Teswirlemeler

Teswirlemeler

17.06.2017 | AHHG – Aral heläkçiliginiň netijelerini aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki iş üçin köpugurly binýatdyr

AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň esasy wezipeleri esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň, AHHG-nyň Prezidentiniň we Müdiriýetiniň Aral deňziniň sebitiniň meseleleri boýunça çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmek; Aral deňzi sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek, bilermenleriň seljermesini geçirmek bolup durýar. Komitet özüniň şahamçalarynyň, ýörite agentlikleriniň hem-de gaznalarynyň Aral sebitinde ýerleşen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň çäklerinde durmuş we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagy boýunça ýardam bermek işlerini utgaşdyrýar, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň we Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň alyp barýan işlerine ýardam berýär.


31.05.2017 | Watanymyzyň geljegine uly üns we alada bilen

Türkmenistan her ýyl 1-nji iýunda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär, bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesle sazlaşykly terbiýe bermegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny alamatlandyrýan şanly sene hökmünde, resmi tertipde milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.


24.05.2017 | Ulag düzümleri sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertidir

Sebitleriň ulag düzümini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybarat bolan ulag strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýörelge oba ýerleriniň hojalyk, söwda-ykdysady we durmuş-ynsanperwerlik gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyna, olaryň maýa goým mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, oba ýerlerinde telekeçiligiň höweslendirilmegine we senagat ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.


17.05.2017 | Ileri tutulýan durmuş ugurlary—milli syýasatyň esasy ýol görkezijileri

2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýär. “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidildi.


01.05.2017 | Kikboksing, agyr atletika we suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionatlaryna sözsoňy

Geçen aýda ýurdumyzda halkara derejeli iri ýaryşlar üstünliklere beslendi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň üç çempionaty—kikboksing, agyr atletika hem-de suwda ýüzmek boýunça birinjilikleri geçirildi. Bäsleşikleriň barşynda türkmen türgenleri jemi 96 medala—30 altyn, 32 kümüş we 34 bürünç medallara eýe boldular. Şunda söweş görnüşleri ýaryşlarda türgenlerimiz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.


25.04.2017 | Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda wekilçiligi giňelýär

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň birbada ikisine - 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.


13.04.2017 | Türkmen-owgan gatnaşyklary: hoşniýetli goňşuçylyk we sebitde ýakynlaşmak syýasatynyň mysaly

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20172023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy bellenilýär.


12.04.2017 | Türkmenistanyň maýa goýum boýunça özüne çekijiligi: köp milliardlyk bilelikdäki taslamalar

Söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösldürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.


09.04.2017 | Awaza halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar “Azada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bäbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty deňizýaka sebitde köpsanly daşary ýurtly wekiliýetleri we dürli ýurtlardan hormatly myhmanlary jemledi.


02.04.2017 | Suwdan rejeli peýdalanmak – Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasy

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy geçirildi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini şöhlelendirmek bilen, köpmüňýyllyk taryhynyň dowamynda suwa bolan garaýşyny aýawly saklaýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter