Saýlawlar - 2017

Saýlawlar - 2017

27.01.2017 | Durdygylyç Orazowyň Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär--Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


26.01.2017 | Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi dowam edýärler

Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary – Ýerine ýetiriji sekretary W.Guminskiniň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew bilen duşuşygy boldy.


26.01.2017 | Ramazan Durdyýew paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşar

2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy bolar.


26.01.2017 | Aşgabatda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde döwlet wezipesine dalaşgärleriň biri - “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýewiň saýlaşçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


25.01.2017 | GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar toparynyň Ştabynyň habaryny getirýäris:


25.01.2017 | Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy.


25.01.2017 | Türkmenabatda saýlawçylaryň Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, oba zähmetkeşleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçdi.


25.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy.


25.01.2017 | Serdar Jelilow Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

Deňiz kenarynda ýerleşen şäherde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär-Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilowyň Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçdi. Bu ýere ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


25.01.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Köpetdag eteginiň saýlawçylarynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu ýere Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter