Sport

Sport

03.11.2016 | Paýtagtymyzyň “Olimp” mekdebi - ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez

Gökje sport toplumynda 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebinde tälim alýanlar birinji ornu eýelediler.


03.11.2016 | “Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony

Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny saklamagy başardylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bu üstünligi oýunlaryň tamamlanmagyna çenli bäş tapgyr galanda, möhletinden öň gazandylar. Onuň yz ýanyndan gelýän “Balkan” “Aşgabat” toparynyň garşysyna paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, bir utugyny ýitireninden, “Altyn asyr” bolsa myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykandan soň çempion belli boldy.


02.11.2016 | Türkmen hokkeý hünärmenleri halkara şahadatnamalarynyň eýeleri

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde şaýbaly hokkeý boýunça dürli ýaryşlary guramagyň we geçirmegiň meseleleri hem-de eminleriň işleri boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata sportuň bu görnüşi boýunça türkmen hünärmenleriniň ikisi —Allaberdi Mämmetgulyýew bilen Mämmet Mämmedow gatnaşdylar. Olar synagdan üstünlikli geçip, Halkara hokkeý federasiýasynyň II derejeli şahadatnamasyna mynasyp boldular.


01.11.2016 | Küşt boýunça dünýä çempionatynda altyn we kümüş medallar

Kadetleriň arasynda Gruziýanyň Batumy şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ýaş türkmen türgenleri iki medala – bir altyn we bir kümüş medala eýe boldular. Biziň toparymyzyň düzüminde Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň okuwçylary Şageldi Gurbandurdyýew (1-nji orun) we Läle Şöhradowa tapawutlandylar.


01.11.2016 | Aşgabatlylar – petank boýunça üstünlik gazandylar

“Ashgabat Tissot open – 2016” ady bilen geçirilýän petankyň ikinji tapgyrynyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler kesgitlenildi. “Berkarar” toparyny bir ýarym sagada çeken çekeleşikli final duşuşygynda 13:12 hasaby bilen utmagy başaran paýtagtymyzyň “Ýeňiş” topary altyn medallara hem-de Kuboga eýe boldy.


30.10.2016 | Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi

Naberežnyýe Çelny, 30-njy oktýabr (TDH). Naberežnyýe Çelny şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen nusgawy guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynyň hem-de göreş boýunça III dünýä çempionatynyň barşynda türkmen pälwanlary medallaryň 36-syny gazandylar. Ikinji göreş nusgasy boýunça ýaryşlarda biziň watandaşlarymyz umumy toparlaýyn bäsleşiklerde birinji orny eýeläp, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 9-syna we bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.


28.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi, olara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


28.10.2016 | Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

Biziň türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarynyň üçüsinde – guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynda, agyr atletika boýunça dünýä birinjiliginde hem-de taekwondo WTF halkara bäsleşiklerinde jemi 17 medala – dört altyn, ...... kümüş we ...... bürünç medallara mynasyp boldular. Olar bu üstünliklerini Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar.


28.10.2016 | “Altyn asyr” Türkmenistanyň Kubogyny üçünji gezek eýeledi

Daşogşuz, 28-nji oktýabr (TDH). Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary final duşuşygynda “Aşgabat” toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogyny saklap galmagy başardy.


24.10.2016 | Gumdagly ýetginjek türgenleriň ýeňşi

Kabbadi boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Balkan welaýatynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaryşyň baş baýragyna ýer eýeleri --«Bars» toparynyň türgenleri mynasyp boldular. Olar ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda aşgabatly türgenleri 76:19 hasabynda ynamlay ýeňmegi başardylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter