Aşgabat-2017

Aşgabat-2017

22.09.2017 | Türkmen futzalçylary çärýek finala taýýarlanýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary çärýek finala geçmegi başardy. 23-nji sentýabrda geçiriljek duşuşygyň netijesi biziň toparymyzyň ýaryşyň medallaryna dalaş edip biljekdigini görkezer. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar, çünki türkmen futzalçylarynyň “A” toparda geçiren üç duşuşygyndaky oýunlary örän çalasyn we şowly boldy.


21.09.2017 | Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň umumy medal sany 148-e ýetdi

Şu gün Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 13 görnüşi boýunça ýaryşlar dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň topary guşakly göreş, kuraş, konkur, taý boksy, agyr atletika boýunça 21 medal, şol sanda 6 altyn medal gazandy.


21.09.2017 | Türkmen taýboksçylarynyň altyn medaly

Türkmenistanly türgen Jennet Aýnazarowa (57 kg.) taýboks boýunça ýaryşlaryň finalynda Tailanddan Sirisopa Sirisagy ýeňip altyn medala mynasyp boldy.


21.09.2017 | Türkmen konkurçysy Nikolaý Beglarýan Aziadanyň altyn medalyna mynasyp boldy

19-njy sentýabrda badalga alan konkur ýaryşlarynda şu gün Ahalteke kubogy ugrunda bäsleşikler geçirildi. Biziň ildeşlerimiz Nikolaý Beglarýan Toýçy atly bedewde çykyş edip, päsgelçiliklerden ýalňyşsyz geçdi we altyn medala eýe boldy.


20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 – kümüş, 37—bürünç medal bar

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Şu gün hem biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlary we nobatdaky medallary bilen guwandyrdy. Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi.


20.09.2017 | Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler.


19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18 bürünç medala eýe boldy.


19.09.2017 | Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.


19.09.2017 | Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18-nji sentýabrda milli göreş boýunça bäsleşikler tamamlandy. Ol Türkmenistan üçin şowly boldy – biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde 23 altyn, 14 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar.


18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 – altyn, 21 – kümüş we 12 – bürünç

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny berkitmäge ýeterlik boldy. Häzire çenli ýaryşlaryň geçirilen günleriniň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda dürli gymmatlyga bolan medallaryň 62-si ýygnandy. Şolaryň 29-sy altyn, 21-si kümüş we 12-si bürünç medallardyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter