Teswirlemeler

Teswirlemeler

22.02.2017 | Dünýä metbugatynyň sahypalarynda: Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy doktrinasy – oňyn Bitaraplyk

Ýakynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda uly seslenme döreden halkara durmuşynyň möhüm wakasyna öwrüldi.


10.02.2017 | 12-nji fewral-Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni

Şeýlelikde, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda dur. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açjak pursadyna çenli bir günden hem az wagt galdy. Türkmenistanlylar özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny berjaý edip, döwlet Baştutanyny saýlarlar. Bu gün türkmen halkynyň ykbalynda täze taryhy tapgyry alamatlandyrýan Garaşsyzlyk eýýamynyň ýylýazgysyna beýik waka hökmünde girer.


08.02.2017 | Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň syýasatynyň ählumumy ähmiýetini ykrar etdi

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


03.02.2017 | Dostlugyň, wepalylygyň hem-de ruhubelentligiň tumary

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň çäginde, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň zähmetkeşler topary bilen bolan duşuşygynda Aziada—2017 barada hem aýdyldy. Hususan-da, oýunlaryň resmi nyşanlary barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, olarda türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklary we gadymy taryhy, baý medeniýeti hem-de özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.


03.02.2017 | 2017-nji ýylyň ýanwary: daşary syýasy wakalaryň senenamasy

Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugry bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar—aýry-aýry döwletler hem-de halkara we sebit guramalary bilen dostlukly, özara ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty bilen baglylykda Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklarda we syýasy gepleşiklerde, köptaraply forumlarda we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde, möhüm ähmiýetli medeni çärelerde aýdyň beýanyny tapdy.


01.02.2017 | Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek: deň hukuklar we deň mümkinçilikler

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň ýurdumyzyň durmuşynda ily taryhy wakalaryň döwrüne öwrüljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýedigini kesgitledi.


29.01.2017 | Ilatyň saglygy, sportuň we syýahatçylygyň ösüşi Türkmenistanyň “Aziada-2017” taslamasynda bir bitewi nyşany emele getirýär

10. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelegleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär.


18.01.2017 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - Obasenagat toplumy

Syn berilýän 2016-njy ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen agrar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.


17.01.2017 | Energetika pudagynyň kuwwaty eksporta ugardylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýär

2016-njy ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Eziz Watanymyzyň şanly toýuna gabatlanyp açylan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň aýdyň netijesidir.


10.01.2017 | Türkmenistanda hünärmenleri taýýarlamagyň innowasiýa häsiýetli we köp dilli ulgamy kemala gelýär

6.Ylym we bilim ulgamy


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter