Saýlawlar - 2017

Saýlawlar - 2017

06.02.2017 | Maryda saýlawçylaryň dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy

Maryda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.


05.02.2017 | Durdygylyç Orazow paýtagtymyzyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrar

2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy bolar.


05.02.2017 | Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçilik etmegini dowam edýär

GDA-nyň synçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda saýlaw möwsüminiň barşy bilen tanyşdylar. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň synçylaryna saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berip, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlarynyň hem-de saýlawlaryň maglumat taýdan üpjünçiliginiň üstünde giňişleýin durup geçdiler.


04.02.2017 | Aşgabatda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy

Şu gün paýtagtymyzyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy.


03.02.2017 | Mary şäherinde Süleýmannepes Nurnepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi

Şu gün Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy geçirildi.


03.02.2017 | Durdygylyç Orazow Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Şu gün Lebap welaýatynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy.


02.02.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow paýtagtymyzyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyş eder

2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.


02.02.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.


02.02.2017 | Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

2-nji fewralda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses berilmegi başlandy.


02.02.2017 | Dalaşgär Serdar Jelilow paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-- Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem duşuşyga Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter