Amul — Hazar 2018

Amul — Hazar 2018

20.09.2018 | “Amul - Hazar” – Türkmenistanyň täze sport nyşany

Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.


18.09.2018 | Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we gat­na­şy­jy­la­ra baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çen hep­de­de ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hem-de ägirt uly üs­tün­li­ge bes­le­nen “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şan türk­men tür­gen­le­ri­ne – baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan hem-de ýa­ry­şa gat­na­şan tür­gen­le­ri­mi­ze baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.


15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi.


14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi

14-nji sentýabrda «Amul — Hazar 2018» rallisine gatnaşyjylar iň soňky «Sport Meýdançasy» diýlip atlandyrylan düşelgä geldiler. Bu düşelge Türkmenistanda sportuň işjeň ösdürilýändigini, raýatlaryň beden saglygynyň berkidilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini alamatlandyrýar.


13.09.2018 | Ral­li-reý­de gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler

13-nji sent­ýabr­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar üçün­ji du­ral­ga — Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­le­şen “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy to­par­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ta­rap ug­rap, alaň­lar we ta­kyr­lar köp bo­lan ýa­ryş ýo­ly bo­ýun­ça 236 ki­lo­metr geç­di­ler.


12.09.2018 | “Amul — Hazar 2018”: “Ga­ra­gum ýal­ky­my” myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar

12-nji sent­ýabr­da ir bi­len «Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar öz ulag­la­ryn­da Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş çä­gi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän «Ma­ry» dü­şel­ge­sin­den çy­kyp, ýa­ry­şyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ba­dal­ga al­jak ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy­lar.


11.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy

Şu gün Lebap welaýatynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy.


10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gatnaşdy

Şu gün Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ba­dal­ga al­ma­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy.


10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden ÇY­KY­ŞY

Ine, biz şu gün “Amul — Ha­zar 2018” ady bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport baý­ram­çy­ly­gy­ny ge­çir­ýä­ris. Türk­men top­ra­gyn­da gu­ral­ýan ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len tür­gen­le­re we beý­le­ki myh­man­la­ra “Hoş gel­di­ňiz!” di­ýip ýüz­len­ýä­ris.


10.09.2018 | “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň hor­ma­ty­na

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry bi­len geç­ýän ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di.


 

 

 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter