Saýlawlar - 2017

Saýlawlar - 2017

01.02.2017 | Türkmenistana ÝHHG-niň topary geldi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin paýtagtymyza geldiler.


01.02.2017 | GDA-nyň Synçylar toparynyň agzalary dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary dowam edýärler

GDA-nyň Synçylar toparynyň Ştabynyň ýolbaşçysy Ý.Sloboda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Onda häzirki döwürde geçýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.02.2017 | Maryda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Şu gün bu ýerde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär -- Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy.


01.02.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Şu gun Lebap welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy.


01.02.2017 | Durdugylyç Orazow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Şu gün Daşoguz welaýatynyň döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdugylyç Orazow bilen ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň saýlawçylarynyň duşuşygy boldy.


31.01.2017 | Paýtagtymyzyň saýlawçylary 2-nji fewralda Serdar Jelilow bilen duşuşarlar

Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçiriler.


31.01.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Jelilow bilen duşuşygy bolar.


31.01.2017 | Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda saýlawçylar bilen duşuşdy

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmekeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.


30.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşyk M.Kemine adyndaky döwlet teatrynda geçdi. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


30.01.2017 | Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy

Şu gün Türkmenabat şäheriniň häkimliginde Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Onuň saýlawlaryň öüňsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşmak üçin ubu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter