Amul — Hazar 2018

Amul — Hazar 2018

22.01.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok

Ýüpek ýoly ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde söwdany we ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýji bolup hyzmat etdi, ençeme halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýulmagyna ýardam berdi. Türkmenistan şu işde uly orun tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen ýurdumyzda 2018-nji ýylyň yglan edilen şygary türkmen topragynyň üstünden geçen hem-de onuň goýnunda ähmiýetliliginiň gymmatly subutnamalaryny goýan bu taryhy ýoluň aýratynlygyna çuňňur düşünmäge bize esas berýär.


17.01.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Bazarlar - şäherleriň joşgunly durmuşy

Mowzuklaýyn makalalar ýurdumyzyň çäginden geçýän Ýüpek ýolunyň gadymy döwürlerde esasy “hemrasyna” öwrülen kerwensaraýlar hakyndaky gürrüňden başlandy. Şu gün gürrüň taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen we diňe bir söwdanyň däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi hasaplanylýan şowhunly bazarlar hakynda bolar.


16.01.2018 | Amuldan — Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Kerwensaraýlar

“Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýazýar.


12.01.2018 | “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurdumyzyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.


15.12.2017 | Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça - Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Amuldan Hazara çenli” atly awtomobil ýaryşyny guramagy tabşyrypdy. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji dekabrda bolan hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Milli Liderimiz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter