Sport

Sport

09.02.2015 | Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde türgenleri hormatlamak dabarasy boldy. Olar Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen şort-trek boýunça (konkide typmak sportunyň bir görnüşi) ýaşlaryň halkara synag-ýaryşynda Türkmenistan üçin ilkinji medallaryň ähli görnüşlerini gazandylar.


09.02.2015 | “Ahal” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş bilen başlady

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Ahal” (Türkmenistan) we “Dordoý” (Gyrgyzystan) komandalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şonda 1:0 hasabynda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazandy.


08.02.2015 | Sport syny

Geçen dynç günleri ýurdumyzyň sport durmuşy birnäçe ähmiýetli wakalara beslendi. Şenbe güni, 7-nji fewralda 1997-1998-nji ýylda doglan ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryşyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Ýekşenbe güni bolsa ýakynda türkmen paýtagtynda açylan ýöriteleşdirilen täze küşt-şaşka mekdebinde sportuň aň-paýhas görnüşleri boýunça ýaryşyň üçüsi geçirildi.


05.02.2015 | Aşgabat çempionatyna sözsoňy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Goşunyň merkezi sport klubynyň toparynyň ýeňişi bilen basketbol boýunça erkekler toparlarynyň ýokary ligasynyň Aşgabat çempionaty tamamlandy. Oýunlaryň jemleýji tapgyrynda ýeňijiler geçen ýyl birinji ýeri eýelän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” toparyny iki gezek utdular.


01.02.2015 | Taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň milli sport hereketiniň taryhyna täze sahypa ýazyldy: şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda taý boksy boýunça ýurdumyzyň birinji çempionaty tamamlandy .


01.02.2015 | Türkmen boksçularynyň bürünç medallary

Bişkek, 1-nji fewral (TDH). Türkmen türgenleri şu gün tamamlanan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşynda bürünç medallaryň ikisini eýelediler. Milli ýygyndy toparymyzda Arslanbek Açilow (75 kilograma çenli agram derejede) we Ýakup Meredow (56 kilograma çenli agram derejede) sylaglara mynasyp boldy. Bäsleşiklere Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan 180-e golaý türgen gatnaşyp, medallaryň 10 toplumy ugrunda özara bäsleşdi.


26.01.2015 | Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen samboçylary ýedi medal gazandylar

Şu günler Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän sport we söweş sambosy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň tapgyrynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň türgenleri başa-baş söweş sungatynyň bu iki ugry boýunça jemi ýedi medala — iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medala eýe boldular.


25.01.2015 | Ýaş türkmen futbolçylarynyň üstünligi we geljekki mümkinçiligi ýa-da “Arkalaşygyň Kubogy” halkara ýaryşyna sözsoňy

Sankt-Peterburg, 25-nji ýanwar (TDH). Türkmen futbolçylary Sankt-Peterburgda /Russiýa Federasiýasy/ şu gün tamamlanan “Arkalaşygyň kubogy” atly XXIII halkara ýaryşynyň iň oňat dört toparynyň hataryna girdiler.


20.01.2015 | Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionaty badalga aldy

Şu ýanwar günleri paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça ikinji çempionat badalga aldy. Onuň oýunlary şu ýyl paýtagtymyzyň buzly meýdançalarynyň birbada ikisinde — Gyşky oýunlar sport toplumynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda geçirilýär.


18.01.2015 | Türgenler Olimpiada — 2016-a taýýarlanýarlar

Ahal welaýatynyň Yzgant obasynyň sport mekdebinde grek-rim göreşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi, oňa nusgawy göreş boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter