Aşgabat-2017

Aşgabat-2017

10.06.2017 | “Aşgabat 2017” şekili Astanada EKSPO sergisinde görkezildi

Astanada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň baran EKSPO meýdançasynda Türkmenistan öz ekspozisiýasynyň çäklerinde “Aşgabat-2017” uly göwrümli taslamany görkezdi. Ol sentýabrda geçiriljek sport forumy arkaly ýurdumyzyň häzirki zaman üstünliklerini, açyklygyny, parahatçylyk söýüjiligini hem-de türkmenistanlylaryň myhmansöýerligini, paýtagtymyzyň gözelligini görkezmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň ähmiýetli nyşanyna öwürlen iň häzirki zaman sport derejeli Olimpiýa şäherjiginde “ýaşyl” tehnologiýalar hem ornaşdyryldy.


09.06.2017 | Aşgabat V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar

Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.


07.06.2017 | Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň düzümleri bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdy.


30.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek esasy stadionynyň abadanlaşdyrylyşy, beýleki guramaçylyk işlerine taýýarlygyň meseleleri, sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynyň wezipeleri bilen tanyşdy.


29.05.2017 | Paýtagtymyzyň täze keşbi: amatlylyk, gözellik, sazlaşyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Aşgabadyň şäher düzümini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamasy ilat üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän döwrebap şähergurluşyk syýasatynyň bu möhüm ýörelgesi Aşgabadyň merkezi böleginde durkuny täzelemek işlerinde doly derejede amala aşyrylýar. Bu ýerde döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny döretmek bilen birwagtda, köçeleri we şaýollary giňeltmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar, täze ýol aýrytlary peýda bolýar, iri ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň baş şäheri keşbini üýtgedip, has owadan şäherleriň birine öwrülýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.


25.04.2017 | Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragy bina edilýär

Innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesininiň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylyp, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň esasy ugrudyr.


16.04.2017 | Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda jaýlary, durmuş we ulag düzümleriniň desgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär

Aşgabat gün günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň täze binalary onuň Köpetdag gerişleri bilen ägirt uly Garagum çöllüginiň arasynda gül açýan ýerde ägirt uly şähere öwrülýändiginden habar berýär. Ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlar şäherimizi synlap, göz öňünde emele gelýän gözel görnüşlere haýran galýarlar.


06.04.2017 | Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini bellediler

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Bu oýunlara taýýarlyk görmek jemleýji tapgyra gadam basdy.


29.03.2017 | Paýtagtymyzyň N.Andalyp şaýolunda döredijilik we şygryýet ýadygärlik –bezeg heýkeltaraşlyk toplumlary bina edildi

Paýtagtymyzda Andalyp şaýolunyň çatrygyndaky köp zolakly halkalaýyn ýollaryň merkezinde gurlan “Döredijilik” we “Şahyr” atly özboluşly heýkeltaraşlyk desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Beýikligi 20 metre barabar bolan “Döredijilik” bezeg-heýkel desgasy ot alawyny alamatlandyrýan hem-de 30 metr diametri bolan sütünlerde ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň şekili görnüşinde metal gurnamadan ybaratdyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter