Aşgabat-2017

Aşgabat-2017

05.09.2017 | “Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän türkmen kompaniýalaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda olaryň üsti “Hoş zaman” guşçulyk hojalygy bilen ýetirildi.


02.09.2017 | “Huawei” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy

Telekommunikasiýa we habarlar ulgamynda Hytaýyň “Huawei Tech. Investment Co., Limited” öňdebaryjy kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Bu barada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.


22.08.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär

Barha golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň - Aziada - 2017-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany gün-günden artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy.


17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp görüp, bu ýerde guralan “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlanyldy.


11.08.2017 | “Hyundai Engineering” kompaniýasy Aşgabat 2017 oýunlarynyň resmi hemaýatkäri boldy

“Hyundai Engineering” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.


04.08.2017 | Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ulagynyň binýady täzelenýär

Aşgabat şäheriniň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 200-si we Ýaponiýanyň “Toyota Corolla” kysymly taksileriniň 100-si çykaryldy. Bu ulaglar paýtagtymyzyň ulag parkynyň üstüni ýetirip, şäheriçi boýunça ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde paýtagtymyzyň çäkleri giňeldildi, täze ýaşaýyş toplumlary, şaýollar we köçeler gurulýar.


04.08.2017 | Aşgabadyň iri dükanlary täze iş tertibine geçýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar, milli Liderimiz öňde boljak iri bäsleşiklere taýýarlyk görmek meselelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini guramakda iri möçberli işler geçirilýär. Şu ýylyň 28-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde dükanlaryň gije-gündizleýin işini guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


03.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlaryň çäklerinde hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynyň wezipeleri kesgitlendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň ara alyp maslahatlaşmaga çykaran esasy meseleleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüşi, şol sanda hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlary bilen baglanyşykly anyk wezipeleri çözmekden ybarat boldy.


02.08.2017 | «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylary akkreditasiýa etmek boýunça Merkez işe başlady

Tutuş ýurdumyzyň sabyrsyzlyk we uly ruhubelentlik ýagdaýynda garaşýan uly sport baýramynyň — “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagynyň öň ýanynda paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan açylan “Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi” (UDAC) işe başlady.


29.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu taryhy senäniň şanyna geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen başlandy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter