Türkmenistan — Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi

Türkmenistan — Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi

10.06.2018 | «Amul — Hazar 2018» mediaforumy

9-njy iýunda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna bagyşlanan mediaforum boldy. Forumyň işine ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, sebitiň häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


17.05.2018 | Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


16.05.2018 | Medeni mirasy gorap saklamak boýunça iri türkmen-amerikan taslamasy tamamlandy

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda baý milli mirasy öwrenmäge we gorap saklamaga örän uly üns berilýändigine şaýatlyk edýän ýene-de bir ajaýyp waka beslendi.


26.03.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça wagyz-nesihat demir ýol ulagy ýola düşdi

Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinden “Arkadagyň gurduran polat ýollary — beýik döwrümiziň ýüpek ýollary” atly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylaryň münen demir ýol ulagy ýola düşdi. Ugradýanlaryň saparyň şowly geçmegi baradaky oňat arzuwlaryna beslenen demir ýol ulagy Aşgabat — Bereket — Etrek ugry boýunça günbatara gitdi.


22.03.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Arheologlar taryhyň köpasyrlyk gatlaklaryny açýarlar

Türkmenistanda Nowruzyň iki günläp baýram edilmegi biziň hemmämizde baharyň gelmeginiň hormatyna geçirilen ajaýyp dabaralar däp-dessurlara hem-de milli mirasa belent sarpa hökmünde ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar. Şu ýyl bu baýramçylygyň gerimi giň, many-mazmuna baý boldy.


09.03.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi.


26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.


19.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikler. Gadymy pul serişdeleri

Türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde Beýik Ýüpek ýoly arkaly goýlan mirasa bagyşlanan ýörite makalalar toplumynda Gündogardan Günbatara we yzyna uzan taryhy ýoluň ugrunda ýaň salan kerwensaraýlar we bazarlar barada okyjylarymyza gürrüň berildi.


12.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Orta asyr türkmen şäherleri – lukmançylyk ylymlarynyň merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewraldaky mejlisinde Mary welaýatyndaky Daňdanakan galasynda alymlaryň tapan täze arheologik tapyndylaryň taryhy ähmiýetini nygtady. Mary şäheriniň günbatarynda ýerleşýän bu orta asyr ýadygärligindäki arheologik tapyndylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäginde alnyp barylýar.


09.02.2018 | Mary welaýatynyň orta asyr ýadygärliginde lukmançylyga degişli tapyndylar ýüze çykaryldy

9-njy fewralda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar.


 

 

 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter