Saýlawlar - 2017

Saýlawlar - 2017

25.01.2017 | Türkmenistanda GDA-nyň synçylar topary işe başlady

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylar topary işe başlady. Olar 12-nji fewralda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda türkmen tarapynyň çakylygy boýunça paýtagtymyza geldiler.


25.01.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler. Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda, Serdar Jelilow bilen duşuşyk Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda, Durdygylyç Orazow bilen duşuşyk Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde bolar.


24.01.2017 | Paýtagtymyzyň saýlawçylary dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşarlar

2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy bolar.


24.01.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew saýlawçylar bilen duşuşyk gecirdi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy.


23.01.2017 | Welaýatlaryň saýlawçylarynyň dalaşgärler bilen nobatdaky duşuşyklary 25-nji ýanwarda geçiriler

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler.


23.01.2017 | Jumanazar Annaýew Mary welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada gürrüň berdi

M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.


23.01.2017 | Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy

Türkmenabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy. Şu mynasybetli S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýetiň düzümleriniň, kärhanalaryň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


23.01.2017 | Ramazan Durdyýew ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň saýlawçylary bilen duşuşdy

Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, dürli pudaklaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk boldy.


23.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Serdar etrabynyň merkezinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.01.2017 | Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär—Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter