Aşgabat-2017

Aşgabat-2017

18.09.2017 | Mämmetgulyýew türkmen tennisi üçin ykjam taýýarlyk görýär

Isa Mämmetgulyýew (Türkmenistan) hepdäniň ýekşenbe güni Aşgabat 2017-de ilkinji bäsleşen oýnunda öz duýgularynyň hötdesinden gelip ýeňiş gazanmagy başardy.


17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.


17.09.2017 | «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynda badalga berlen 500 günlük atly ýörişi dabaraly tamamlandy. Şonda bu ägirt uly ýörişiň başlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna diňe watandaşlarymyzyň müňlerçesi däl-de, eýsem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.


17.09.2017 | Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ikinji gününde futzal boýunça oýunlar dowam etdi, uly tennis hem-de taýboksy boýunça ýaryşlar başlandy.


17.09.2017 | Jelilmuhammet Hojamyradow ýygyndymyz üçin ilkinji altyn medaly iň bagtly diýip hasap etdi

Sportuň Jiu-Jitsu görnuşinin «duo klassik» ugry boýunça Myrat Gimmiýew bilen bilelikde çykyş eden Jelilmuhammet Hojamyradow biziň toparymyz uçin getiren ilkinji altyn medalyny durmuşyndaky in bagtly we tolgundyryjy pursat diyip hasap etdi.


16.09.2017 | Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi.


16.09.2017 | Aşgabat 2017 Oýunlarynda ilkinji altyn medalyna sportuň Jiu-Jitsu “duo klassik” görnüşi boýunça Türkmen türgenleriniň eýe boldular

Hemmeler 17-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şonuň bilen bilelikde, Oýunlar Jiu-Jitsu ýaryşlary bilen başlady.


15.09.2017 | Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy

Olimpiýa şäherçesinde ýene-de onlarça ýurduň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol döwletleriň wekiliýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


14.09.2017 | Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziada gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklary galdyryldy

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol ýurtlaryň wekiliýetleri eýýäm Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


14.09.2017 | “Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün eder

Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter