«Türkmenistan: hepdäniň wakalary» atly hepdelik habarlar neşiri | TDH

«Türkmenistan: hepdäniň wakalary»

Hormatly okyjylar!

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» atly hepdelik habarlar neşirine ýazylyşyk dowam edýär.

Hepdelik neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurduň hökümetiniň işi bilen baglanyşykly resmi habarlar, Permanlar we Kararlar, şeýle hem ýurdumyzyň ähli möhüm ulgamlarynda bolup geçýän täzelikler we hepdäniň esasy wakalary beýan edilýär. Bu ýerde Siz milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň işi, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijeleri, welaýatlardan gowşan täzelikler baradaky maglumatlary – bir söz bilen aýdylanda ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň möçberleri barada doly düşünje almaga ýardam edýän maglumatlary alyp bilersiňiz.

«Türkmenistan: hepdäniň wakalary» habarlary – ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, arçynlar, ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklarynyň ýolbaşçylary üçin maglumatlaryň ygtybarly çeşmesidir.

«Türkmenistan: hepdäniň wakalary» neşirine ýazylmak bilen, Siz hemişe ýurdumyzda bolup geçýän ähli wakalardan habarly bolarsyňyz.






Ýazylyşyk «Türkmenpoçta» Döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär.

Indeksi

  • 780018 türkmen dilinde
  • 780028 rus dilinde
  • 780038 iňlis dilinde

Tel: +993(12) 92-16-17

 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter