Sport

Sport

29.08.2018 | “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça “Bengaluru” hindi toparyny ynamly ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy.


28.08.2018 | Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy. Şu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin üs­tün­lik­li bol­ma­dy.


27.08.2018 | Aziadada türkmen agyr atletikaçylary dördünji orny eýeledi

ХVIII Tomusky Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Däp boýunça, has uly agramdaky türgenler iň soňunda çykyş etdiler. Ýurdumyza 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejesinde çykyş edip, dördünji orny eýelän Hojamuhammet Toýçyýew wekilçilik etdi.


26.08.2018 | Medallar ugrunda

Häzirki wagtda dowam edýän tomusky Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmen türgenleriniň tutanýerliligine garamazdan Kemal Meredowyň (56 kilograma çenli) “ne-waza” görnüşinde mynasyp bolan bürünç medalyndan başga, olary ýeňşe örän ýakynlaşsalar-da, ýeňşi elden giderdiler.


24.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Azia­da­nyň ikin­ji bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy

Şu gün, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn­jy gü­nün­de türk­men to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti ýe­ne-de bir bü­rünç me­dal bi­len art­dy. Mu­nuň özi Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da jiu-jit­su bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da “ne-wa­za” gör­nü­şin­de Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji baý­ra­gy­dyr.


22.08.2018 | “Al­tyn asyr” AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny ýeň­di

Aş­ga­ba­dyň “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da hal­ka­ra zo­lak­la­ýyn ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­ly­nyň bi­rin­ji oý­nun­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny 3:2 ha­sa­by bi­len ýeň­di­ler.


22.08.2018 | To­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ne-de bir me­da­ly

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ýa­ryş­la­ryň dör­dün­ji gü­ni ta­mam­la­nyp, ol bi­ziň ýur­du­my­za no­bat­da­ky me­da­ly, bu ge­zek bü­rünç me­da­ly ge­tir­di.


21.08.2018 | Aziada—2018-iň ilkinji medaly

Şu gün, Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynyň üçünji güni ajaýyp waka - agyr atletikaçy Kristina Şermetowanyň 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medala eýe bolmagyna beslendi.


19.08.2018 | Türk­men tür­gen­le­ri XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­na gi­riş­di­ler

Indoneziýanyň paýtagty Jakartada 18-nji awgustda “Bung Karno” stadionynda açylyş dabarasy geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň şu günki, ilkinji gününde, Türkmenistanyň türgenleri erkin göreş we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.


14.08.2018 | Türkmen türgenleri Indoneziýada geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýar

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda 18-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter