Sport

Sport

18.02.2019 | Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň altyn baýragynyň eýeleriniň hatarynda

17-nji fewralda Özbegistanyň Daşkent şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medal gazandy.


16.02.2019 | «Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlary tamamlandy

Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.


15.02.2019 | Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri

Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlary dowam edýär. Şu gün «Kristal» sport köşgünde figuralaýyn typmak boýunça ýekelikde erkin maksatnama boýunça ýaryşlar geçirildi.


13.02.2019 | Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna şowly girişdiler

Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara sport oýunlary dowam edýär. Medallar ugrundaky bäsleşiklere figuralaýyn typýan gyzlar hem girişdiler.


12.02.2019 | «Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär

Şaýbaly hokkeý hem-de figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň milli ýygynydy topary 8-nji fewraldan bäri Sahalie oblastynyň Günorta —Sahalinsk (Russiýa Federasiýasy) şäherinde bolup, bu ýerde «Aziýanyň çagalary» atly birinji gyşky halkara sport oýunlaryna gatnaşýar.


20.12.2018 | Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy

Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy.


16.12.2018 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňijiler belli boldy

Paýtagtymyzyň “Saglyk ýolunda” şu ýyl skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ylgaw ýaryşlary tamamlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň howandarlygynda “Agama” alpinist topary ýaryşyň guramaçysy boldy.


11.12.2018 | Futzal boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp sporty» toparynda

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.


11.12.2018 | “Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar.


24.11.2018 | Küşt boýunça ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň ýygyndy topary 16-23-nji noýabr aralygynda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda şowly çykyş etdi. Ýurtlaryň 11-sinden 300-e golaý ýaş küştçiler ýaşy 6-a, 8-e, 10-a, 12-ä, 14-e, 16-a, 18-e we 20-ä çenli ýaş toparlarynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Ýaryş üç görnüşde: nusgawy, rapid we blis bäsleşikleri görnüşinde geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter