. Olaryň eden işlerine görä şahsy hasabyna zähmet haklaryny geçirmek doly ýola goýlupdyr. Barlag güni Adalatçy tarapyndan iş kesilenler bilen ýaşaýan otaglarynda, iş ýerlerinde, toparlarda we aýratynlykda duşuşyklar, gürrüňdeşlik geçirildi we şonda iş kesilen M.Z tarapyndan bikanun jenaýat jogapkärçilige çekilendigi barada ýüztutma boldy we onuň bu nägileligi boýunça öň eden hereketi takyklandy we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda bu mesele bilen ýüz tutmagyň tertibi düşündirildi. Edarada 80 orunlyk çagalar bagy bolup, ol ýerde barlag gününde çaga saklanmaýanlygy takyklandy. Iş kesilenleriň birisiniň kämillik ýaşyna ýetmedik, ýigrimi sanysy bolsa maýyplyk derejeli bolup, olara kanunçylykda göz öňünde tutulan okuw, saglygy goraýyş we beýleki mümkinçilikler döredilendigi takyklandy. Beýan edilenlerden görnüşi ýaly iş kesilen aýallaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasy, jenaýat ýerine ýetiriş kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryndan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilen. Barlag wagtynda olaryň şol mümkinçiliklerden doly peýdalanýandyklary anyklanyldy.Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna iş kesilip azatlykdan mahrum edilen aýallardan ýüztutma gelip gowuşman, olaryň ýakyn garyndaşlaryndan üç sany ýazmaça we iki sany dilden ýüz tutmalar hasaba alyndy.

Ýüztutmalar, esasan, jenaýat işi boýunça geçirilen derňewden we iş boýunça kazyýetiň hökümine nägilelik barada bolup, olaryň biri günä geçmek meselesi barada bolup, ýüztutmalar boýunça “ Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň degişli kadalaryna laýyklykda öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirildi.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 78 ýazmaça ýüztutma, 72 dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, ýazmaça ýüztutmalaryň 3 sanysy kanagatlandyrylan.

IV bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda Halkara pakty ýurdumyz tarapyndan 1996-njy ýylda tassyklanylan we paktyň düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak, ondan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde berjaý etmek bilen, bu ugurda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygy mälim hakykatdyr.

Çünki ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, bilim almaga, saglygyny gorap saklamaga, ýaşaýyş jaýyna, amatly daşky gurşawa, dynç almaga, medeni durmuşa gatnaşmaga, durmuş goraglylyga bolan hukuklaryny kepillendirýär. Esasy Kanunymyzda göz öňünde tutulan bu kepillikler aýry-aýry kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar, iş ýüzünde ulgamlaýyn amala aşyrylýar.

Geçen hasabat ýylynda hem Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan adamyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň kämilleşdirilmegini has takygy, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň, “Türkmenistanyň Suw kodeksiniň”, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Söwda işi hakynda», «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kämilleşdirilmegini, “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary” ”Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” kanunlaryň kabul edilmegini belläp bileris.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin şertleri döretmek boýunça görülýän çärelere döwlet strategiýasynda aýratyn orun berilýär.

Ýagny raýatlaryň bu hukuklary, häzirki döwür durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşiniň çärelerini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň, şol sanda bu ugurdaky ýörite kabul edilen Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda üpjün edilýär.

Ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen hasabat ýylynda tassyklanan Türkmenistanda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Karary bilen geçen ýylyň martynda tassyklanan bu resminama ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, iş bilen üpjün etmek ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Şu ýerde zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, geçen hasabat ýylynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen ”Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Kanunyň ähmiýetiniň üstünde durup geçmegimiz ýerlikli bolardy. Kanunyň talaplaryna laýyklykda bu toparyň döredilmegi we onuň işi zähmet gatnaşyklaryny talabalaýyk ýola goýmakda möhüm orny eýelär. Çünki bu toparyň üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda Baş ylalaşygy işläp düzmek we taraplaryň arasynda onuň baglaşylmagyny gazanmak, durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek, ýurdumyzyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek, halkara tejribesini öwrenmek, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda degişli halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriň guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak ýaly giň wezipeleri bolup, ol wezipeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzda zähmet gatnaşyklary çygrynda oňyn netijelere getirer.

Görşümiz ýaly ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Muňa garamazdan, zähmet meselesi boýunça ýüz tutmalar Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüz tutmalaryň belli bir bölegini düzýär.Ýagny hasabat ýylynda zähmet meselesi bilen baglanyşykly jemi 50 sany ýazmaça, 70 sany dilden ýüz tutma boldy, olaryň esasy bölegi bolsa işe ýerleşmek bilen baglanyşyklydyr. Ýüztutmalara kanunyň çäginde degişli tertipde seredilen, şeýle-de maslahatlar berlen, olardan 4 sany ýüztutma kanagatlandyrylan.

Ýurdumyzda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak hukugy konstitusion kada esasynda kepillendirilýär. Bu kepillikler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýan kanunlarymyzda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarymyzda öz beýanyny tapýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, adalatlylyk, deňlik we özara kömek ýörelgesine eýermegi üpjün etmek, maliýeleşdirmegi, ilatymyza edilýän öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça özgertmeler durmuşa geçirilýär. Has takygy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini özgertmegiň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hem halkymyzyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, zerur şertleri döredilen saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan peýdalanmagydyr. Şu maksat bilen geçen hasabat ýylynda hem dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan onlarça saglyk öýleri we desgalar açylyp halkymyza hyzmat edip başlady. Hasabat ýylynda Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ajaýyp sowgat alandyklaryny bellemelidiris. Ol ýerde sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biri bolan merkez gurlup ulanylmaga berildi. Bu merkez köpugurly hassahanany we ýokanç keseller hassahanasyny, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny özüne birleşdirýär. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, geçen ýylda giň möçberli çäreler, şol sanda bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirildi. Keselleri wagtynda ýüze çykarmak we ilatyň saglyk ýagdaýyny seljermek maksady bilen, ýurdumyzda zähmet çekýän raýatlarymyza saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary, keselleriň öňüni alyş sanjymlary yzygiderli geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, bu ulgam üçin göz öňünde tutulýan serişdeler, has takygy hasabat ýylynda bu ugra 1 870 488,4 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 1 868 029,9 müň manat möçberde, ýagny 99,9 % ýerine ýetirilmegi, bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adamyň baş baýlygy bolan saglygynyň ýurdumyzda adam hakynda aladanyň ileri tutulýan ugrudygynyň subutnamasydyr.

Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň esasylaryna, goşulyp olarda beýan edilen kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, olaryň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmeginde ygrarlylygyny subut edip gelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýany - 1994-nji ýylda, Maýyplaryň hukuklary hakynda konwensiýany - 2008-nji ýylda, onuň Fakultatiw teswirnamasyny bolsa 2010-njy ýylda tassyklady. Bu halkara resminamalaryň kadalarynyň talaplary hem milli kanunçylygymyzda we iş ýüzünde öz beýanyny doly tapyp gelýär.

Saglygy goraýyş edaralarynda adam hukuklarynyň berjaý edilişine, has takygy döwletimiziň syýasatynyň ileri tutýan ugry bolan aýratyn goraga mätäç bolan adamlaryň, ýagny çagalaryň, maýyplygy bolan, gartaşan adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilişini barlamak boýunça hem belli bir işler geçirildi.

Agzalan çäräniň çäginde Adalatçy tarapyndan ýurdumuzyň sebitlerinde, has takygy Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan Çagalar öýlerine, Maýyplaryň we gartaşan adamlaryň saklanylýan öýlerine barlyp, az sanly hem bolsa sebäp bilen ýeke galan çagalaryň we gartaşan adamlaryň saklanyş şertleri we edaranyň işiniň içki düzgün - tertibi bilen tanşyldy.

Çagalar öýleriniň işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň “Aşgabat şäher we welaýatlaryň Çagalar öýleriniň düzgünnamalaryny tassyklamak hakynda” 2016-njy ýylyň 28-nji iýunyndaky 170 belgili buýrugy bilen tassyklanan Düzgünnamasy esasynda, welaýat müdirlikleri tarapyndan tassyklanan düzgünnamalara laýyklykda alnyp barylýar.

Çagalar öýleri döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilip, olarda çagalaryň bolýan jaýlarynyň şertleri, olary iýmitlendirmek, saglygyny goramak, pedagogik we beýleki idegleri etmegiň, hojalyk-üpjünçilik işleriniň degişli hünärli işgärler tarapyndan kadaly, talaba laýyk alnyp barylýanlygy takyklandy. Çagalar öýlerinde 4 ýaşa çenli çagalar ýaşlary boýunça toparlara bölünip saklanylýar, olara degişli gün tertibi boýunça ideg edilýär.

Şeýle-de, agzalan welaýatlara Maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýlerine baryldy. Bu öýler hem, döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilip, edaralaryň işi hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň “Aşgabat şäher we welaýatlaryň Maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýüniň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda” 28-nji iýun 2016-njy ýyldaky 171 belgili buýrugy bilen tassyklanan Düzgünnamanyň esasynda hereket edýärler. Bu öýlerde hem adyndan belli bolşy ýaly gartaşan adamlar, şeýle-de maýyplygy bolan adamlar saklanylýar. Bu öýlerdäki saklanylýan adamlaryň ýaşaýyş şerti, iýmitlendirilişi, saglygy goraýyş we beýleki hyzmatlaryň degişli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýanlygy anyklanyldy.

Ýurdumyzda adam aladasy bilen alnyp barylýan işler barada maglumatda getirilýän bu mysallar hiç bir adamyň döwlet tarapyndan ünsden düşürilmeýänliginiň subutnamasydyr.

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goramak ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 3 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy, we ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistan Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýa goşulmak bilen, bu halkara resminamada göz öňünde tutulan çagalaryň bilim almaga bolan hukuklary milli kanunçylyga ornaşdyrylyp iş ýüzünde amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň işi halkara ülňülere laýyk getirilýär.

Her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy, şeýle hem umumy orta bilimiň hökmanylygy, ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almagy ýurdumyzyň Konstitusiýasynda kepillendirilýär. Döwlet her bir adamyň öz ukybyna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Bilim ulgamynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalary tassyklanyp amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy aýdylanlaryň aýdyň mysallarynyň biridir.

Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilendir. Jemgyýetimizde döwrebap bilimli, ahlakly, iş başarjaň, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdysady rowaçlygy üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan ýaşlaryň zerurdygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ýiti zehinli ýaşlarymyzy, kämil hünärmenleri, işine ussatlary taýýarlamaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, döwre mynasyp zehinli nesilleri kemala getirmek syýasatynyň ýöredilmegi bilime gönükdirilen maýalaryň öz wagtynda ýokary netijeleri bermeginiň kepili bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem, döwletimiz her ýyl bilim ulgamyny maliýeleşdirmäge döwlet býujetinden köp möçberde serişdeleri göz öňünde tutýar. Geçen hasabat ýylynda hem bilim ulgamyny maliýeleşdirmek üçin 4 948 578,8 müň manat möçberinde serişde goýberilip, ýerine ýetirileni 4 941 242,3 müň manat bolup, ýagny 99,9 % ýerine ýetirilipdir. Bu görkezijiler ýokarda bellenilip geçilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan ösüşleri, özgertmeleri ýene bir gezek tassyklaýar.

Adalatçy tarapyndan bilim ulgamynda adam hukuklarynyň, has takygy maýyplygy bolan çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen, Adalatçy tarapyndan ýurdumyzyň käbir welaýatlarynda has takygy Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynda ýerleşen Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryna baryldy.

Bu toplumlaryň işi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji sentýabryndaky 13835 belgili Karary we onuň esasynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2014-nji ýylyň ýylyň buýrugy bilen tassyklanan Düzgünnamasy we welaýat müdirlikleriniň tassyklan Düzgünnamalary bilen düzgünleşdirilýär. Okuw toplumlary Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Karary bilen her welaýatda maýyplygy bolan çagalar üçin ähli şertler göz öňünde tutulup gurlan, döwrebap binalarda ýerleşen. Bu binalarda çagalaryň maýyplygynyň görnüşi göz öňünde tutulyp ýöriteleşdirilen şertlerde bilim almaga, saglyklaryny dikeltmäge mümkinçilik berýän şertler doly döredilipdir.

Geçen ýylyň dowamynda bilim ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 5 sany ýazmaça, 2 sany dilden ýüztutmalar gelip gowuşyp, olara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, ýazmaça ýüztutmalaryň 2-si kanagatlandyryldy.

Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny konstitusion kada bilen kepillendirýän döwletdir. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.

Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.Raýatlarymyz üçin döredilýän bu mümkinçilikler konstitusion kadalar bilen berkidilendir. Şeýle-de durmuş üpjünçiligi ulgamy, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki kanunlardyr, kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen kadalaşdyrylýar. Bu ugurdaky kanunçylyk namalar hem halkara ülňülerine döwrüň möhüm meselelerine we talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ondan başga-da hemmämize mälim bolşy ýaly, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uzakmöhletleýin maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bu işleriň käbirini agzap geçsek, ilki bilen Maksatnamalarda goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, her ýylda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2018-nji ýylda hem Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini on göterim ýokarlandyrylmagynyň raýatlarymyzyň maddy üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam edýänligini bellemelidiris. Şeýle-de raýatlarymyzyň aýratyn bir toparynyň ýaşaýyş jaýa bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen ,Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda “Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” Karara gol çekenligi hemmämize mälimdir. Bu Karardan gelip çykýan wezipeler doly berjaý edilip, agzalan ýaşaýyş jaýlary doly gurlup gutarylyp, ulanyşa tabşyrylyp, hasabat ýylynda degişli topardan bolan adamlaryň hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilenligini bellemegimiz zerurdyr. Şeýle-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugyny üpjün etmek we isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny, olary satyn almak üçin karz edaralary tarapyndan ýeňillikli göterimler bilen uzakmöhletleýin pul serişdeleriniň berilýändigini bellemek gerek. Raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak baradaky çäreler barada aýdanymyzda, kanunçylykda köp çagaly maşgalalara göz öňünde tutulýan ýeňillikler hem az däl. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny bilen tassyklanylan Düzgünnamanyň esasynda indi onlarça ýyl bäri ýüzlerçe enelerimiz sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip we terbiýeläp «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri bolup gelýärler. Hasabat ýylynyň oktýabr aýynda kabul edilen kanuna laýyklykda bu hormatly adyň Düzgünnamasy has hem kämilleşdirilip, hormatly ada eýe bolan enelerimize goşmaça ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Ýagny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanmak, şeýle-de olaryň diş protezleri hyzmatlaryndan ‒ Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklar göz öňünde tutuldy. Agzalyp geçilenler ýurdumyzda enäniň we çaganyň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýanlygyny subut edýär.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň ykdysady durmuş üpjünçiligine bolan hukuklarynyň her bir ýagdaýda, islendik adam barada ýerine ýetirilýänligine garamazdan, bu ugurda Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmalaryň bolanlygynyň üstünde durup geçeliň. Ýagny, geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli jemi 2 sany ýazmaça, 5 sany dilden ýüz tutmalar gelip gowuşyp, ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Türkmenistan dünýäde gadymy we baý medeniýeti bolan ýurtlaryň biri bolmak bilen, döwlet medeniýetiň, ylmyň, sungatyň, halk döredijiliginiň we sportuň mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär. Munuň şeýledigi, her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklarynyň we azatlyklaryň Türkmenistanyň Esasy Kanunynda we beýleki hukuk namalarynda kepillendirilmegi bilen öz tassygyny tapýar. Ýagny, Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda “Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar” diýlen sözler aýdyň şaýatlyk edýär, şeýle hem her bir adamyň we raýatyň medeni hukuklaryndan peýdalanmagy “Kinematografiýa hakynda” (18.06.2016ý.), “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda” (23.11.2016ý.), “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” (10.01.2012ý.) “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” (28.02.2015ý.), “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” (26.03.2016ý.), “Teatr we teatr işi hakynda” (08.11.2014ý.), “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” (16.08.2014ý.) we beýleki kanunçylyk namalary bilen goralýar.

Geçen ýylyň dowamynda hem Türkmenistanyň çäginde dürli festiwallaryň, medeniýet günleriniň, konsertleriň, teatrlardaky goýlan sahnalaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, kitap, sergi-ýarmarkalaryň gurnalmagy bolsa, her bir adamyň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny we beýleki dostlukly ýurtlaryň medeni däplerini öwrenmäge, şeýle hem olara işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanda dürli milletleriň ýaşamagyny nazara almak bilen, olaryň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan hukuklary we azatlyklary deň derejede goralýar we bu ugurda olara deň mümkinçilikler döredilýär. Milli we etnik azlyklaryň wekillerine özleriniň däp-dessurlaryny berjaý etmek, milli baýramçylyklaryny we däbine görä toý dabaralaryny geçirmek üçin doly amatly şertler döredilen.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna raýatlardan medeni hukuklary bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň bolmanlygyny bellemelidiris.

V bap. Adalatçynyň kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. 2018-nji ýylyň 30-njy martynda deputatlar bilen bolan duşuşykda çykyş edip, Ýurtbaştutanymyz adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny üpjün etmegiň, olaryň ýaşaýşynyň, saglygynyň, bigünälik prezumpsiýasynyň kepillendirilmeginiň möhümligini belläp geçdi. Şeýlede Hormatly Prezidentimiz halkyň saýlan wekilleriniň ünsüni hereket edýän hukuk namalaryny düýpli seljermäge, döwrüň we halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlary kabul etmeklige çekdi.Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bu başlangyçlaryndan ugur alnyp geçen ýyl Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan onlarça täze kanunlar kabul edildi we hereket edýän kanunlar kämilleşdirildi. Kabul edilen täze kanunlar, ýurdumyzda möhüm meseleleri kadalaşdyrýan, “Ulag howpsuzlygy hakynda”, “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda”, “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”,“Ýerleriň meliorasiýasy hakynda”, “Radioýygylyk spektri hakynda”, “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda”, “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň kanunlarydyr. Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda, Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri hem adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek bolup durýar. Adalatçynyň her ýylky iş meýilnamasynda tutuş ýylyň dowamynda bu wezipäni ýerine ýetirmek meýilleşdirilip alnyp barylýar. Has takygy Adalatçy we diwanyň işgärleri geçen ýylyň dowamynda Mejlisde döredilen, Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň, Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşiniň, “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparynyň agzalary bolup, toparyň maslahatlarynda, taslamalaryň üstünde işlenildi. Şeýle hem ýylyň dowamynda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy öwrenilip, ol boýunça hem degişli teklipler we bellikler berildi.

Mundan başga-da, Adalatçynyň diwany tarapyndan adam hukuklary babatda habarlylygy we bilimliligi ýokarlandyrmak babatda ýerlerde geçirilen çäreler Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilip, gatnaşyjylaryň ýerlerde kanunlaryň işleýşi, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly teklipleri bilelikde ara alnyp maslahatlaşmak ýola goýuldy.

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

Geçen ýylyň dowamynda Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça meýilleşdirilen beýleki wezipeleri bilen bir hatarda ýurdumyzda geçirilýän dürli jemgyýetçilik çärelerine hem gatnaşdy. Şeýle hem, adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmeklige gönükdirilen çäreleri hem geçirdi. Bu işler Adalatçynyň diwanynyň 2018-nji ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasynda hem göz öňünde tutuldy. Şeýle çäreleriň hatarynda aşakdakylary görkezmek bolar.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 1-nji çärýegi üçin çäreleriň we duşuşyklaryň geçirilmeginiň meýilnamasy esasynda, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna düşündirişleri taýýarlamak boýunça 2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen iş toparynyň guramaçylyk maslahatyna, soňra bolsa ýylyň dowamynda çärýekleýin meýilnamalaryň esasynda agzalan Kanun boýunça ylmy-amaly düşündirişleri taýýarlamak boýunça iş toparlaryň nobatdaky mejlislerine toparyň agzasy hökmünde Adalatçy tarapyndan yzygiderli gatnaşyldy.

Şeýle-de,Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen özara gatnaşyklaryň Adalatçynyň diwanynyň döredilen günlerinden başlanandygyny belläpdik. Bu gatnaşyklar geçen ýylyň dowamynda hem ýygjam dowam etdirildi. Ýagny Adalatçy geçen ýylyň dowamynda toparyň 3 sany mejlisine çagyrylan wekil hökmünde gatnaşyp, gün tertibine girizilen meseleler, seredilen resminamalar boýunça pikirini beýan etdi. Bu gatnaşyklar Adalatçynyň Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça döwletara edaralaryna we halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlary taýýarlamaga we seretmäge gatnaşmaga, olar boýunça berilýän teklipleri öwrenmäge, şeýle hem adam hukuklary babatda beýleki degişli wezipelerini ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

Ondan başga-da Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda “Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda awgust aýynda tegelek stol geçirilip, Adalatçy bu duşuşyga çagyrylan wekil hökmünde gatnaşdy.

Bilşimiz ýaly 2015-nji ýylda BMG-niň agza ýurtlary 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibini, ýagny bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça köpugurly, toplumlaýyn hereketleriň meýilnamasyny kabul etdi. Agza ýurtlar durnukly ösüş babatda global maksatlary kabul etmek bilen, bu gün tertibiň 2030-njy ýyla çenli doly amala aşyrylmagy üçin ähli güýçlerini gönükdirmeklige borçlandylar. Gün tertibi resmi taýdan yglan edilen badyna Türkmenistan Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmaga başlady. Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny ornaşdyrmak boýunça tehniki topar döredildi. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 438-nji belgili “Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça çäreler hakynda” karary kabul edildi. Ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan bu işlere, döredilen toparlaryň mejlislerine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Adalatçy we diwanyň işgärleri hasabat ýylyň bütin dowamynda işjeň gatnaşdylar.

Ondan başgada Adalatçynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyklary gurnaldy, Adalatçy we diwanyň maslahatçylary şol ýokary okuw mekdeplerinde adam hukuklary babatynda okuw sapaklaryny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan, geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen “Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda” atly “tegelek stola“ Adalatçy gatnaşyp, öz çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk statusynyň hukuk esaslary, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalary, öz ygtyýarlyklarynyň çäginde alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi we maslahata gatnaşan professor mugallymlar, akademiýanyň diňleýjileri bilen sorag jogap alşyldy.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklaryna giň ýol açanlygynyň ýene bir subutnamasy, döwletimiziň Halkara Gyzyl Haç komiteti bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmagydyr. Geçen ýyl ýurdumyzyň bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyna 20 ýyl doldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň

20 ýyllygy mynasybetli sergi gurnaldy. Bu dabaraly çärä, şeýle-de, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda, Adalat köşgüniň mejlisler zalynda, Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakyndaky konwensiýanyň hem-de oňa iki sany goşmaça teswirnamasynyň türkmen diline terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasyna Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan aň-bilimliligine ýardam etmek Adalatçynyň wezipeleriniň biridir. Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk meýilnamasynda anyk çäreleri göz öňünde tutmak bilen bu ugurda belli bir işler alnyp baryldy.

Ilki bilen belläp geçmeli zatlaryň biri hereket edýän kanunlaryň kadalarynyň hemmeler üçin düşnükli bolmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen, ýurdumyzda kanunlara düşündiriş ýazmaklygy tejribä ornaşdyrylýanlygydyr. Bu bolsa, adamlaryň hukuk habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmagyň iň amatly usullarynyň biridir. Geçen ýyl Türkmenistanyň Raýat kodeksine, administratiw edara bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna düşündirişleri ýazmak ýörite döredilen awtorlar topary tarapyndan dowam etdirildi. Adalatçy we diwanyň maslahatçysy agzalan kanunlara düşündirişleri ýazmak işlerini alyp bardylar.

Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren, ýokarda agzalan “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplarynyň doly berjaý edilişini we onuň iş ýörediş tertibini has-da kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde geçirilen maslahata Adalatçynyň wekili gatnaşyp, agzalan Kanunyň “Şikaýat önümçiligi” baby boýunça düşündirip çykyş etdi.

Görkezilenlerden başga-da, Adalatçy we onuň diwanynyň işgärleri tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda, ýurdumyzyň sebitlerindäki ýokary okuw mekdeplerinde ýerleşen Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde, raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça ýerlerde jogapkär işgärler bolup durýan döwlet gullukçylarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň adam hukuklary babatda habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmak maksady bilen maslahatlar geçirildi. Maslahata gatnaşanlara, esasan, olaryň raýatlar, olaryň ýüztutmalary bilen işleýändikleri, olaryň meselelerine ilkinjileriň hatarynda seredýändiklerini göz öňünde tutup, bu meseleleri kadalaşdyrýan, esasan hem, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň kadalary we talaplary düşündirildi. Şeýle duşuşyklar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2018-2019-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda, Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çaganyň hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň (çagalaryň) hukuklary babatda habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Bu okuw maslahatlary hem welaýatlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýerleşen Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde geçirilip, welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, bilim, saglygy goraýyş, RÝNÝ müdirlikleriniň we bölümleriniň jogapkär işgärleri, ilaty durmuş taýdan goraýyş ulgamynyň jogapkär işgärleri we çagalar, şol sanda maýyplygy bolan çagalar bilen işlemek wezipe borçlaryna girizilen beýleki jogapkär işgärler gatnaşdy. Maslahatlarda BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakynda”, “Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda” konwensiýalaryň kadalary, ol kadalar ornaşdyrylan milli kanunçylygymyzyň talaplary düşündirildi. Agzalan konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistan tarapyndan milli hasabatlaryň berilmegi, BMG-niň degişli komitetleriniň teklipleri, olary öwrenmek we ýerine ýetirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada gatnaşyjylara düşündirildi.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň talaplaryna laýyklykda Adalatçynyň her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine bermegi we şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş etmegi göz öňünde tutulan. Kanunyň bu talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, Adalatçy 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatyna gatnaşdy we maslahatyň gün tertibine laýyklykda Adalatçynyň işiniň ilkinji ýyly bolan 2017-nji ýylda edilen işler boýunça we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Kanunyň talaplaryna laýyklykda Adalatçynyň her ýylky maglumaty Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmelidir. Şoňa görä-de agzalan maglumat Türkmenistanyň “Altyn asyr” elektron gazetinde çap edildi we Daşary işler ministrliginiň saýtynda goýuldy.

Şeýle-de maglumatda beýan edilenler barada Türkmenistanyň Mejlisiniň “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylýan “Kanuny Döwlet” atly gepleşiginde we “Watan” radioýaýlymynda çykyşlar gurnaldy.

Ýurdumyzda bellenip geçilýän baýramçylyk günleri we syýasy- jemgyýetçilik wakalary mynasybetli Adalatçynyň diwanynyň işgärleri hem ýurdumyzyň merkezi habar beriş serişdelerinde degişli mowzuklar we adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy baradaky makalalary bilen çykyş etdiler. Has takygy “Türkmenistan” gazetinde şanly Garaşsyzlygymyzyň günlerine bagyşlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda Adam hukuklarynyň kepillikleri barada, ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Adam hukuklarynyň Bitarap Türkmenistanyň düýpli ýörelgesidigi barada, “Нейтральный Туркменистан” gazetinde, ýurdumyzda geçirilen jemgyýetçilik syýasy ähmiýetli waka bolan Halk Maslahaty babatda, bu umumymilli forumyň ähmiýeti barada,ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine bagyşlap, halkara hukugynyň oňyn ýörelgeleri barada makalalar bilen çykyş etdiler.

Şeýle-de Adalatçynyň işini habar beriş serişdelerinde açyp görkezmek maksady bilen, onuň ýurdumyzyň sebitlerindäki Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde geçirilen duşuşyklar baradaky makalalar bäş welaýatyň ýerli habar beriş serişdelerinde, ýagny welaýat gazetlerinde beýan edildi.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2018-nji ýylda hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry anyk netijelerini berdi, ol hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar we Watanymyzyň halkara derejede abraýyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň we meseleleriniň deňeçer çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki möhüm maslahatlaryň münberinden öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.

Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermek bolup durýar. Kanunda göz öňünde tutulan bu kadany ýerine ýetirmek maksady bilen, Adalatçynyň hasabat döwründe, dünýä bileleşiginiň gyzyklanmasyna getirýän, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara guramalary we döwletara edaralary bilen, daşary ýurt döwletleriniň adam hukuklary boýunça milli edaralary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaklyga we işjeňleşdirmeklige gönükdirilen işleri dowam edildi.

Aşakda görkeziljek duşuşykdyr maslahat çäreleri munuň aýdyň mysaly bolup biler.

Ýagny, hasabat döwründe Adalatçynyň Ýewropanyň Täzeleýiş we ösüş bankynyň wise direktory, Russiýa, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary boýunça uly syýasy geňeşçisi Jonatan Eýwsi bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Peter Burian we onuň syýasy geňeşçisi hanym Martina Şmidt, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň baştutanlygyndaky wekiliýeti, ÝHHG-niň gender meselesi boýunça uly geňeşçisi Amarsana Darisuren hem-de geňeşçi Lina Awonius, Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi hanym Ingrid Tersman, Finlýandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Marýa Liiwala, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň dini azlyklar boýunça ýörite geňeşçisi jenap Noks Teýmz, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory hanym Afşan Han, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili jenap Rişard Kommenda, Şweýsariýanyň ÝHHG-niň we BMG-niň Wenadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Ilçi jenap Klod Wild, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Nilofer, halkara maslahatçysy Arkadiý Torytsi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary bolup geçdi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen ikitaraplaýyn türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň işgärleriniň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklarynyň wezipeli adamlarynyň arasynda geçirilen iş duşuşyklaryna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatnamalarynyň günlerini” guramak meselesi boýunça gurnalan duşuşyga gatnaşdy. Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň bilermenler wekiliýeti bilen duşuşygy bolup geçdi.

Görkezilen duşuşyklar ikitaraplaýyn hoşniýetli ýagdaýda geçirilip, olaryň dowamynda gatnaşyjylar Adalatçynyň hukuk ýagdaýy we ygtyýarlyklary bilen, Adalatçynyň diwanynyň geçen döwrüň dowamynda alyp baran işi we geljekde işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meýilnamalary, halkara hyzmatdaşlygy babatynda işleriniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Öz nobatynda duşuşyga gatnaşan resmi adamlar, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda halkara ülňülerine has çuň düşünilmeginiň hatyrasyna iki taraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Hasabat döwründe adamyň we raýatyň hukuklaryny üpjün etmek we goramak boýunça halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we ösdürilmegi halkara guramalary bilen dowam etdirildi. Hususanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) wekilhanalary, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasyny, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkezi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk edilenligini bellemelidiris.

Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynyň (UNICEF) 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnamasynyň çäginde, 2018-nji ýylda Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2018-2019-njy ýyllar üçin iş meýilnamasyna gol çekildi. Meýilnamada BMG-niň çaganyň hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça komitetleriniň maslahatlary hem göz öňünde tutuldy. Bu komponent çagalaryň zorluksyz, rehimsiz we biperwaý garaýyşsyz ýaşaýşa, şeýle-de howpsuz maşgala gurşawynda ösmeklige we terbiýelenmegine bolan hukuklaryna gönükdirilendir.

Şu Meýilnamanyň çäklerinde 2018-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Adalatçynyň diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çaganyň hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň (çagalaryň) hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirdi. Okuw maslahatyna gatnaşmak üçin welaýatlaryň we ýerli häkimlikleriň, bilim, saglygy goraýyş, RÝNÝ müdirlikleriniň we bölümleriniň jogapkär işgärleri, ilaty durmuş taýdan goraýyş ulgamynyň jogapkär işgärleri we çagalar, şol sanda maýyplygy bolan çagalar bilen işlemek wezipe borçlaryna girizilen beýleki jogapkär işgärler çekildi. Okuw maslahatlarynyň guramaçylary tarapyndan BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakynda”, “Maýyplaryň hukuklary hakynda” Konwensiýalarynyň kadalary, ol kadalar ornaşdyrylan milli kanunçylygymyzyň talaplaryny düşündirmek boýunça çykyşlar edildi. Agzalan Konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistan tarapyndan milli hasabatlaryň berilmegi, BMG-niň degişli komitetleriniň teklipleri, olary öwrenmek we ýerine ýetirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada gatnaşyjylara düşündirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşylyp, çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly tejribede ýüze çykýan meseleler, teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda we “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek” atly taslamanyň çäklerinde, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Adalatçynyň diwanynyň potensialynyň berkidilmegini goldamak” atly taslamanyň çäklerinde guramanyň Türkmenistandaky merkezi bilen hyzmatdaşlyklar işjeň dowam etdirdi.

Belli bolşy ýaly, 2018-nji ýylda bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllyk dabarasy giňden bellenilip geçildi. Bu şanly waka Türkmenistanda hem mynasyp derejede bellenildi, bu senä bagyşlanylan köp sanly çäreler meýilleşdirildi we geçirildi, olara döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Adalatçynyň diwany hem, 2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen bilelikde, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi. Bu şanly çäräniň işine ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň agentlikleriniň wekilleri, halkara bilermenler, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda geçirilen “tegelek stol” hem şol şanly senä bagyşlandy, ol çärä köp sanly milli we daşary ýurtly myhmanlar bilen bir hatarda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Adalatçy we onuň diwanynyň wekilleri adam hukuklary babatda dürli mowzuklara bagyşlanan halkara, okuw maslahatlarynyň, “tegelek stollaryň” işine gatnaşdylar.

Aprel aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan “tegelek stoluň” işine gatnaşdylar, çäräniň işine halkara bilermen Arkadiý Torytsiň gatnaşyp, Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň hukuklary babatyndaky ýagdaý barada durlup geçildi, şeýle-de çaganyň hukuklary boýunça Komitetiň 2015-nji ýyldaky jemleýji bellikleriniň ýerine ýetirilişiniň netijelerine syn berildi.

2018-nji ýylyň mart aýynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleri boýunça tehniki iş toparynyň mejlisine gatnaşdylar, onda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine halkara ýardam bermegiň maksatnamalaryny utgaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de şol aýda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi tarapyndan gurnalan “ÝHHG-niň sebitinde gender deňligini öňe sürýän milli gurallar” meselesine bagyşlanan “tegelek stoluň” işine gatnaşdylar.

Aprel aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri, ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi tarapyndan gurnalan “Terrorçylyga getirýän zorlukly ekstremizme we radikalizme garşy göreş: köp taraplaýyn çemeleşme” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar, şeýle hem şol gurama tarapyndan geçirilen “Terrorçylyk maksatlarynda Internetiň ulanylmagyna garşy göreşmek” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar, maý aýynda bolsa “Milli azlyklaryň hukuklaryny goramak, dürli jemgyýetleriň ornaşmagy we jemgyýetçilik durmuşyna netijeli gatnaşmak boýunça ÝHHG-niň standartlary” atly okuw maslahatyna, iýul aýynda “Žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça instruktorlar üçin okuw maslahat” atly we awgust aýynda “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin zähmet migrasiýasynyň potensialy” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Oktýabr aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan “Adam hukuklaryny goramak çygrynda halkara kadalary we gurallary” atly çärä gatnaşdylar, noýabr aýynda bolsa, ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi tarapyndan gurnalan “Dürli jemgyýetleriň integrasiýasy boýunça Lýublýana teklipleri” atly tegelek stoluň işine gatnaşdylar.

Adam hukuklary babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegi, beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy maksat edinýän halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini dowam etmek bilen, Adalatçy we onuň diwanynyň işgärleri birnäçe halkara maslahatlaryň işine gatnaşdylar.

Ýagny, 2018-nji ýylyň 21-23-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysy Ženewada geçirilen Milli hukuk goraýjy edaralaryň Global Alýansynyň her ýylky ýygnagyna (MHGEGA) we “Merkezi Aziýanyň milli hukuk goraýjy edaralaryny goldamak maksady bilen, Milli hukuk goraýjy edaralaryň Global Alýansynyň, BMG ÖM-nyň, Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň üç taraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy: tejribe we mümkinçilikler” atly çäresine hem şol bir wagtda gatnaşdy.

Şol ýylyň 26-28-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalatçysy, Şweýsariýa konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-nyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen “Adamyň esasy hukuklary” maslahatynyň Ýokary derejedäki (segmentiniň) işine, şeýle hem şol sessiýanyň çäklerinde, Türkmenistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen “Orta Aziýada adam hukuklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan” çärä gatnaşdy, onda Adalatçy görkezilen mowzuk boýunça çykyş etdi.

2018-nji ýylyň aprel aýynda Adalatçy Astana şäherinde, BMG ÖM-niň Stambuldaky sebitleýin edarasy we Gazagystan Respublikasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasy bilen bilelikde gurnalan Milli öňüni alyş mehanizmi (MÖM) boýunça Forumyň işine gatnaşdy, onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri bilen, Milli öňüni alyş mehanizminiň sebitleýin toparlarynyň wekilleri we Utgaşdyryjy Geňeşiniň agzalary bilen tejribe alşyldy, bu bolsa, agzalan ulgamda tejribäni artdyrmakda ähmiýetlidir.

2018-nji ýylyň maý aýynda Adalatçy, ÝHHG-niň ynsanperwer ölçegleri boýunça Komitetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçiren “Gender deňligi: borçnamalardan hereketlere” atly mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanda gender deňliginiň ýagdaýy barada çykyş edip, esasy ünsi Türkmenistanyň Konstitusiýasy we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilen zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň hemme ugurlaryna deňhukukly gatnaşýanlygyna çekdi.

Şeýle hem, Adalatçy Ženewa şäherinde geçirilen Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň üçünji Milli hasabatynyň diňlenilýän döwründe synçy hökmünde gatnaşdy, şeýle-de 21-nji iýunda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy.

Adalatçynyň diwanynyň işiniň uzak bolmadyk tejribesiniň görkezişi ýaly, milli hukuk goraýjy guramalary bilen, beýleki döwletleriň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri bilen tejribe alşylmagy, olaryň işiniň oňyn tejribeleri bilen tanyşmaga, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy babatynda ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak boýunça usullary we ýakyn geljegiň strategiýasyny kesgitlemeklige itergi berýär.

Şeýlelikde, Adalatçy Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasy tarapyndan Moskwa şäherinde geçirilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70 ýyllygyna bagyşlanylan halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyp, “Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň Konstitusion serişdeleri” diýen mowzukda çykyş etdi.

Şeýle hem, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň “Adalatçynyň diwanynyň potensialynyň berkidilmegini goldamak” atly taslamasynyň çäklerinde, 2018-nji ýylyň noýabrynda Adalatçy we diwanyň işgärleri üçin Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherine tanyşdyryş iş sapary gurnaldy. Bu iş saparyň dowamynda Adalatçynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ermenistanyň Adam hukuklaryny goraýjysynyň diwanynyň işi bilen tanşyp, tejribe alyşmak bilen birlikde, diwanyň milli öňüni alyş mehanizmi hökmünde adam hukuklaryny goramak işiniň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärelere hem gatnaşdylar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Ermenistanyň Adam hukuklaryny goraýjysy A.Tatoýan bilen resmi duşuşygy bolup, onda adam hukuklaryny goramakda öňüni alyş mehanizminiň ähmiýeti, bu ugurda raýat jemgyýeti, halkara guramalary, habar beriş serişdeleri bilen işleşmegiň ugurlary we netijeleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň adam hukuklarynyň goralmagyna bagyşlanan dürli halkara çärelerine gatnaşmak mümkinçilikleri bolup olar, Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirilen Administratiw hukugy boýunça okuw maslahatyna, ýene-de şol taslamanyň çäklerinde gurnalan Gazagystanyň Astana şäherinde “Administratiw hukugynda önümçilik” boýunça IХ halkara ylmy-amaly maslahatyna, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen ýolbaşçy zenanlaryň halkara forumyna, Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy we BMG ÖM-niň Stambuldaky sebitleýin edarasy tarapyndan gurnalan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralary üçin adam hukuklary babatda bilimlilik we sosial barlaglaryň usulyýeti meseleleri boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Görkezilen halkara çäreleri gatnaşyjylaryň giňişleýin hyzmatdaşlygy şertlerinde, öz ygtyýarlyklarynyň çäginde çözülýän adam hukuklary babatda meseleler, tejribeden mysallar barada maglumatlary alyşmak bilen işjeň geçirildi.

Ýokarda görkezilen çäreler hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanynyň dünýä jemgyýetçiligi, hususan-da halkara guramalary, şol sanda hukuk goraýjy, milli hukuk goraýjy edaralar, raýat jemgyýetçiligi bilen özara aragatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň we berkidilmeginiň dowam edendigine şaýatlyk edýär, bu bolsa, diwanyň milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ýurtda adamyň we raýatyň hukuklary babatda ýagdaý barada maglumatlaryň çeşmesi hökmünde özüniň tutýan ornuny durmuşa geçirmäge, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça işleriň üpjün edilmegine, hukuk goraýjylaryň potensialynyň ýokarlanmagyna we bu ugurda tejribe alşylmagyna itergi berdi.

Adalatçynyň diwanynyň halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň düzüm birlikleri bilen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeliligini nazara almak , onuň netijelerine oňyn baha bermek bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy dowam etdiriler.

VIII bap. Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri

Türkmenistanyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynda göz öňünde tutulan Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hem-de şol Kanunyň 19-njy maddasyndaky esasy wezipeleriniň çäklerinde, Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnаmаlаry bilen kepillendirilen hukuklаrynyň wе azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatlaryna seredýär.

Şeýle-de, görkezilen Kanunyň kadalaryna laýyklykda Adalatçy şikaýaty önümçilige kabul eden halatynda, onda getirilýän delilleri barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukuklydyr, şeýle-de, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýra goýulmasyz dikeltmek olary bozan wezipeli adam babatda bolsa, düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da degişli wezipeli adamlara ýüz tutýar.

Adalatçynyň diwany tarapyndan ýüztutmalar öwrenilip, raýatlaryň öz meseleleri bilen ilki degişli edaralara ýüz tutup, olaryň çykaran çözgütlerine ýa-da hereketlerine (hereketsizligine) kazyýet ýa-da administratiw tertibinde şikaýat edip, kabul edilen netijeler bilen razy bolman ýazylan şikaýatlar önümçilige kabul edildi.

Önümçilige kabul edilen şikaýatlaryň köpüsi boýunça diýen ýaly, degişli ygtyýarly edaralara şikaýatda getirilýän delilleri barlamaga ýardam edilmegi üçin ýüz tutuldy we olaryň netijesinde seredildi. Ýüztutmalar boýunça kanagatlanarly jogaplar alnan, käbirleri boýunça barlaglaryň doly geçirilmedik ýa-da düýp mazmuny boýunça geçirilmedik ýagdaýynda gaýtadan ýüz tutulan halatlary hem boldy. Şeýle-de şikaýatlar boýunça ygtyýarly edaralara Adalatçynyň teklipleri bilen hem ýüz tutuldy. Şol ýüztutmalardan we tekliplerden mysallar görkezmegi makul bildik.

Meselem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy L.L. özüniň ýüztutmasynda, ýazgyda durup, ýaşaýan jaýynyň ir döwür merhum kakasyna bölünip berlendigi barada ýaşaýyş hukuknamasynyň (orderiniň) hiç bir arhiwden tapylmaýandygyna salgylanyp, maliýe şahsy hasabyny degişli edaralar tarapyndan adyna resmileşdirilmeýändigi barada görkezipdir.

Ýüz tutan raýatyň arzasyna goşup iberen resminamalary öwrenilip, öýi tabşyrmak-kabul etmek ykrarnamasy esasynda kakasynyň adyna maliýe şahsy hasabyň açylandygyny we şol jaýa ýazga goýulyp, ol barada 16 görnüşli we ýaşaýyş jaýyň 17 görnüşli resminamalary doldurylyp, ýaşaýyş-jaý ulanyş bölüminde durandygyny, onuň kakasynyň 1997-nji ýylda aradan çykyp, L.L.-ň bolsa 43 ýyldan gowrak wagtdan bäri şol jaýda ýazgyda durup, şu güne çenli ýaşap gelýändigini nazara alyp, arzasyna seretmek üçin Aşgabat şäher häkimligine iberildi we onuň meselesi kanagatlanarly çözülip, oňa ýaşaýyş jaýyň orderi berlip, adyna maliýe şahsy hasabynyň resmileşdirilenligi barada habar berildi.

Ýykylyp aýrylan ýaşaýyş jaýlaryna derek ýaşaýyş jaýyny bermekde haýal-ýagallyga ýol berilýänligi barada gelen arzalaryň hem kanagatlandyrylanlary boldy.

Muňa mysal edip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary M.N., şeýle-de N.K. ýykylyp aýrylan ýaşaýyş jaýlaryna derek berlen jaýyň doly gurlup ýetişmeýändigine we ulanylmaga berilmeýändigine salgylanyp, uzak wagtlap, berlen jaýlaryna göçüp barmaga mümkinçilik döredilmeýänligi barada ýüz tutdular.

Olaryň arzalarynda getirilýän delillerini hem barlamaga ýardam edilmegi üçin Aşgabat şäher häkimligine iberilip, barlagyň netijesinde berlen jaýyň salgylary görkezilip, ol jaýa göçüp barmaga mümkinçilik döredilendigi barada kanagatlanarly jogaplar berildi.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy А.А. öz ýaşaýan salgysyndaky ýaşaýyş jaýynyň ýykylmaga degişli edilendigini, adamsy bilen nikasynyň bozulyp, eklenjinde 3 sany kiçi ýaşly çagasynyň bardygyny, özüniň gaýynlarynyň öýünde ýazgyda dursa-da, ol ýerde ýaşamagyna mümkinçilik berilmeýändigini, jaýa mätäçligi barada dürli edaralara ýüztutmalarynyň netije bermeýändigini nazara alyp, meselesiniň çözülmegine ýardam bermekligi sorap, Adalatçynyň diwanyna ýüz tutdy.

Onuň arzasynda görkezilenleri hem barlamak üçin Ahal welaýat häkimligine iberildi we barlagyň netijesinde berlen jogapda, Ahal welaýatynyň häkiminiň karary bilen döredilen ýörite toparyň maslahatynda ýüz tutanyň maşgala ýagdaýy öwrenilip, ol durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän maşgala hökmünde bilnip, hojalyklarynda hasapda duran maşgala sanlaryna görä goşmaça mellek ýerinden bellenilen tipde jaý gurulýança oňa wagtlaýyn iki otagly ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ol ýerden kömekçi jaýlary gurlup berilmeginiň topar tarapyndan teklip edilendigi, degişli gurluşyk işleriň tamamlanyp barýandygy barada habar berildi.

Şeýle-de, ýaşaýyş jaý meselesi boýunça köpçülikleýin arza bilen Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary ýüz tutdular. Olar öz ýüztutmalarynda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bilen, 20 ýyl bäri jaýlarynyň ýykylmaga degişli edilenligine esaslanylyp , şol ýyllaryň dowamynda hiç bir hereket edilmän, bejeriş hem-de abatlaýyş işleriniň hem geçirilmeýändigi, ýaşaýan jaýlarynyň hakykatdan hem ýykylmaga degişli bolup durýan bolsa, kanunçylyga laýyklykda jaý bilen üpjün edilmegine ýardam edilmegini soradylar.

Bu arzada getirilýän deliller hem barlamaga ýardam edilmegi üçin Balkan welaýat häkimligine iberildi we gelen jogapda, şol jaýlaryň ýaşaýjylary bilen duşuşylyp, gürrüňdeşlik geçirilendigi we arzada beýan edilen meseleler boýunça degişli işler geçirilip, ylalaşykly netijä gelinendigi barada görkezilipdir.

Kähalatlarda, raýatlar özleriniň ýüztutmalarynda, ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmeklerini sorap, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna ýüz tutup ýazan arzalaryna seredilmeýändigi barada görkezip, ýazan arzalary ýerinde barlamak üçin iberlende bolsa, olaryň agzaýan meseleleri boýunça anyk netije çykarylandygy aýan bolýar.

Agzalanlara mysal edip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy raýat A.H. ýokarda görkezilen mazmunda ýazan arzasy Aşgabat şäher häkimliginiň barlamagyna iberilip, oňa seredilmegiň netijesinde, raýat A.H. bir manyly arzasy bilen öň şäher häkimligine ýüz tutandygy we oňa şol wagtky berlen jogap hatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.01.2017 ý. “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyp we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda” bellenen 15092 belgili kararyna laýyklykda, onuň resminamalarynyň kabul edilip, 01.02.2018 ýylda 138 belgi bilen hasaba alnandygy we meselesiniň degişli jemgyýetçilik toparynda serediljekdigi barada görkezilendigi barada Adalatçynyň diwanyna iberlen jogap hatda görkezilýär.

Şeýle mazmunly arza bilen ýüz tutan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy raýat L.M.-nyň arzasy hem Aşgabat şäher häkimliginiň barlamagyna iberilip, arza boýunça geçirilen barlagyň netijesinde onuň hem resminamalary ýokarda görkezilen Karara laýyklykda kabul edilip, 285 belgi bilen nobatda durandygy we meselesine degişli jemgyýetçilik topary tarapyndan serediljekdigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýurdumyzda ilaty işe ýerleşdirmek meselesini çözmekde täze mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

Muňa garamazdan, zähmet meselesi, şol sanda raýatlaryň iş bilen üpjün edilmek meselesi hem ýüztutmalaryň belli bir bölegini düzýär.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy G.D. özüniň 2-nji topar maýypdygy sebäpli işläp bilmeýändigi, eklençlerinde 3 sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň bardygyny göz öňünde tutup, aýalyny iş bilen üpjün edilmek meselesi bilen dürli edaralara, etrap we welaýat häkimliklerine ýüztutmalarynyň netije bermeýändigi sebäpli, ýardam berilmegini sorap ýüz tutdy.

Onuň arzasy Balkan welaýat häkimliginiň barlamagyna iberilip, Adalatçynyň diwanyna gelen jogapda G.D.-ň aýaly S.D-y işe ýerleşdirmek meselesi boýunça iş geçirilip, Balkanabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň ýollaýyş haty esasynda ol Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Balkanabat şäherinde ýerleşýän 3-nji sport mekdebine töwerekdäki çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işçi kärine işe ýerleşdirilendigi barada habar berildi.

Işlän zähmet haklaryny alyp bilmeýändikleri baradaky meseleleri bilen Adalatçynyň diwanyna, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Saýat etrabyndaky başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymlar toparynyň ýüztutmasy, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň barlamagyna iberilip we olaryň arzalarynyň kanagatlandyrylyp, olar bilen doly hasaplaşyk geçirilendigi barada jogap haty berildi.

Gynansagam kähalatlarda Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalar degişli tertipde barlanylanda ýüztutmalarda getirilýän delilleriň hakykata gabat gelmeýänligi ýüze çykarylýar.

Meselem, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy А.А., özüniň atasynyň ýaşaýan obasyndan mellek ýer almakçy bolandygyna garamazdan, oňa çölüň içinden, suw, gaz, tok we beýleki ýaşaýyş üçin şertleri bolmadyk ýerden ýer hödürlenýändigi barada Adalatçynyň diwanyna ýazan arzasy boýunça barlag geçirmeklige ýardam bermek soralyp, Mary welaýat häkimligine iberildi.

Arza boýunça geçirilen barlagyň dowamynda raýat A.A. mellek ýer almak üçin asla arza bermändigi we nobata durmandygy anyklanan. Barlag döwründe onuň bilen duşuşylyp, oňa mellek ýer almaga nobata durmagyň we mellek ýer berilmegiň düzgünleri düşündirilip, bellenilen tertipde mellek ýer almaga mümkinçiliginiň bardygy barada jogap berildi.

Şuňa mysallaryň biri, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy raýat S.N. özüniň mellek ýer we iş bilen üpjün edilmegini sorap ýazan arzasy, arzada görkezilenleri barlamak üçin Daşoguz welaýat häkimligine iberildi. Arza boýunça geçirilen barlagyň dowamynda, Görogly etrap häkimliginiň 07.05.2015 ýyl senedäki 124 belgili karary bilen ýüz tutan raýatyň adyna özbaşdak hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin, kanuny tertipde bellenilen mellek ýer gorundan 0,12 ga ýer böleginiň berlendigi, etrabyň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi bölüminde iş gözleýän raýatlaryň hatarynda hasapda durandygy we onuň bilen duşuşylyp, Abadanlyk daýhan birleşiginden kärende ýeri, Daşoguz “Çeper” halyçylyk kärhanasynyň Görogly etrabyndaky önümhanasyndan halyçy boş iş orny hödürlenendigine garamazdan, Görogly şäheriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda özüniň alan, iýmit önümleriniň hilini barlaýan laborant hünäri boýunça ýa-da kiçi hyzmat ediş işgäri kärinde işlemek isleýändigini aýdyp, hödürlenen tekliplerden ýüz öwürendigi we oňa, isleg bildirýän boş iş orunlary bolan ýagdaýynda işe ýerleşmäge kömek ediljekdigi düşündirilendigi barada habar berildi.

Aýdylanlaryň tersine kähalatlarda käbir degişli edaralar tarapyndan raýatlaryň hukuklarynyň gödek bozulýanlygy hem ýüze çykýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy raýat I.G. Adalatçynyň diwanyna ýazan şikaýatynda, näbelli bir raýatyň özüniň ady bilen administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi, iş kesilenligi sebäpli, bu meseläni degişli tertipde takyklanmagyna ýardam bermekligi sorapdyr.

Şikaýatda getirilen delilleriň doly barlanmagyna ýardam etmekligi sorap, Adalatçynyň diwany tarapyndan Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna ýüzlenildi.

Geçirilen barlagyň dowamynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň 11.03.2009 ýyl senedäki hökümi esasynda raýat I.A. ýüz tutan raýatyň adyny eýeläp, ýagny hukuk goraýjy edaralarynda özüni I.G. diýip atlandyryp, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 138-nji maddasyna laýyklykda günäli bilnip, 1 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi anyklanypdyr.

Şeýle-de ol, ýene-de özüni I.G. diýip atlandyryp, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň 18.01.2017 ýyl senedäki karary esasynda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 360-njy maddasyna laýyklykda administratiw jogapkärçilige çekilip, oňa 1.000 manat jerime bellenipdir.

Onuň arzasy boýunça geçirilen barlagda şikaýat berijiniň şahsyýetini anyklamak maksady bilen, degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölümine ýüz tutulyp, berlen nama ýazgysynyň göçürmesine laýyklykda I.G-niň şahsyýeti doly anyklandy. Onuň şahsyýeti hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan takyk anyklanmandygy sebäpli, I.G. ady bilen I.A. jenaýat we administratiw jogapkärçiliklerine çekilipdir. Şunda kazyýet seljermeleri geçirilende hem, jogapkärçilige çekilýäniň şahsyýeti doly takyklanman, hiç bir günäsi bolmadyk raýatyň ady bilen başga bir raýatyň jogapkärçilige çekilendigi, iş kesilendigi ýüze çykaryldy.

Şol sebäpli hem Aşgabat şäher prokurorynyň garşylyknamasy esasynda, Aşgabat şäher kazyýetiniň 30.10.2018 ýyl senedäki karary bilen şäheriň Berkararlyk etrap kazyýetiniň 18.01.2017 ýyl senedäki şikaýat beriji I.G. baradaky karary ýatyrylyp, administratiw önümçiligi bes edilen.

Şonuň ýaly hem, Aşgabat şäher prokurorynyň teklipnamasy esasynda, Aşgabat şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň 30.10.2018 ýyl senedäki karary bilen Berkararlyk etrap kazyýetiniň 11.03.2009 ýyl senedäki şikaýat beriji I.G. baradaky hökümi sökülip, jenaýat işi boýunça Berkararlyk etrap polisiýa bölümi tarapyndan 14.12.2018-nji ýyl senesinde Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda onuň I.G.-nyň hereketlerinde jenaýatyň wakasy ýokdugy sebäpli, garşysyna jenaýat yzarlawy ýatyrylypdyr.

Şeýle hem, jenaýat işi boýunça Berkararlyk etrap polisiýa bölümi tarapyndan 14.12.2018 ýyl senedäki Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynyň 8-nji bölegine we Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 9-njy bendine laýyklykda şikaýat beriji I.G.-ň garşysyna jenaýat yzarlawy ýatyrylandan soň, onuň adyna ýazylan ýazmaçlar üýtgedilip, iş kesilen I.A-nyň adyna täze ýazmaçlar doldurylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatlar merkezine iberilen. Bu şikaýat hem, kanagatlandyrylan ýüztutmalaryň hasabyna goşuldy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy S.S. öz şikaýatynda, ýaşaýan salgysynyň ýanyndaky, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ýaşaýyş jaý ulanyş we medeni durmuş meýdançasyna degişli bolan çagalar üçin niýetlenen meýdançada ýere berkidilmän gurlan hiňňillikden ýykylyp oglunyň kellesine gaçyp, agyr ten-şikesini alyp, şäher hassahanasynyň agyr keseller bölümine ýerleşdirilendigine garamazdan, wakanyň sebäbini takyklamak, desga jogapkär adamlar babatda hiç hili iş alnyp barylmanlygy barada görkezen.

Bu şikaýat Adalatçynyň diwany tarapyndan, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Agzalan şikaýata prokuratura edaralary tarapyndan barlag geçirilip, waka boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokuraturasy tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ýaşaýyş jaý ulanyş we medeni durmuş meýdançasynyň başlygy D.H.-ň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 188-nji maddasynyň 2-nji bölegi bilen jenaýat işi gozgalyp, deslapky derňew alnyp barylýandygy barada jogap berildi. Şikaýat bilen ýüz tutan raýata ýüztutmasynyň kanagatlandyrylandygy barada habar berildi.

Bu ýagdaýlar degişli hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň wakalar boýunça öz wagtynda we talabalaýyk iş geçirmegini subut edýär.

Adalatçynyň diwanyna çagalaryň hak-hukuklary bilen baglanyşykly meseleler bilen ýüz tutan raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kanagatlanarly netijeleri çykarmaklyga çalşyldy. Ýagny, özi bilen aýra ýaşaýan çagasy bilen görme-görüş bermek, maýyplygy bolan çagalarynyň bilim almaklaryna ýardam etmek ýaly meseleler hem kanagatlanarly çözüldi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy N.A. Berkararlyk etrap häkimliginiň hossarlyk howandarlyk toparyna özi bilen aýry ýaşaýan çagasyny görmek üçin beren arzasyna wagtynda seredilmän, netije çykarylmaýandygy barada Adalatçynyň diwanyna ýüz tutdy.

Arzada getirilýän delilleri barlap, netije çykarmak üçin Aşgabat şäher häkimligine ýüzlenildi, Adalatçynyň ýüzlenmesine degişli etrap häkiminiň karary bilen N.A.-ň özüniň kiçi ýaşly çagasy bilen duşuşyk günleri we wagty bellenendigi barada habar berildi.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy J.F. , Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy G.S. dagylaryň Adalatçynyň diwanyna maýyplygy bolan çagalaryny saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen döwlet ýörite bilim edaralaryna ýerleşdirmäge ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmalarynda görkezilenleri barlamak we netije çykarmak üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberildi. Netijede J.F.-ň kiçi ýaşly oglynyň 2018/2019 okuw ýylynda Türkmenabat şäherindäki kömekçi mekdep-internatyna ýerleşdirilendigi, G.S.-ň kiçi ýaşly gyzynyň Daşoguz şäherindäki ker we çala eşidýän mekdep-internatyna kabul edilendigi barada habar berildi.

Gynansagam käbir edaralaryň jogapkär işgärleriniň, raýatlaryň uly bolmadyk meselelerini çözmekde süýrenjeňlige ýol berilýän halatlary bolup, raýatlar degişli edaralarda meseleleriniň wagtynda çözülmeýänligi sebäpli Adalatçynyň diwanyna ýüz tutýarlar.

Meselem, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy J.E. iş kesilip, daşary ýurtda jeza çäresini çekýän, näsag ogly bilen görme-görşe gitmek üçin beýleki ogluny iberjek bolýandygy, emma bank edaralary tarapyndan onuň adyna «VIZA» kart açmaklyk üçin birnäçe wagt nobata durmaklyk netijesinde çözülýändigine salgylanyp, meselesini çözüp bermeýändiklerini görkezip, Adalatçynyň diwanyna ýüz tutdy.

Onuň ýüztutmasynda görkezilenleri barlap netije çykarmak üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýüz tutuldy we gysga wagtyň içinde gelen jogaba laýyklykda, ýüz tutan raýatyň ogly R.J.-ň adyna degişli «VIZA» karty resmileşdirilenligi görkezilýär.

Şeýle-de, Adalatçynyň diwanyna Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy L.Z. aradan çykan ejesiniň jesedini Russiýa Federasiýasynyň çäginde, ýagny kakasynyň ýanynda jaýlamak üçin iberlendigini, emma şonuň bilen baglanyşykly däp-dessurlary geçirip, çykdaýjylary tölemek üçin özüniň Russiýa Federasiýasyna gitmek üçin Türkmenistanyň çäginden çykmaga rugsat berýän resminamasy bolan, daşary ýurt pasportyny bermekde migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan bökdençlik döredilýänligi baradaky ýüztutmasy hem görkezilenleri barlap, netije çykarmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberildi. Ýüztutma gysga wagtyň içinde jogap berlip, ol raýata pasportynyň resmileşdirilip berlendigi habar berildi.

Ýüztutmalara geçirilen seljermäniň netijesi boýunça ýene-de bir köp sanly ýüztutmalarynyň biri hem migrasiýa meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Degişli bapda görkezilişi ýaly, şeýle mazmunly ýüz tutmalaryň 52-si bolup, olaryň 21-si boýunça görkezilýän delilleriň barlanmagyna ýardam berilmegi üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutulyp, iberilen 21 sany ýüztutmalaryň ýeke biri kanagatlandyrylan.Adalatçynyň ýüztutmalary boýunça jogaplarda, goýulýan meseläniň düýp manysy boýunça jogap berilmändigi sebäpli, bu barada görkezilip, gaýtadan ýüz tutulmaly halatlary hem boldy.

Adalatçynyň ýüztutmalary boýunça şeýle ýagdaýlara, beýleki edara ýolbaşçylary tarapyndan ýol berlen halatlary bolup, bu ýagdaý olara gaýtadan ýüz tutulmagyna , raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletde we tertipde seredilmeginde bökdençliklere getirdi.

IХ bap. Netije we teklipler

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýyl, ýurdumyzyň durmuşynda öňki ýyllarda bolşy ýaly ähli ugurlarda mynasyp yz galdyran ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda amala aşyrylan özgertmeler, ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmeginde ynamly öňe gitmegiň ygtybarly esasyny pugtalandyrdy. Adamyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň netijeli goralmagyna we durmuşa geçirilmegine bolsa, ýylyň dowamynda kabul edilen kanunlar, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar gönükdirilendir. Aýdylanlaryň hemmesi barada, Adalatçynyň geçen ýylda alyp baran işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakyndaky şu maglumatynda aýratyn baplarda beýan edilýär.Ýagny maglumatda beýan edilenlerden görnüşi ýaly bu ugurda saldamly işleriň amala aşyrylanlygyna garamazdan, Adalatçynyň diwany tarapyndan ýylyň dowamynda alnyp barylan işleriň netijesinde käbir ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegini talap edýär.

Belläp geçişimiz ýaly, geçen hasabat ýylynda-da öňki ýyllarda bolşy ýaly kanunçylygy kämilleşdirmek işleri netijeli alnyp baryldy, ýagny täze kanunlar kabul edildi, hereket edýänleri bolsa döwrümiziň talabyna görä kämilleşdirildi. Şeýle-de, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi we kämilleşdirildi. Şeýlelikde ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň hukuk esaslary doly döredilendir.Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belläp geçişi ýaly esasy wezipe kanunlaryň ýerlerde işlemegini gazanmagymyzdyr. Munuň şeýle bolmalydygyny Maglumatda beýan edilen käbir ýagdaýlar hem subut edýär. Has takygy ýylyň dowamynda raýatlaryň ýüztutmalary baradaky seljermä ser salalyň. Ýüztutmalaryň köpüsinde raýatlarymyz özleriniň haýsydyr bir hukuklarynyň üpjün edilmegini, goralmagyny ýa-da dikeldilmegini sorap ýüz tutýarlar. Ýüztutmalar boýunça seljermede raýatlarymyzyň öz hak-hukuklaryny goramagyň kanuny möhletini geçirip, ýa-da bolmasa meselesini çözmekde ygtyýarly edaralara ýüz tutmaýandyklary takyklanýar. Munuň tersine, jogapkär wezipeli adamlaryň kanunyň talaplaryna ters gelýän netijä gelmekligi esasynda raýatlaryň hukuklarynyň bozulýanlygyna hem duş gelinýär. Has takygy ýüz tutýan raýatlaryň we degişli wezipeli adamlaryň kanunyň kadalaryna eýermän edýän hereketleri ýa-da kanunyň kadalaryny bilmezlikden edýän hereketleri ýüztutmalaryň belli bir böleginiň emele gelmegine getirýär. Bu ýagdaýy aradan aýyrmaga, esasan, ilatyň we jogapkär wezipeli adamlaryň kanunçylykda göz öňünde tutulan hukuklar, borçlar we jogapkärçilik barada habarlylygynyň ýeterlik derejede bolmagynyň ýardam etjekligi iki uçsyzdyr. Beýan edilenleriň netijesinde şulary teklip edýäris:

̶ Adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmak babatda ministrlikler, pudak edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri tarapyndan üznüksiz, ulgamlaýyn iş alyp barmaklygy, hem-de bu işiň netijeliligini gözegçilikde saklamaklygy;

̶ Ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça işler, şol sanda seljeriş işlerini alyp barmak borçlary üstüne ýüklenen degişli döwlet edaralary tarapyndan adam hukuklary babatda ilatyň bilimliligini we habarlylygyny ýokarlandyrmak çärelerini göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligine seretmegi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, çagalary okatmagyň we durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de şol hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär we ol işleri dowam etmek meýilleşdirilýär. Munuň şeýledigine bu ugurda ähmiýetli çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň” 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen tassyklanmagy hem şaýatlyk edýär.

Maglumatda beýan edilenlerden görnüşi ýaly Adalatçynyň diwany tarapyndan hem hasabat ýylynda Çaganyň hukuklary, ýagny bu ugurda halkara hukuk kadalary we milli kanunçylygymyz babatda habarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle-de käbir çagalar edaralarynda olaryň hukuklarynyň berjaý edilişini barlamak maksady bilen, belli bir işler geçirildi. Şol sanda Adalatçy tarapyndan Içeri işler ministrligine degişli bolan MR-E/13, ýagny kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň saklanylýan edarasyna baryldy.

Bu edaralara baryp görmegiň netijesi barada maglumatyň degişli baplarynda doly beýan edilip, ol ýerde saklanýanlara, umuman, talabalaýyk şertleriň döredilenligi barada bellenildi. Muňa garamazdan, bu edarada saklanýan iş kesilenler baradaky maglumatlary seljermegiň netijesinde, bu ugurda alnyp barylýan işleri has hem güýçlendirmegi talap edýär. Şeýlelikde, kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilýän jenaýatyň öňüni almak, olaryň gaýtadan jenaýata baş goşmazlygyny gazanmak maksady bilen, aşakdakylary teklip edýäris:

̶ Kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilýän jenaýatyň toparlaýyn, şol toparda jenaýaty gurnaýjy bolup geçýänleriň uly ýaşly adamlar bolup, olaryň täsiri astynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýata baş goşýan halatlary hem az däl.Käbir ýagdaýlarda olaryň öz hereketlerinde jenaýatyň alamatlarynyň bardygyna düşünmeýän ýagdaýlary bolýar. Şol sebäpli hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda kanunda göz öňünde tutulýan jogapkärçilikler barada wagyz nesihat işlerini güýçlendirmegi;

̶ Görkezilen edarada jeza çäresini çekýän iş kesilenleriň 37% göteriminiň Lebap, 22% Mary welaýatyndan bolmagy sebäpli, bu sebitlerde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň öňüni almak maksady bilen, wagyz nesihat işlerini has-da güýçlendirmegi, görkezijileriň ýokarylygynyň sebäplerini öwrenip, degişli çäreleri geçirmekligi;

̶ Ene-atalaryň arasynda, olaryň çagalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda, çagany terbiýeläp ýetişdirmekde, ekläp-saklamakda Türkmenistanyň kanunçylygynda, has takygy Maşgala kodeksinde göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary barada wagyz nesihat, hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmak işlerini güýçlendirmegi;

̶ Çaganyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanunyň talabyna laýyk goralmagyny we amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda bu ugurda işleýän bilim, saglygy goraýyş ulgamyna degişli we beýleki edaralaryň içki düzgünnamalarynyň we beýleki hukuk namalarynyň yzygiderli seljerilip, hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirilmegini;

̶ Gönüden göni kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksizliginiň, hukuk tertibini bozmagynyň öňüni almak, olaryň hukuklaryny goramak boýunça işleri guramak wezipeleri ygtyýarlygyna girýän etrap, şäher häkimlikleriniň ýanyndaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen 14.02.1967-nji ýyl senesinde tassyklanan Düzgünnamanyň esasynda işini alyp barýar. Bu toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň döwrüň talabyna laýyk gelýän nama esasynda işlemegini gazanmak maksady bilen, toparyň işini üýtgedip guramagy, onuň esasynda hereket edýän kanunçylygyň, halkara resminamalaryň kadalaryna laýyklykda Düzgünnamany taýýarlamagy we tassyklamagy.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen soňky ýyllarda birnäçe uzakmöhletleýin Maksatnamalar kabul edildi we olar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Muňa garamazdan, Maglumatdan görnüşi ýaly raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüz tutmalarynyň belli bir bölegi zähmet meselesi, ýagny işe ýerleşmek meselesi bolup durýar. Ýüztutmalarda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümlerinde uzak wagtlap nobata durýandyklary, olar tarapyndan berlen ýollanmalar boýunça işe ýerleşip bilmeýändikleri barada hem aýdylýar. Bu ýagdaýlary aradan aýyrmak, bu ugurdaky Maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak maksady bilen teklip edýäris:

̶ Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işine gözegçiligi güýçlendirmegi, olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, nobata duran raýatlara berilýän ýollanmalaryň netijesini gözegçilige almagy.

Maglumatyň degişli baplarynda beýan edilişi ýaly, geçen ýylda hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kararlar kabul edildi.Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklaryny berjaý etmek işleri hem durmuşa geçirildi. Hasabat ýylynda şäherlerimizde we obalarymyzda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berildi we düýbi tutuldy. Kanunçylyga laýyklykda ipoteka karzlaşdyrmasy esasynda ýaşaýyş jaý gurluşygyny ösdürmek arkaly ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmegiň bazar usullaryny ulanmaklyk hem dowam etdirildi. Muňa garamazdan, hasabat ýylynda raýatlaryň ýüztutmalaryna geçirilen seljermäniň netijesi, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň hem az däldigini görkezdi. Raýatlaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglylykda şulary teklip edýäris:

̶ ýaşaýyş jaý toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş jaý meselelerine kanunalaýyk tertipde we möhletde seretmegini , nobatlylygyň berk berjaý edilmegini.

Mälim bolşy ýaly administratiw edara bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2017-nji ýylyň iýunynda kabul edilip, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüne girdi. Bu Kanunda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň düzgüni, möhleti we beýleki anyk kadalar göz öňünde tutulan. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda Adalatçy tarapyndan degişli edaralara ugradylýan ýüztutmalara seretmegiň düzgüni we möhleti bellenilen. Maglumatda görkezilen seljermelerde köpsanly ýüztutmalaryň möhleti bozulyp seredilýänligi, ýüz tutýanlaryň köpüsiniň ýüztutmalarynyň jogapsyz galýanlygy bellenilýär. Bu bolsa agzalan kanunlaryň talaplarynyň, raýatlaryň ýüz tutmalaryna seredilmek hukuklarynyň bozulmagyna, gaýtadan ýüztutmalaryň bolmagyna getirýär. Bu kemçilikleri aradan aýyrmak, raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde netijeli seretmegi gazanmak maksady bilen teklip edýäris:

̶ ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde, şeýle-de düýp mazmuny boýunça we netijeli seretmekligi guramagy we gözegçilikde saklamagy.

Adalatçy, şu maglumatda beýan edilenleri we teklipleri döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň özleriniň gündelik we geljekdäki işlerinde göz öňünde tutup, bu ugurda netijeli iş alyp barjakdyklaryna ynanýar.

Ýokarda beýan edilenler bilen, Adalatçynyň 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada taýýarlanan maglumatymyzy jemleýäris.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde, Adalatçynyň ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň üpjün edilmegine, goralmagyna, berjaý edilmegine gönükdirilen wezipelerini mundan beýläk hem gyşarnyksyz berjaý etjekdigine ynandyrýarys, çünki munuň üçin ýurdumyzda mümkinçilikler doly döredilendir.

MAZMUNY

Giriş

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy

II bap. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme

III bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

IV bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

V bap. Adalatçynyň kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

VIII bap. Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri

IX bap. Netije we teklipler

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter