Sport

Sport

09.02.2017 | Olimpiýa şäherjiginiň welotregi ýokary derejeli ýaryşlara taýýardyr

Döwlet Baştutanymyzyň Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň barşynda welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüldi.


09.02.2017 | «Aşgabat-2017» meýletinçiler maksatnamasy badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýletin ýardamçylarynyň işiniň başlanmagy mynasybetli çäre geçirildi.


31.01.2017 | AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Balkan” myhmançylykda “Dordoý” topary bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady.


31.01.2017 | Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleri üçin Açyk gapylar güni geçirildi

Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda Açyk gapylar güni geçirildi. Bu özboluşly çäre şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guraldy.


30.01.2017 | Ýurdumyzyň çempionaty tamamlandy, öňde - dünýä çempionaty

Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.


29.01.2017 | Aziada-2017 maslahaty we gylyçlaşmak boýunça ýaryş

Geçen hepdäniň dynç günlerinde Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Aziada-2017: Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly ylmy-amaly maslahat boldy. “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda bolsa dört güne çeken gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.


18.01.2017 | Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegine bagyşlanylan metbugat maslahaty boldy.


15.01.2017 | «Gyzgalaňly» hokkeý döwri

Sport baradaky döwlet komitetinde Sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda bu guramanyň täze ýolbaşçylyk düzümi saýlandy.


10.01.2017 | Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.


10.01.2017 | Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirilýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter